Monday, March 14, 2016

Nowruz güni, Oguz guni – Oguz güni, Nowruz güni

نوروز گوٚنی، اوغوز گوٚنی - اوغوز گوٚنی نوروز گوٚنی

Türkmen münetjim we pelsewi alym
Ýusup Has Hajyp Iluýgurli
Toronto – Dr. Hangeldi OWNUK,
Şu makalanyň uly bölümi Garaşsyz Türkmenistanyň köp tiražly heptelik metbugaty “Edebiýat we sungat” gazýetiniň 2005-nji ý., sanynda “Nowruz günini”, “Oguz güni” baýramçylygy diýilip atlandyrylyş teklipi bilen goýberildi.
*********
Adamzadyň taryhynda bahar baýramçylygy hakynda dürli rowaýatlara gabat gelýäris.
Ol hakda ilkinji ýazgy maglumatlary “çüý” görnüşde ýazuw döreden “Sümer” kowmuna degişli bolup durýar. Sümerşynaslaryň pikirine görä, Sümerler Orta Aziýadan, ýagny Türküstandan Beýnul-nähreýn /haezirki Yrak/ ýurtlaryna ýaýrap, ol ýerleriň ilkinji jemgyýetçilik medeniýetini döreden, kowum bolupdyrlar.Ylmyň çaklamasyna görä, sümer medeniýeti türkmen halkynyň gadymy medeniýetine degişli hasap edilýär. Ölaryň gepleşik dili türki diller topary bolupdyr. Şonuň üçin bahar baýramy däbiniň ilkinji dörän ýeri Türküstanda, türki dilli kowumlarynyň arasynda bolupdyr dimäge takyk esas döreýär. Sümerler “manzar” ýagny planetara medeniýetiň esaseynda, belli däpleri ýöerdipdirler. Olar bu güni “A-Ki-til” diýip, atlandyrypdyrlar. “Til” sözi sümer dilinde “ýaşaýyş”, “täze dogluş” manyny aňladypdyr. “Til”-“Dil” sözi “ýürek” manysynda gelip, ýaşaýyş, diriligi aňladyş häsiýetinde klassiki /Magtymguly/ edebiýatymyzda işledilyär.
Ýomut türkmenleriň arasynda Balkanabatda Nowruz Baýramy
Nowruz baýramçylygy ähli musulman ilatlarynyň arasynda deň derejede ahmiýetli bolup, onuň gelip çykyşy hakynda aýdylanda welin, ol türki halklarynyň arasyndan ýaýrandygy barada taryhy-ylmy çeşmeler subut- nama berýär.
Taryh we jemgyyetçilik ylymlary nowruzyň gelip çykyşyny adamzadyň ilkinji medeniýetiniň başlangyçlary bolan Sümerlere degişlidigini nygtaýar. Sümer medeniýetiniň ilaty örän hojalykçy we ekerançylyk bilen meşgul bolandyklary sebäpli, ekiş möwsümleriniň wagtyny bellemek üçin ýagny ekiş, yetişdiriş we hasyl alyş wagtlaryny taýyn etmek bilen gün sanawyny görkeziji kalendaryň zerurlygy ýüze çykypdyr. Dünýäniň ilkinji dörän “Owur(Urk)” şäheriniň sümer ilaty özlerine niýetlän “Zigorat” ybadathanalarynda astronomiýa merkezlerini döredipdirler. Olar şol merkezlerde wagt görkeziji “sagat” döredipdirler. Şol bir wagtyň özünde gije bilen gündiziň deň derejede gelip durýan senelerini hem tapypdyrlar. Bu astronomiýa merkezinde ýedi sany ýyldyzyň hereketdedigini açypdyrlar.
Şeýlelik bilen olar ilkinji gezek eýýamlary hepdelere bölüp şol ýedi ýyldyzyň ady bilen hepdäniň ýedi günini atlandyrypdyrlar. Şol atlandyryş käbir gadymy milletleriň dilinde henize çenli galypdyr. Mysal üçin: 1. “Sunday” sözi eger-de “sun” sözi asmandaky güne diýlen bolsa, “day” sözi aýlanyp duran gün senesini aňladyp, birinji gün “ýekşemme” gününe diýlipdir.
2. “ Monday” ýagny “Aý gün” , 3. “Mars” güni 4. “Atarad” güni (Atarad ýyldyzyň adyna berilen), 5. “Žopiter” güni, 6. “Zöhre” güni 7. “Saturan” güni.
Ýyldyz atlary bilen atlandyrylýan hepde güleriniň süşmegi, şol ýyldyzlaryň öz hakyky düzgüni boýunça tertiplendirilmändir. Onuň sebäbi şol bir asyryň özünde münetjimlik enjamlarynyň başlangyjdygy hem hasaplaýyş ylymlarynyň entäk pes derejede bolandygy bilen düşünip bolýar.
“Sümerlerde dört sany esasy hudaý bolupdyr. Olar: 1. Asman hudaýy ýa-da Gök Taňry (Ata hudaý), 2. Ýer taňry (Ene hudaý), 3. Howa taňry (Ol ýokarky iki Taňrynyň perzentleri) diýlip hasaplanypdyr. 4. Teriň deňizleriň hem golastyndaky suwlaryň Taňrysy,”
Şeýle ynamlar bilen her hepdäniň adyny şolaryň biriniň ady bilen atlandyrypdyrlar. Şol dört Taňrynyň ady bilen atlandyrylan dört hepde bir aýy döredipdir.
Şeýlelikde olar ýyl möwsümlerini hem dörde bölüp, dört pasyly häsiýetlendiripdirler. “Sümerler nowruz güni baýramçylyk edip, şol gün patyşa “Tomus (Tomz)” lakamy bilen döreýişiň ülňüsi hökmünde orta çykypdyr. Ol “In nana” Ya-da “söýgi” ybadathanasyndaky dindar gyzy bilen nikäleşipdir.”
Şeýle ynamlaryň aňyrsynda toprak bilen zenan maşgalalarynyň öndüriji gurbynyň güýçlenmegini niýet edipdirler.
Mehr-u-mähäpbet hem adalat we dogryçylyk perişdesi täze ýylyň ilkinji güninden jemgyýetiň ýagşy-ýaman pygyllarynyň hasaplaryna ýetişiklik edipdirler. Şeýle hasap-hesip düzgünlerini geçirilende perişdäniň äri birenäçe şaýatlary bilen ol ýerde güwä geçipdirler.
Oba-uluslaryň ýaşuly ýaşaýjylary her täze ýylda dürli sowgatlary bilen şähere gelipdirler. Şeýle prosesleriň esasynda Sümerleriň üsti bilen Orta Aziýadan Beýnul-nähreýn ülkelerine çenli ýaýradylan nowruz baýramy, soňlarda Akeddilere we olaryň üsti bilen Babil we Aşury ilatlarynyň döwrüne çenli rowaç tapyp bellenilipdir.
Nowruz baýramy, Oguz baýramy hökmünde Türkmenleriň arasynda
Sümerlerden alynyp gaýdylan medeniýet, soňlarda Huzistan we Pars ülkelerinde-de ýashaýan Ilami ilatlaryna-da täsir galdyrypdyr. Ilamileriň 2 sany uly toý- baýramçylygy bolupdyr.

