Tuesday, March 25, 2008

Eyran Türkmenlerinin 20 -nji asyryn başlaryndaky göreşjen serdary

Allaýar Gurban
Allaýar Gurban
1924-26–njy ýyllarda Türkmensähranyñ azatlygy ugrunda göreşen bu edermen Türkmen serdary barada «Sovet Türkmen Ensyklopediýasynda» yekeje söz-de agzalmaýar.
GURBANOW Allaýar (1888—1957) — Türkmenistanda graždanlyk urşuna aktiv gatnaşyjy. G. Krasnowodsk obl-ynyñ Garrygala r-nynyñ, Gerkez obasynda orta daýhan maşgalasynda dogulýar. 1900 ýyldan soñ öz obasynda ikiýyllyk rus-ýerli mekdepde okaýar. 1913 ýyldan 1917 ýyla çenli oba arçmaynyñ kömekçisi. Beýik Okt. sos. rev-ndan soñ Gerkez oba Sovetiniñ başlyklygyna saýlanýar. 1919 ýylyñ iýunynda oba garyplaryndan gyzyl partizan otrýadyny düzýär we ýerli baýlara, ak gvardiýaçylara garşy göreş alyp barýar. Ol özüniñ 122 esgerden ybarat atly söweşjeñ otrýady bilen Gyzyl Goşun bölümlerine goşulyp, Garrygala, Bamy, Gyzylarbat sebitlerini duşmanlardan doly azat etmeklige, ýurdumyzyñ döwlet serhedini goramaklyga gatnaşýar. 1920 ýylyñ awgustyndan tä ömrüniñ ahyryna çenli Garrygalada Gerkez oba Sowetiniñ başlygy wezipesinde, şeýle hem dürli guramalarda işleýär.
(S.T.E. Tom 2. Sah.401)
Makany ýollan: Akmyrat Gürgenli