Sunday, July 18, 2010

“Sähra” gazetiniň baş redaktory bilen söhbet - صحرا غازیتینینگ باش رداکتری بیلن صحبدشلیک

Gaynak: Türkmen sesi- Soňky ýyllarda eýranly türkmenleriň arasynda gazetler, žurnallar we kitaplar köp çykyp başlady.
منبع: تورکمن سسی:
سونقی یئللاردا ایرانلی تورکمنلرینگ آراسئندا غازیت - ژورنال لار و کیتاپ لار کؤپ چئقئپ باشلادی.
Häzirki wagtda resmi taýdan hasaba alnan türkmen metbugatlarynyň sanawyna “Sähra” gazeti, “Pyragy” hem-de “Ýaprak” žurnallary hem girýär.
حأضیرکی واقت دا رسمی تایدان حاسابا آلئنان تورکمن مطبوغاتلارئنئنگ ساناوئندا "صحرا" غازیتی، "فراغی" هم-ده، "یاپراق" ژورنال لاری هم گیریأر.
Azatlyk Radiosy “Sähra” gazetiniň döreýşi we häzirki ýagdaýy barada gazetiň baş redaktory Dr. Abdolrahman Düýeji bilen söhbet etdi.
آزادلئق رادیوسی "صحرا" غازیتینینگ دؤریشی و حأصیرکی یاغدایی بارادا غازیتینگ باش رداکتری د. عبدالّرحمن دویه جی بیلن صحبت اتدی.
Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda owganystanly türkmen, uniwersitet mugallymy Rasihyň “Türkmenleriň taryhy” diýen kitaby barada hem gurrüň edilýär.
آزادلئق رادیوسئنئنگ گرمانیاداقی حابارچئسی طاهیر شیرمحمّدی طرافئندان طاییارلانان "تورکمن سسی" پروگرامّاسئندا اوغانستانلی تورکمن، اونیورسیتت موغاللئمی راسخ ئنگ "تورکمن تاریخی" دیه ن کیتابی بارادا هم گوررینگ ادیلیأر.
Programmany diňlemek üçin sag tarapdaky belginin üstine basyň. ------