Saturday, December 26, 2009

«Ýylyň şahsyýetine» öwrülen gahryman Neda Agasoltan - یئلئنگ شخصیّتینه اؤوریلن قهرمان ندا آقاسلطان


Web resource: Azatlyk Radio
Eýrandaky proteslerde öldürilen Neda «Ýylyň şahsyýeti» diýlip atlandyryldy
Şu gün Britaniýanyň «The Times» gazýeti şu ýylyň iýun aýynda Tährandaky protest çykyşlarynda atylyp öldürilen eýranly zenan Neda Agha-Soltany «Ýylyň şahsyýeti» diýip atlandyrdy.
«The Times» gazeti Eýrandaky prezidentlik saýlawlaryna protest bildirilip geçirilen demonstrasiýada öldürilen 26 ýaşly Neda Agha-Soltanyň eden-etdiliklere garşy duramaklygyň simwolyna öwrülendigini aýdýar.
Hanym Agha-Soltanyň gana boýalan ölüm pursatyndaky suraty şonda internet we beýleki habar serişdeleri arkaly tutuş dünýä ýaýrapdy.
«The Times» gazetiniň bu baradaky makalasynda Neda Agha-Soltanyň şahsyýetiniň Eýranyň režiminiň zalymlygyny hem-de ýurduň oppozisiýasynyň gahrymançylygyny görkezýän özboluşly simwola öwrülendigi aýdylýar.