Sunday, May 17, 2009

Türkmenistanda ýokary bilim-توركمنيستاندا يوقاري بيليم

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň
ýokary okuwdan soňky türkmen
we
halkara bilim ülňüleri boýunça Portaly
Gadyrly myhman,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň ýokary okuwdan soňky türkmen we halkara bilim ülňüleri boýunça Portaly hoş geldiňiz. Şu web saýtyň maksady aspiranturanyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenýän halkara tejribesiniň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtda aspirantura derejesinde okamaga isleg bildirýän Türkmenistanyň talyplarynyň — aspirantlarynyň, ylmy barlaglar boýunça jemgyýetçilikleriň agzalarynyň we mugallymlaryň tejribesiniň esasynda gelýän maglumatlary toplamakdyr.

Mundan başga- da, websaýt Türkmenistanda aspirantura bilimini almak isleýän daşary ýurtly talyplar, ylmy barlag jemgyýetçilikleriniň we bilim boýunça ygtyýarlandyrylan edaralaryň wekilleri üçin bilim boýunça ülňülere we halkara ülňülerine laýyklykda goşmaça bilim almak boýunça giňişleýin maglumatlary almaga mümkinçilik döredýär. Websaýt goşmaça bilim almak boýunça maglumatlaryň dört toplumyndan ybaratdyr. Maglumatlar üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde berilýär.
Türkmenistanda aspirantura biliminiň ulgamy şu websaýtda gözleg ulgamy arkaly alyp bolýan umumy maglumat we kadalaşdyryjy esasdan ybaratdyr. Aspirantura derejesiniň üç tapgyry — master, doktorlykda öňki we doktorlyk derejeleri hem-de okuw meýilnamalary hem anyk beýan edilendir.Mundan başga-da aspirantyň hünür bilimi hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklar bilen bilelikde okuw guramagyň ygtyýarlandyrylan maksatnamalary barada hem maglumat berilýär.
Websaýtda Türkmenistanda ýokary bilim almak barada ähli zerur bolan maglumatlar bardyr. Okuwy goldamak boýunça ulgamlar milli we halkara alyş - çalyşa hem - de okuw maksatnamalaryna degişli maglumatlardan ybaratdyr. Şeýle hem siz saýtda CIMO ýewropa maksatnamasy we beýleki maksatnamalar bilen tanşyp bilersiňiz.
Ýokary geňeş — Tacis ýurtlarynyň saýlanan synyndaky 2008-nji ýylyň aspirantura biliminiň ülňüleriniň synynda Türkmenistanda aspirantura biliminiň ulgamyna meňzeş formatda anyk maglumatlar berilýär. uzak>>>

No comments:

Post a Comment