Tuesday, January 15, 2008

B E Y A N N A M A - - - بــیــا ن نــــا مــــه

Article an English language
Daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmen Köpçiliginiñ Beýannamasy
Biz daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriñ bir topary bolup 2008-nji ýylyñ 6-njy ýanwarynda ýörite, Hesametdin Hadywaryñ, Deñzi Goraýan garawullary tarapyndan 2007-nji ýylyñ 27-nji dekabrynda öldürilmegine protest bildirip, Çapakly we Bendertürkmende bolan wakalar barada ýörite duşuşyk geçirip şeýle karara geldik:
  Hazar deñziniñ ýakasyndaky obalarıñ köpüsinde işsizlik höküm sürýär. Balykçylyk bolsa ilatyñ ýeke-täk güzeran çeşmesi bolup durýar. Her ýylda diýen ýaly deñzi goraýjy garawullar balykçylary oka tutýar we beýle ölüm-ýitimler bolsa dowam edýär. Geçen birnäçe ýylyñ dowamynda ençeme türkmen ýigitleri öldürildi. Bendertürkmen şäheriniñ mejlisdäki wekili Muhammetguly Iri, şu mahala çenli üç gezek mejlisiñ tribunasynda çykyş edip, Bendertürkmende balykçylaryñ bikanun oka tutulýandygy hakynda durup geçip, Içeri Işler we Oba Hojalyk Ministerliklerinden bu barada düşündiriş bermeklerini sorapdyr hem prezidente-de hat ýollap wakany oña duýdurypdyr. Ýöne bulara garamazdan Deñzi Goraýan güýçleriñ bikanun işleri dowam edip gelýär. Onuñ soñky mysaly bolsa Hesametdin Hadywaryñ öldürilmegi we onuñ yzýany dörän wakalardyr.

Duşuşyga gatnaşan biz türkmenler şeýle ynanyarys:
Hökümetiñ Türkmensärada iş alyp barýan resmileriniñ we wezipeli ýolbaşçylarynyñ bu ýerde ýaşaýan ilatyñ güzeranyny sazlaşdyryp, olary iş bilen üpjün etmäge hiç hili ykdysady we sosýal planlary ýok;
Deñzi Goraýan garawullaryñ, balykçylara garşy zabun daraýşy, bikanun hereketleri, eden-etdilik we provokasiýon häsiýete eýe;
Çapakly we Bendertürkmen ilatynyñ nägilelik we protest hereketi, işsizlige we bolup geçýän bikanunçylyga garşy reaksiýa, bir çäre. Bu, halkyñ hukugy talaplaryna we nägileligine äsgermezçilik bilen garalmagynyñ netijesidir;
Protest ýörişlere we aksiýa gatnaşanlaryñ tussag edilmegi akyl-mantaga sygmaýan, logikasiz çäre we biz ony ret edýäris. Ýary gije adamlaryñ öýlerine dökülip, ukuda ýatan adamlary tutup, alyp gitmegiñ dowam edilmegini, olaryñ gynalyp horlanmagyny, ar alyjy we bikanun diýip hasaplaýarys;
Şoña görä biz häkimiýetdäki jogapkär adamlardan şu aşakdak isleglerimiziñ ýerine ýetirilmegini berk talap edýäris:
Hesametdin Hadywaryñ ölümine sebäp bolanlaryñ garşysyna açyk sudda iş gozgalayp, olar kanun we halkara normalar esasynda jezalandyrylmaly;

14-Rahim Shiykh - Taryh okyjy
15-Wekyl Teke - Hukukdan - aklowçy
16-Yakup
Ýurduñ Baş Kanunynda bellenişi ýaly, Türkmensährada iş orunlaryny döretmek üçin jogapkär resmiler we ýerli häkimiýetler ýörite plan düzüp, ony amala aşyrmaly;
Wezipelerinden bikanun peýdalanmaz ýaly Deñzi Goraýan garawullaryñ kanunda belli edilen ygtyýarlyklary esasynda hereket etmeli, bikanunçylyk we eden-etdilige garşy berk çäre görülmeli;
Soñky günlerde Çapakly we Bendertürkmende tussag edilenler, hiç hili şert goýulmazdan azatlyga goýberilmeli.

Duşuşyga gatnaşan biz türkmenler, Hesametdiniñ hossarlaryna duýgudaşlygymyzy bildirýäris. Olaryñ çekip gelýän hupbatlaryny paýlaşýarys. Biz şeýle-de bu neressäniñ ýasyna gatnaşyp, onuñ maşgalasy bilen duýgudaş bolmaklaryny, ildeşlerimizden isleýäris.

Hormat bilen:
Daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenlerin köpçiligi

1- Abdulrahman Garrawy - Rusça-parsça we türkmen dillerining terjimeçisi
2- Akmyrat Gürgenli - Taryh ylymlarynyng kandidaty, žurnalist
3- Annaguly Yinnam - Pedagogik ylymlarynyng kandidati
4- Annamuhommet - Türkmen dil filologiyasy
5- Gylych Teke- Ostade daneshgah
6- Hajy Kor-diş doktor
7- Hangeldi Ownuk- Taryh ylymlarynyn Kandidaty
8- Husheng - Jurnalist
9- M.Besyry - Lisanse taryh
10-Muhammet Devejinejad -doctor
11-Muhommetgeldi Berdi - Etnograf
12-Qiyas Ashiry - Kino rejisior (Kino hünərmeni)
13-Yusup Kor - Engineer irrigation and soil science