Monday, March 17, 2008

NOWRUZ BAYRAMYNGYZ GUTLY BOLSYN !


ýetip gelýän täze 1387-nji hijri ýyl hem gutly bolsun!i
Köneden bellenip gelinýän Nowruz baýramy gutlamak bile ildeşlerimizi ahlisine jan saglyk, we uly üstünlikler arzuw edýaris!iýaz (bahar) pasly ýetip gelmegi bile dogal(tebigat)da başlanýan ýakymly üýtgemeleri, adamlar ir döwürlerden bäri toý tutup, belläp gelseler-de, “tagwym-e Jelaly“ atly kalendar düzülýänçä her ýylda gaýtalanyp duran özgerişleriñ haýsy gün we haýsy sagatda başlanýanlygy bilinmändir. Netijede bu baýram dürli günlerde bellenipdir. Bu mesele ilkinji gezek Jelaletdin Seljugynyñ buýrugy bile, hijri.şemsi (h. ş.) kalendar düzülende ylmy çözülipdir. Şol kalendar boýunça gyşyñ soñunda gije bile gündüziñ deñleşýän wagty ýaz paslynyñ hem täze h.ş. ýylynyñ başlangyjy edilip alynypdyr. Miladi kalendarynda ol gün 21-nji marta gabat gelýär.iBahar paslynyñ başlanmagy bile bu gezek 1387-njy h.ş. ýylyna gadam goýýarys. Täze başlanýan h.ş. ýylyny gutlap, düşümli we üstünlikli ýyl bolmagyny arzuw edýäris!i
Türkmen halkynyň medeni we syýasy ojagynyň koordinatsion şurasy


2008-03-18 /1386-12-28