Thursday, September 25, 2008

Aşgabatda ýene bir täze kinoteatr gurulýar.

Aşgabat şäherinde bir ýarym ýyla golaý wagtdan täze häzirkizaman kinoteatry peýda bolar. Özüniň binagärlik çözgüdi boýunça bu özboluşly toplum paýtagtymyzyň merkezinde, «Köpetdag» stadionynyň golaýynda gurlar we Magtymguly şaýolunyň görküne görk goşar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda bahasy ABŞ-nyň 20 million dollaryndan gowrak bolan desgany «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Içkale Inşaat Limited Şirketi» türk firmasy gurar. Eýýäm geljek ýylyň dekabr aýynda täze kinoteatr aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin öz gapylaryny giňden açar.

Taslama laýyklykda kinomerkeziň umumy meýdany 4500 inedördül metre deň bolar. Onuň esasy we iş otaglary ähli parametrler boýunça häzirkizaman dynç alyş ulgamynyň talaplaryna gabat gelýär. Kinoteatr şeýle hem täze kinoproýeksion enjamlar bilen üpjün ediler. Bu ýerde iki sany kinozal — 500 orunlyk uly we 70 orunlyk kiçi zallar bolar. Şonda ikinji zalda görkeziljek filmlere 3D sanly formatda tomaşa edip bolar. Bu format häzir dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýörite äýnekleriň kömegi bilen tomaşaçylar kinony göwrümli şekilde görerler, ýagny özlerini wakanyň içinde ýaly duýarlar. Toplumyň içinde şeýle hem internet-kafe, kitaplar we sowgatlar dükany bolar. Tomaşaçylaryň rahatlygy üçin giň westibýul we garderob göz öňünde tutulypdyr. Taslamanyň özboluşly bölegi—içerki aýlawly howludyr, oňa birinji gatyň ähli otaglaryndan geçip bolýar. Kinoteatryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylar we gök baga büreler. Kino başlanýança tomaşaçylar oňaýly açyk kafede dynç alyp, arassa howadan dem alyp bilerler. Esasy girelgäniň golaýynda dabaraly çäreleri geçirmek üçin meýdança gurlar.
Çeşme: Türkmen Döwlet habarlar gullugy