1. Nowruz baýramy bilen gabatlaşdyrylyp bellaenilýän “Arpa-bugdaý baýramy”.

Bu baýramçylyk adat boýunça türkmenleriň gadymdan bellenilip gaýdylan “Hasyl toý” ýa-da “Bugdaý toý” bilen däpdeş bolup durýar. Hsyl berýän ösümliklere niýetlenilip tutulýan toý-baýramçylyklar türkmenlerde hemişe bellenilipdir. Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanda “Gawun baýramy” we “Hasyl baýramy” ýurt öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ýokary galdyrylyp dabara biln bellenilýär. Bu däp-dessurlaryň köki halkymyzyň gadymy taryhyna degişli bolup durýar. Bu däpler häzirki döwürlere çenli türkmenlerde saklanyp galypdyr.

2. “Üzüm” ýa-da “Şerap” baýramçylygy “Mehrigan” baýramy bilen aralaşypdyr.

Bu baýramçylyklaryň ikisinde-de gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabatlaşdyrylypdyr. 1733—1796-njy ýyllarda ýaşap geçen Şahyr Isfihanynyň musammet-muhammes ölçeginde düzen goşgysynda bu gün hakda şeýle setirleri beýan edýär:

نوروز فراز آمد با اختر پيروز،
با اختر پيروز فراز آمد نوروز،
گشتند برفتار يک اندازه شب و روز،
شد مهر به بيت الاشرف ای ماه شب افروز،
وقت است که گيری ره بوستان و گلستان."
Transkripsiýasy:
Nousuz färaz amäd ba ähtär-e-piruz,
Ba ähtär-e-piruz färaz amäd nouruz,
Gäştänd beräftar ýek ändaze şäb-o-ruz,
Şod mehr be beýteläşraf eý mah-e şäb äfruz,
Wägt äst ke giri rähe bustan-o-golestan.

Terjimesi:
Nowruz geldi hemrasy ýeňiş ýyladyz,
Ýeňiş ýyldyz bilen geldi ol nowruz,
Adatça deňeşdiler, gije we gündiz,
Belent käbäň üstünde gün, eý eziz,
Gitmek wagty boldy bu gülistana.

