tag:blogger.com,1999:blog-24337820.post8755713850721831715..comments2022-10-25T04:22:56.588-07:00Comments on «« САРСМАЗ ☮ SARSMAZ »»
«« سارسماز »»: T A R Y H - - - - تـــا ر یـــخilgerek.blogspot.comhttp://www.blogger.com/profile/11610272198205634811noreply@blogger.comBlogger1125tag:blogger.com,1999:blog-24337820.post-12423970919213568012007-12-23T21:27:00.000-08:002007-12-23T21:27:00.000-08:00- Ajap bolgaý, düşlesek düşläýeliň…-diýipdir.Keniz...- Ajap bolgaý, düşlesek düşläýeliň…-diýipdir.
Kenizler aýak çekipdirler-de, hyzmata taýyn bolup durupdyrlar. Çaý-çörek iýip-içilenden soň, aýdym aýdyp, raks oýnap, şa gyzynyň gamgyn göwnüni açypdyrlar. Aýdym-saz diňläp heziller edinen Gülaýym az salym irkilmekçi bolup, kellesini ýassyga goýanda bir ýerlerden:
- Mar-u, Şah-u, Jahan-a! – diýen sesi eşidipdir.
Ol ses üçünji gezek gaýtalananda:
- Şu ýerde bir zenan sesi bar. Nökerlere aýdyň, derrew bu ýere alyp gelsinler – diýip, buýruk beripdir.
Nökerler otuz bäş – kyrk ýaşlaryndaky bir zenan maşgalany öňlerine salyp gelipdirler.
Gülaýym gyz ol aýala edep bilen salam berip, onuň bu çöl beýawanda “Maru Şahu Jahan” diýip, gygyryp ýörmeginiň sebäbini sorapdyr.
Onda ol aýal:
- Maru, Şahu, Jahan meniň üçem balalarymyň ady, siziň nökerleriňiziň at aýagynyň sesini eşidip, tozany görüp biynjalyk bolup, olary ýanyma çagyrypdym – diýende,
Gülaýym:
- Ene jan, çagalaryňa beýle at goýupsyň, belki gürrüň berersiň – diýipdir.
Şonda ene öz ykbaly barada şeýle gürrüň beripdir:
- Men ýaşlygymdan Pälwan diýen bir goç ýigide göwün beripdim. Emma galamyzyň hany hem maňa aşyk bolup, özüne dördünji aýal edinip almakçy boldy. Razy bolmadym, Pälwan bilen durmuş gurdum. Päli-niýeti paşmadyk han: “Görmäýinem-köýmäýinem” diýip, bizi ýurtdan çykaryp kowdy. Şonda biz şu derýanyň kenaryna gelip, mekan tutunyp ýaşaberdik…
-Günleriň birinde basym dünýä injek perzentlerine göbegene gözläp ýola çykan Pälwanymyň ýoluny bir äpet aždarha kesipdir. Aždarha bilen başa-baş söweşme üçin atdan düşenden aždarha atyny diriligine ýuwdupdyr. Bokurdagyna atyň tegek bolanyndan peýdalanan Pälwan gylyç bilen aždarhanyň kellesini alypdyr. Janhowluna urunýan aždarhanyň guýrugynyň zarbyndan meniň Pälwanym hem dag gaýdan ýaly bolup ýykylypdyr. Men biçäre birden aýylganç gygyrypdyryn. Şol wagt hem iki ogul bir gyz dünýä inipdir. Dünýäde iň uly aždarhany ýeňen Pälwanymyň hatyrasyna çagalarymyň adyna Maru, Şahu we Jahan diýip at goýdum. Ine, şondan bäri hem şu bereketli topraga tagzym edip, Pälwanymyň hatyrasyny saklap ýaşap ýörün. Bu ýerlere çöl-beýewan diýer ýaly däldir. Bu ýerler durşuna bereketdir. Bu topraga taşlan tohumyň müň bolup hasyl berýär…
- Han-ha, alysdaky seleňläp görünýän bagy-bossanlykda meniň külbäm bar. Myhmançylyga baryň… - diýip, biçäre sözüni tamamlan badyna, şa gyzy Gülaýym ýerinden ör tutup, töweregi synlap durşuna:
- Hakykatdan hem, bu ýerler ajap ýerler eken. Bu ýerde galalar saldyryp, şäher gurdurmak gerek. Goý, bu ýerde ýaşan adamlar bol-elinlikde ýaýnap ýaşasynlar! – diýipdir.
Soňra bu ýerde şäher saldyrmak üçin atasyndan rugsat sorap, hat ýollapdyr.
Şazada gyzyň hatynda aýdany hasyl bolup, az salymyň içinde ol ýerde galalar dikeldilip, ullakan şäher salnypdyr. Gurluşyk tamamlanandan soňra ýedi gije-gündiz toý tutupdyrlar.
Şol toýda şa gyzy Gulaýym halaýyga ýüzlenip:
- Eý, halaýyk, elleriňize güller bitsin! Iş bitirip bildiňiz! Goý, bu şäher birek-birege wepadarlygyň şäheri bolsun! Goý, bu şäher ynsanperwerligiň, agzybirligiň şäheri bolsun! Goý, bu şäher bagy-bossanlygyň, bereketiň şäheri bolsun! Bu şäheriň ady hem Maru-Şahu-Jahan bolsun! – diýipdir.
Web Resource: G Y B A T ilgerek.blogspot.comhttps://www.blogger.com/profile/11610272198205634811noreply@blogger.com