Tuesday, December 20, 2016

Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi öldürildi

Andrey Karlow
Ankara - Azatlyk Radiosy:
Gyrgyz ilçisi: Biz Karlowyň ýanyndadyk - Türkiýäniň we Orsýetiň resmileri Orsýetiň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowyň 19-njy dekabrda Ankarada surat sergisinde atylyp öldürilmegi bilen bagly hadysany derňemegini dowam etdirýärler.
Orsýetiň derňewçiler topary 20-nji dekabrda Ankara bardy. Türkiýäniň resmileri Karlowy atyp öldüren polisiýa ofiseri Mewlut Mertiň ençeme garyndaşyny tussag edendigini mälim etdi.
Media maglumatlaryna görä, Orsýetiň ilçisi Karlow Ankarada Modern sungat merkezinde “Orsýet türkleriň gözi”bilen atly fotoserginiň açylyş dabarasynda çykyş eden wagtynda ot açan hüjümçi arapça: "Biz Muhammet pygambere jihäde amal etmäge söz berendiris. Allahu ekber! Bu Aleppo üçin jogapdyr. Bu Siriýa üçin jogapdyr. Bu Aleppo üçin jogapdyr. Bu Siriýa üçin jogapdyr" diýip gygyrypdyr. Ol soňra türkçe: "Siz biziň ýerlerimizde eden ähli işleriňiz üçin jogap berersiňiz. Biz howply ýagdaýda ýaşasak, siz hem howp astynda bolarsyňyz. Gidiň, öz ýerleriňizde boluň. Bu ýerden diňe meniň jesedim çykar" diýip gygyrypdyr.
Hüjümiň netijesinde ýene üç adamyň ýaralanandygy, hüjümçiniň atylyp öldürilendigi habar berildi.
Orsýetiň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlow (sagda), Gyrgyzystanyň
Türkiýedäki ilçisi Ibragim Žunusow (çepden ikinji), Ankara, 19-njy dekabr, 2016

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu hüjüme “terrorçylyk akty” hökmünde seredýändigini mälim etdi.
Azatlyk Radiosy Ankaradaky bu hüjümiň şaýady bolan Gyrgyzystanyň Türkiýedäki ilçisi Ibragim Žunusow bilen söhbetdeş bolup, ýagdaýyň jikme-jikleri barada gürrüň bermegi sorady.
Ibragim Žunusow: Men, Özbegistanyň ilçisi we jenap Karlow üç bolup gepleşip durduk. Karlowa söz berdiler, biz tribunanyň golaýynda durduk. Biziň ýanymyzda bir ýigit ýördi. Men ol howpsuzlyk gullugyndandyr öýtdüm. Emma Karlowyň çykyş edip başlanyna iki minut geçmänkä ot açyldy. Ok atan adam “Allahu ekber” diýip gygyrdy we hemmä aşak garap, ýerde ýatmagy buýurdy. Kimdir biri gygyrypdy, kimsi ýere ýatmaga çagyrypdy. Biz golaýda, ilçiden üç-dört metr aralykdadyk. Biziň ählimiz ýere ýatdyk. Adamlar iki ýana ylgap başladylar, hüjümçi, bolsa biziň gymyldaman ýatmagymyzy talap edip gygyrdy. Soň ýene ok atyşyk başlandy. Biz daşary çykyp ýetişdik, bizden soň adamlary jaýyň daşyna goýbermediler.
Azatlyk Radiosy: Ejir çekenleriň arasynda gyrgyzystanlylar barmy? Ibragim Žunusow: Ýok. Biz ol ýere diňe sürüji bilen barypdyk. Esasan, ol ýerde Orsýetiň ilçihanasynyň myhmanlary we Türkiýäniň raýatlary bardy. 150-den gowrak adam. Olaryň ählisi jaýdan çykyp ýetişmedi. Hüjümçi hemmäniň gymyldaman ýatmagyny talap etdi. Kimdir biri aýagyma urdy, menem ýere ýykyldym, emma soň hüjümçiniň ok-därisiniň gutarandygyny görüp, binanyň daşyna çykmak kararyna geldim.