Umuman Sümerleriň täsir sferasyndan medeniýetleşen şol bir eýýamyň özünde gülläp ösen görnükli Ilam medeniýeti adamzadyň taryhynda uly orna eýe bolupdyr. …
Seljukly türkmen nesilşalygynyň patyşasy soltan Mälikşanyň döwrüne çenli Eýranda nowruz baýramçylygynyň gün tertibi belli bir senä düşmändir.
Baýramçylygyň bellenýän senesi her ýylda çalyşyp ýerb-eýer bolup hatda sasanileriň soňky patyşasynyň adatça nowruz baýramy bilen gabatlaşdyrylyp täç geýinýän senesi, Iýun aýynyň 16-syna düşüpdir. Türkmen patyşasy Jelaletdin Mälikşa Seljuklynyň döwründe, “Jelali” atly kalendary düzedilmek üçin 8 alymdan ybarat “Alymlar Geňeşi” topar seçilipdir. Olaryň arasynda belli şahsyýet Omar Hayýam iň ýaş alymy bolupdyr. Ferwerdin aýynyň 18-nji gününe gabatlaşýan nowruz baýramçylygynyň ýyl dolanşygy boýunça gün tetibi, bu ylmy geňeşde orta alynyp maslahatlaşylýar. Olar ýyl aýlanşygynyň matematika sanawynyň takyk hasabyny çykarýarlar. Şeýdibem senenamada nowruz güniniň belli senesiniň süşmezligi üçin hasabat çykaryp takyklaşdyrypdyrlar. Şol çykarylan karardan beýläk nowruz senesi her ýylda belli bir güne düşipdir.
Türkmen patyşasy soltan Mälikşanyň döwründe “žiç Jelali” ady bilen başlanan senenamanyň ylmy öwreniş işileri soňlarda mongol hanlary Helaku han, Gazan han döwürlerinde dowam edip, onuň iň kämil görnüşi Ulug beýk ady bilen görkezilen “Ulug beýik ziç sene-namasy” diýlip müdimelik galýar.
Türkmenler nowruz baýramçylygynda dürli teatr oýunlary görkezýärler.
Umuman “Jelali: sene-namasy her 350 ýyldan bir gün yza süýşýär. Mesihi hiristiýanlylaryň “Grigori” sene-namasy her 225 ýylda bir gün yza süýşýär. Yagny “Jelali” sene-namasy bilen deňeşdireňde onda nuksanlyk göze görünýär. Emma “Ulug beýik” sene-namasy bolsa her 3000 ýyldan bir gün yza süýşýär. Yagny iň kämil görnüşi şol Ulug beýigiň adyna çykan “Sene-Nama” bolup durýar.…
Ýer şarynyn uly böleginde ýaşaýan türki dili kowumlarda bahar baýramçylygy has ähmiýetli we dürli görnüşde “öguz güni”, “Ergene gün”, “Çagan”, “Ulusyň uly güni” /Ilin uly güni/, “Bozkurt”, “Jyl assiruw” /Ýyl aşyrma/, “Ilk ýaz”, “Ýaňy gün” /Täze gün/ we “Nowruz” ýaly atlar bilen bellidir.
Bu baýramçylyk hakda bize gelip ýeten taryhy çeşmelerde dürli maglumatlar berilyär. Mysal üçin, Hytay çeşmelerinde şeýle yazgylara duş gelýäris: “Biziň eýýamymyzdan ýüz müň ýyllyklarda Nowruz aýynyn 21-nji güni gun /Hun/ turkmenleri daglaryn eteklerine çykyp, bahar baýramçylygyny baýram edip belläpdirler. Bu däp-dessurlar soňabaka uýgurlarda dowam etdirilip, ol şu günlere çenli türki dilli ilatyn arasynda saklanyp galypdyr”.
