Sunday, June 01, 2008

Gürgene we Bendertürkmene gezelenç

Halymberdi Ismail
Gürgen esasan 4 gatdan uly bolmadyk jaýlardan ybarat, jeňňelleriň arasynda ýerleşen şäher. Howasy çygly-dymyk. Bu suraty almak üçin Halymberdi aga bizi Gürgeniň iň beýik nokadyna çykardy.

Halymberdi aga ilki bilen bizi öýüne myhman aldy. Onuň dubleks öýi Gürgeniň saýlama böleginde ýerleşýär. Halymberdi aganyň iki ogly bar, ulusy student kiçisi okuwçy. Halymberdi aga käri boýunça inžener-gurluşykçy. Öýünde myhman almak üçin iki şert döredilipdir: ýewropalylar üçin we aziýalylar üçin. Biz ikinjini saýladyk we ajaýyp türkmen halysynyň üstünde aýbogdaşymyzy gurduk. Çaý başynda dürli gürrüňler edildi, esasanam Halymberdi aganyň student ogly bilen «gyzgyn» söhbetler, jedellere girildi. Iň soňunda-da, aýdylyşy ýaly dostluk ýeňdi.
Ikindiden soň biz «Pyragy Medeniýet Merkeziniň» ýolbaşçysy, taryhçy, alym Arazmuhammet Sarly bilen duşuşyp, gürgenlileriň agşamlaryna dynç alýan «Nahor-horan» atly jeňňelli belentliginde gezmeledik. Agşam naharyny iýdik.

Ertesi gün Halymberdi aga bilen Hazaryň kenaryndaky Bender-Türkmen şäherine ugradyk. Biz deňziň kenaryna baranymyzda toý dabarasyna gabat geldik. Ol pursatdan size bir surat.
Suratda beýlekilerden kän bir tapawutlanmaýan ak köýnekli gyz we ýanyndaky kostýumly ýigit öýlenýän çatynjalar. Toýçylar el çarpyşyp, gygyryşyp kenara geldiler. Ýigit we gelin dostlary bilen gaýyga münüp deňze çykýarlar. Olaryň ýany bilen başga bir gaýykda wideoçy olary wideo kamera alýar.
Bizem bir gaýyga «atlanyp» kenardan uzak bolmadyk Aşyr ada diýen ýere ugradyk. Adada ilki bilen bizi ullakan, dişlände dişlän şekilli dişleýän semiz çybynlar garşylady :-) .
Adada ýerleşen restorandaky tagamly balykdan soň, gelen gaýygymyz bilen yzymyza dolandyk.
Benderde biz türkmen ýazyjy-şahyrlaryndan Abdyrahman Ownuk we Setdar Sowgy bilen görüşdik. Benderiň merkezinde Magtymguly Pyraga ýadygärlik oturdylypdyr.
Magtymgula ýadygärlik türkmenleriň oturymly şäherleriniň köpüsinde bar. Gynansak-da olaryň ýerine ýetiriliş derejesi öwerlikli däl.
Agşam Gürgene dolandyk. Myhmanhanada Halymberdi Ismaila eden hyzmatlary üçin taňryýalkasyn aýdyp, onuň bilen hoşlaşdyk. Ertesi biz «Pyragy Medeniýet Merkeziniň» ýolbaşçysy, taryhçy, alym Arazmuhammet Sarlynyň «ygtyýarynda» syhaýatymyzy dowam etmelidik.
Şu makala bilen baglanyşykly Linkler: (1)---(2)