Tuesday, January 17, 2017

12-nji Fewralda Geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Saýlawlara Dalaşgärleri Bellige Almak Tamamlandy

Türkmenistan_HDP-synyň jaýi
TÜRKMEN HABAR GULLYGY: 17-nji ýanwarda saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň nobatdaky möhüm tapgyry—Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. 12-nji fewralda döwlet Baştutany wezipesine geçiriljek saýlawlara dalaşgärleriň 9-sy resmi taýdan bellige alyndy.
Olaryň hatarynda Demokratik partiýadan—Türkmenistanyň häzirki Prezidenti G.M.Berdimuhamedow; Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan — “Rysgal” paýdarlar - täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atalyýew; Agrar partiýadan—Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy D.Orazow bar.

Bulardan başga-da dalaşgärleriň 6-sy raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlendi. Olaryň hatarynda Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary J.Annaýew, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory R.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary M.Gurbanow, Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilow, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory S.Nurnepesow, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary M.Annanepesow bar.
Ýokary döwlet wezipesine bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine milli kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, teleradioýaýlymlarda, metbugat serişdelerinde çykyşlary guramak üçin birmeňzeş hukuklar we mümkinçilikler berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dowam edýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň tarapyndan milli synçylary bellige almak geçirildi. Olar şu pursatdan başlap, saýlawlara syn etmek işlerini alyp bararlar. Tutuş ýurdumyz boýunça häzire çenli synçylaryň 3223-si bellige alyndy. Olaryň hatarynda 610 adam Demokratik partiýanyň, 336 adam Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 407 adam Agrar partiýanyň, 687 adam Kärdeşler arkalaşyklarynyň, 279 adam Zenanlar birleşiginiň, 509 adam Ýaşlar guramasynyň, 321 adam raýatlaryň teklipçi toparlarynyň, 74 adam-Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň wekilleridir. ...

No comments:

Post a Comment