VIII asyrda hytaýly alym Tesi-ma-çyýan “Şi-çi” atly kitabynyň “Hun tezkeresi” bölüminde şeýle maglumatlary beýan edipdir: “Täze ýyl hasaplanýan nowruz aýynda Hun türkmenleriniň ähli ýaşululary “Çan-un” atly meýdana ýygnanyşyp, öz däp-dessurlary boýunça şagalaň edip, dürli gutluk haýyr-dogalaryny berjaý edipdirler.”Şeýle hem Alp Arslan (Awgust) aýynda, ýagny, Hunlaryň bäşinji aýynda “Lung-çeng” atly ýerde ýygnanyşyp, Gök Taňra, suwa we topraga, bagyşlanyp onuň hormatyna gurbanlyk çalypdyrlar, dabaraly däp-dessurlary ýerine ýetiripdirler”.
XI asyrda belli alym Mahmyt Kaşgarly “Diwan-i Lugat it-turk” atly meşhur eserinde şeýle belläpdir: “Türki kowumlar “täze ýyl” sözüniň deregine “Ýeni gün”, ýagny, “Täze gün” söz jümlesini ulanypdyrlar. “Nowruz” sözi türkmenleriň edebiyatynda Alyşir Nowaýynyň eserinde hem gabat gelýär.
XI asyrda belli alym Al Biruny ““Nowruz” täze ýylyň başlangyjy” diýip ýatlaýar. Onuň aýtmagyna görä, Täze ýyl dabarasy türkmenleriň we Orta hem ýakyn Aziya kowumlarynyň arasynda örän ýörgünli bolupdyr. Ýene-de Orta asyryň belli alymy hem-de görnükli döwlet işgäri Nyzamulmülk öz meşhur “Syýasatnama” eserinde Täze ýyl dabarasynyň türki halklaryň arasynda ýörgünlidigini belläp geçýär. Şolaryn arasynda Oguz güni hakdaky rowaýata ünsüňizi çekesimiz gelýär. Türkmenleriň taryhy rowaýatlarynda, Oguz han Türkmeniň garşydaşlaryny ýeňen güni täze gün hökmünde ykrar edipdirler.
Oguz han Türkmen hakyndaky rowaýatda hem-de “Jame ettawaryh” kitabynyň 29-njy sahypasynda şeýle rowaýata gabat gelinýär:
“Türkmenler Nuh pygamberiň ogly “Ýafesiniň neslinden gelip çykýar.” Olar Gündogara tarap geçýärler. Şonuň üçin olary “Abulje” diýip hem atlandyrypdyrlar. Olar “Ortak” we “Kürtak” ýurtlary ýaýlag hökmünde saýlap, Kursak, Kakýan, Garagum, Talas we Garasyrym ýaly ýurtlarda bolsa, gyşlak hökmünde otyrypdyrlar”. Abulje handan Dipbakun atly bir perzent dünýä inýär. “Dip”-tagt manysynda, we “Bakun” –“Kowumyň beýgi” manyda gelýändir. Ondan dört perzent dünýä inýär. Şolaryň biri “Garahan” bolup, ondan bir perzend dünýä inip, onuň adyna “Oguz” dakypdyrlar.
Oguz han dünýä gelende, baglar gül açyp, daragtlar we ösümlükler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär. Dünýä ýüzüne gudratly şowhun ýaýraýar.
Ençeme ýyllardan soň edil şol möwsümde Oguz han Türkmen, duşmanlaryny ýeňip, Talas şäherinden Buhara şäherine çenli aralygy eýeleýär.
Şondan soň şol ýeňişiň hormatyna, her ýyl şol güni dabaraly baýram edilip we ýörite däp-dessurlar ýerine ýetirilip, oňa “Oguz güni” diýip at berýärler…
Türkmenler Yslam dinini Kabul edenlerinden beýläk musulmançylykda ulanylýan kalendary türkmenleşdirip peýdalanypdyrlar. Ol calendar Muhammet Pygamberin Mekge şäherinden Medine şäherine göçen gününden, ýagny, hijret eden gününden başlanýar. Şonun üçin ol kalendara “Hijri” ýyl hasaby diýlipdir. Hijri ýyl hasabyny bir bada aý şarynyň ýeriň daşyna doly aýlanmagy bilen bagly bolansoň, “Kamary” sözüni hem artdyryp oňa “Hijri-Kamary” ýyl hasby diylipdir. Emma ýer şarynyň güniň daşyna doly aýlanmagy bilen oňa “Hijri Şemsi” ýyl hasaby diýlip kesgitlendirilipdir.
