Saturday, July 16, 2011

Meşhur türkmen satirigi Poşalak aradan çykdy - مشهور ترکمن یومارچی پوشالاق آرادان چئقدی

Gurbannazar Atakgaýew (Keçpelek) filmindeGurbannazar Atakgaýew "Keçpelek" filminde
Poşalak ady bilen halk içinde giňden tanalýan Türkmenistanyň halk artisti Gurbannazar Atakgaýew uzaga çeken agyr keselden soň 6-njy iýulda Aşgabatda 77 ýaşynda aradan çykdy. Merhumyň jaýy jennetden bolsun.
Atakgaýew 1934-nji ýylda öňki Bäherden etrabynyň Durun obasynda dünýä inýär. Döredijilik bilen ýaşlygyndan gyzyklanyp başlaýar. Atakgaýew geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Daşkendiň Sungat institutynyň aktýorçylyk bölümini tamamlaýar. Ol geçen asyryň 60-njy ýyllarynda türkmen telewideniýesinde režissýor bolup işläp başlaýar we tä 1993-nji ýyla çenli şol ýerde işleýär.

Atakgaýew Poşalak ady bilen il içinde meşhurlyk gazanan artist. 1970-90-njy ýyllar aralygynda Gurbannazar Atakgaýew Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow bilen bilelikde Poşalak bilen Topalak lakamy bilen Magtymguly Myşyýewiň köp sanly satiriki sahnalarynda çykyş etdiler hem halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldular. Bu iki artist diňe bir resmi çykyşlarda däl, toýlarda-da halka hezil beripdiler.
Atakgaýew 70-80-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň taýýarlaýan satiriki sahnalarynda, ylaýta-da “Ýartygulak” satiriki teležurnalynda belli artistler Akmyrat Bäşimow, Tagan Saryýew, Oraz Hojaýew, Ene Allanowa we başga-da köp artistler bilen bile çykyş etdi. Ol sungat äleminiň diňe satira we ýumor žanrynda däl, beýleki žanrlarynda-da ýatda galyjy, täsirli obrazlaryň ençemesini dörertdi. Onuň “Gaýgysyz Atabaýew” filminde döreden bolşewiklere garşy oppozisiýada durýan Ryskulow obrazy köp tomaşaçynyň ýadyndadyr.
Ol telespektakllarda-da köp gahrymanlaryň keşbini janlandyrypdy. Onuň “Ata we ogul”, “Gara bägüller” film-spektakllarynda döreden obrazlary juda şowly çykanlygy hem ynandyryjylygy bilen tapawutlanypdy. Bulardanam başga Atakgaýew filmleri türkmen diline geçirmäge, dublýaža-da köp gatnaşdy. Ol belli syýasatçylary türkmen dilinde seslendirdi.
Garaşsyzlyk ýyllary Atakgaýew berk gadaganlyga düşürildi. Resmi çykyşlary ýatyryldy. Şorta sözeleriniň aşa ýitiligi üçin ony telewizion gepleşiklerdenem gyraklatdylar. Emma, muňa garamazdan, Atakgaýew ýiti hem çeper sözi bilen halk arasynda, toýlarda çykyşyny dowam etdirdi. Ol halky, halk ony söýýärdi.
Atakgaýew öz puluna Durun obasynda metjit gurdurdy. Gurbannazar diýselerem, Poşalak aga diýip ýüzlenselerem, hä berýän Atakgaýew 7-nji iýulda dogduk obasy Durunda jaýlandy. Ýene bir bellenmeli ýagdaý: G.Atakgaýewiň dünýäsini täzeländigi barasynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili maglumat berilmedi.
Meşhur artist, hoşgylaw Gurbannazar Atakgaýew ony tanaýan, oýunlaryna tomaşa eden adamlaryň ýüreklerinde baky ýaşar. 13-nji iýulda merhumyň ýedisi bellenýär. Merhumyň jaýy jennetden bolsun!

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu makalada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Web Gaynagy: Azatlyk Radiosy

No comments:

Post a Comment