Tuesday, June 02, 2009

Magtymguly Pyragynyn Hormat Gijesi!

Beýik Türkmen Milli Şahyry we Filosofy, şol hatarda bütin dünýä Türk milletleriniň görnükli şahsiýeti we akyldary "Magtymguly Pyragynyň" 276 -njy doglan güni ýyl dönümi baýramy Toronto şäherinde, Şenbe güni, Maý 30, 2009, 29 St. Dennis Drive ( Library) köçesiniň, Kitaphanasynda Türk Milletleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen uly dabarada, Türk birligi gijesi derejesinde geçirildi.

"Magtymguly Pyragy"-nyň hormat gijesi Canada Türkmenleriniň Umumy Birleşen Merkeziniň tarapyndan Abdulgafur Charýarin, Magtymguly Pyragynyň hakyndaky maglumatlar bilen başlady, soň Kirkuk Türkmenler Jebhesiniň wekili Asif Serttürkmen öz sözleri bilen bu hormat gijesini dowam berdi. Ondan soň Üzbek Türkleriň wekili Fahretdin beý, Ahwazi Arab milletiniň wekili Saleh Abusheref, Turkmen Sahra Turkmenlerin Wekili Hangeldi Ownuk, geplediler. Güneý Äzirbeýjan Türk milletiniň wekilleri: Oktaý beý, Talas beý, Alireza beý, Tugaý beý özlerinin gutlak hatlaryny, Canada Türkmen Merkezine ýetirdiler. Bütin gijäniň dowamynda Güneý Äzirbeýjan Türk milletiniň sungat işgärleri: Hormatly Samat beý we Laleh hanymyň ýolbasçylygynda: Çagalar topary; Alpaý, Sunaý, Şanaý ; Ahmat beý Äzirbeýjan aýdymlary, Araz Dans Topary: Aly beý, Ferhat beý; Laleh hanym ve Semin hanym, Özlerinin gyzykly aýdym - sazlary we dancilary bilen, 100-den gowurak gelen myhmanlara ajaýyp bir gijäni hödirlediler, ýadigär berdiler. Canadaly myhman Montrealdan, ýas Gitarist, Dylen Juliano hem Gitara çalyp,Inglis dilinde aýdym aýdyp berdi. Magtymguly Pyragynyň hormat gijesi Şenbe güni sagat 5.30 dan- 10.30 gijä çenli dowam etdi.

Canada Turkmenleriniň Umumy Birleşen Merkezi
(Universal Union of Canadian Turkmen Community Centre)

No comments:

Post a Comment