Kamary ýyl hasaby bolsa, her ýyl 10 gün şemsi ýyl hasabyndan kem gelýär. Şonuň üçin kamary ýyly her 30 ýyl şemsi hasabyndan bir ýyl yza süşýär.
Nowruz güni bolsa, şemsi ýyl boýunça onuň ilkinji aýynyň birinji güni bilen täze ýylyň başyna dogry gelipdir.
Elbetde, Nowruzyň täze ýyla gabat gelişi hasabynyň Oguz eýýamyndan başlanandygyna takyk esaslar bar. Ol kesgitleme hasaplar aýyň we ýylyň atlary Oguz türkmenleriniň dilinden Ahamenitleriň (Hähamänäşileriň) döwründe Günorta Eýrana ýagny fars ülkelere çenli ýaýrap hasaba girizilipdir.
Oguz hanyň döwründen bäri türkmen halkynyň nesilme-nesil alnyp gaýdylan ýyl sanawy hem bolupdyr. Bu has gadymy döwürlerden başlanan ýyl sanawynda aýlaryň we hepdäniň günleriniň atlandyrylşyna çenli turkmen dilinde bellenilipdir. Bahar baýramy barada ýene-de “Ilki ýaz baýramy” ýa-da “Bukukagan” we “Ýaňadan dogulyş” rowaýatyna Uýgur çeşmelerinde-de gabat gelse bolýar. Bu rowaýatda aýdylyşyna görä, Orhun derýasynyň Toia we Selenka atly iki sany şahamçasynyň guýýan ýerine “Kam-laçuw” diýlipdir. Bu iki derýanyň aralygynda gurap galan iki sany uly daragtyň arasynda dörän deräniň içinden bag köklerinden eklenip oturan bäş çaganyň dünýä gelişi hakda gürrüň gidýär.
Ol çagalara “Sonkurtekin”, “Goturtekin”, “Tüktekin”, “Urtekin” we “Bukutekin” diýlip at goýupdyrlar. Altaý türkmenleriniň döwründen bize gelip ýeten “Aý-zit” baýramy häzirki döwürde ýoýlan görnüşinde “Aýterek-günterek, bizden size kim gerek…” atly oýnuna meňzeş bolupdyr. Bu baýram Bahar paslynyň başlanan güni bellenilipdir. Bu baýramçylygyň dabarasyny, däp-dessurlary boýunça ak geýnen şamanlar alyp barypdyrlar. Şamanlar adamlaryň arasyndan 7 sany ýaş oglan bilen 7 sany ýaş gyzy saýlap, iki tarapynda hatarlap duruzypdyr. Onsoň olary özi bilen “Aý-zit” buthanasyna alyp baryp, şol ýerde olara toý-tomaşa gurapdyrlar.
Umuman “Nowruz baýramçylygy bahar paslynyň birinji güni we Täze ýyl hökmünde X asyrdan bäri Seljukly türkmenleriniň arasynda giňden bellenilip gaýdypdyr.
Bu baýramçylyk Garaşsyz Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Owganystanda, Eýranda, Türkiýede, Häzirbeýjanda we beýleki birnäçe ýurtlarda has dabaraly alynyp barylýar. Goý, täze ýyl her bir öýe şatlyk we rysgal getirsin. Türkmenistan respublykasy öz Garaşsyzlygyny eýe bolandan soň, aý atlarynyň adyny üýtgedilipdi. Bir näçe ýyl şol atlandyrylyş esasynda ýazgylar goýberildi. Aşakda milady aýlarynyň gabatlaşýan türkmen aýlarynyň adyny berilýär:

