Sunday, September 18, 2016

'Myhmany az' Aşgabatda $2,2 milliardlyk aeroport açyldy

Новый аэропорт в виде
сокола в Ашхабаде, Туркменистан
Azat Radiosy: 00:42 /00:42 Aşgabatda şu gün bahasy iki milliard amerikan dollaryndan hem geçýän täze halkara aeroport açylyp, ulanmaga berildi diýip, Orsýetiň «Nowosti» habar gullugy ýazýar. Türkmen telewideniýesi 16-njy sentýabrda türkmen lideriniň bu dabara daşary ýurtlardan Aşgabada gelen biznes wekillerini hem çagyrandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aeroportuň açylyş dabarasynda sözlän sözünde täze aeroportyň iň döwrebap aerougrukdyryş tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandygyny we kontinent hem kontinentara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berjekdigini aýtdy.



Aşgabadyň täze aeroportyna açylyş dabarasynda, esasy ýolagçy terminalynyň üçeginde şekillendirilen iň uly haly göli ornamenti üçin Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasy hem gowşuryldy.
Aýdylmagyna görä, bu ornamentiň ölçegi 705 inedördül metrden ybarat.
AP habar gullugy, “az myhmanly” atlandyrmak bilen, Türkmenistanyň uçýan laçyn şekilindäki täze terminalynyň bahasynyň $2.3 milliarddygyny habar berýär.
Şeýle-de bu habar gullugy täze uçar menziliniň her sagatda azyndan 1600 ýolagça hyzmat hyzmat etmäge niýetlenendigini aýdyp, Türkmenistandaky berk wiza düzgünleri zerarly bu ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň juda azdygyny ýatladýar.
Türkmen paýtagtyndaky täze aeroporty Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasy gurdy.
Ozal bu kompaniýa Aşgabatda Bitaraplyk diňini (Halk içinde "Üçaýak" diýlip atlandyrylýar), Olimpia şäherçesini, Aşgabadyň telewizion diňini, Türkmenbaşydaky halkara aeroporty gurupdy diýip, rus habar gullugy ýazýar.
«Polimeks» gurluşyk kompaniýasynyň saýtynda berlen maglumata görä, täze aeroport türkmen döwletine 2,2 milliard dollara düşüpdir.

No comments:

Post a Comment