• Январь (Ýanwar) — «туркменбаши» (Türkmenbaşy aý),
• Февраль (Fewral) — «байдак» (Baýdak aý, «месяц знамени»),
• Март (Mart) — «новруз» (Nowruz aý, в честь восточного Нового года),
• Апрель (Aprel) — «гурбансолтан-эдже» (Gurbansoltan aý, в честь матери президента),
• Май (Maý) — «махтумкули» (Magtymguly aý, в честь великого тюркского поэта Махтумкули, классика Туркмении),
• Июнь (Iýun) — «огуз» (Oguzhan aý, в честь Огуз-хана — прародителя ветви тюрков — огузы, к которой относятся туркмены),
• Июль (Iýul) — «горкут-ата» (Gorkut aý, герой туркменского эпоса),
• Август (Awgust) — «альп арслан» (Alp Arslan aý, туркменский полководец),
• Сентябрь (Sentýabr) — «рухнама» (Ruhnama aý, книга Туркменбаши),
• Октябрь (Oktýabr) — «гарашсыслык» (Garaşsyzlyk aý, «месяц независимости»),
• Ноябрь (Noýabr) — «санджар» (Sanjar aý, исторический деятель Туркмении),
• Декабрь (Dekabr) — «Битараплык» (Bitaraplyk aý, «месяц нейтралитета»).
Dr. Hangeldi OWNUK- Toronto
---------------------------
Çeşmeler:
1. Älvah-e Sowmeri, fäsl-e 12, säfhe=ýe 158
١. الواح سومری، فصل ١٢ ، صفحھ ١۵٨
2. Älvah-e Sowmeri, fäsl-e 23, säfhe-ýe 265
. ٢. الواح سومری، فصل ٢٣ ، صفحھ ٢۶۵

No comments:

Post a Comment