Saturday, October 25, 2014

Sultan Jahanşa Garagoýunly Türkmen, Hindistan Han-hananysy Muhammet Baýram Hanyň daýy topary bolupdyr!

Çary Amangeldiýewiň
Eseri Baýram Han
TMTürkmen Medeniýeti (Taryh): Mazmuny: Şahyryň ömri (1497-1561)
Şahyryň ömri, durmuşy. Muhammet Baýram han 1497 -nji ýylda Badahşanda (häzirki Täjigistan) eneden doglupdyr. Onuň ata-babalary Garagoýunly türkmenleriň Baharly kabylasyndan Seýfaly begiň maşgalasyndan bolupdyr. Baýram ýaşka ýetim galyp, atly-abraýly nebereleriniň goldamagy bilen Balhda bilim alýar. Harby tälimlere türgenleşýär. Sefewidler dinastsiýasyny esaslandyran Ysmaýyl Hataýynyň ( 1486-1526) goşunynda gulluk edýär. Ol ata-babalarynyň däbini dowam etdirýär, harby tälim alýar we hökümet, goşun gullugynda özüni tanadýar. Soň timurlar dinastiýasynyň belli hökümdary Muhammet Babyryň goşun serkerdeleriniň biri bolýar. “Baýram özüniň harby hünärleri, gaýduwsyz batyrlygy, söweşlerde görkezen gahrymançylyklary, galyberse-de, öz pähim-parasatly serkerdeligi bilen mongollar hereketi wagtynda uly rol oýnapdyr”.
Onuň harby serkerde hökmündäki at-owazasy, abraýy köşgi sarsdyrypdyr. Şonuň üçin ol tiz wagtdan “köşgüň diregine” - baş wezir wezipesine çenli baryp ýetipdir.
Muhammet Baýram han diňe bir döwrüniň harby tälimlerini kämil özleşdiren serkerde bolany üçin şöhratlanman, eýsem öz ynsançylyk häsiýetleri, meýlishalar ýigit bolanlygy, ajaýyp şahyrlygy üçin-de, uly at-abraýdan peýdalanypdyr - diýip, taryhçylar tekraralaýarlar. Baýramyň we onuň oglunyň töweregini Mir Dosty, Haşym kyssa, Kyblan beg, Molla Şeýdaýy, Muhammetguly Ülpeti, Suwhan beg, Kasym beg-Halaty ýaly köp sanly türkmen şahyrlary, edermen ýigitler gurşap alypdyrlar. Köp meselede ondan tälim alypdyrlar.
Baýram han ynsan üçin möhüm häsiýetlerden söz açyp şeýle diýýär “ Ýaşuly adamlardan eşidişime görä, her bir ýigitde üç sany sypat hökmandyr
1. Häkimleriň ýanynda özüňi alyp barmagy başarmaly.
2. Gary-gasarlaryň göwnünden turup, olara duýgudaşlyk etmeli.
3. Alymlaryň ýanynda aýtjak sözüňi bilip aýtmaly.
Muhammet Baýram hanyň daş sypaty, Ol orta boýly, bugdaý reňk, hemme agzalary jaýba-jaý, mertebeliligi merdemsi ýüzünden görnüp duran peşeneli ýigit bolupdyr.
Muhammet Baýram han töweregindäki adamlary halys wepadarlyk, kämil mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Özi-de şeýle häsiýetlere ýugruln şahs bolupdyr. Şu jähetden hakykatda bolan bir waka ýüzleneliň: Galagoply ýagdaýlaryň birinde Baýram han özüniň birnäçe ýigidi bilen owgan hökümdary Şirşahyň adamlarynyň eline ýesir düşýär. Şirşahyň adamlary Baýram hany öldürmekçi bolýarlar. Baýram han haýsyňyz? – diýen sorag berlende, onuň dosty hem egindeşi Ebul Kasym:
-Baýram han mendirin! – diýip, orta çykýar. Ýöne Baýram han öz ýerine dostunyň ölmegini islemeýär we:
-Ýok, ol Baýram han däl, Baýram – mendirin - diýip, bu-da orta çykýar. Uly serkerdäni halas etmegi ýüregine berk düwen Kasym bolsa:
-Siz oňa ynanmaň, ol meniň wepaly hyzmatkärim bolany üçin, meni halas etmek isleýär. Ol meniň nökerimdir. Hakyky Baýram han mendirin! – diýip, serkerde dosty üçin jellatlaryň eline berýär. Şeýdibem Kasym dosta wepalylygyň beýik nusgasyny görkezýär, Baýram hanyň ýerine özi heläk bolýar.
Gandahardyr Sirhintde Humaýun şanyň goşunlarynyň uly ýeňişler gazanmagynda Baýram hanyň goşun serkerdesi hökmünde bitiren hyzmatlaryna mynasyp sarpa goýulýar. Oňa "Han- hanan", (Hanlaryň –hany) diýen iň ulyharby dereje berilýär. Humaýun şanyň ýaşajyk ogly Ekbere atalyk terbiýesini bermek ynanylýar. 1556-njy ýylda Humaýun ölenden soň, tagtyna Ekber oturdylýar. Emma Ekber entek ýaş bolansoň hökümet işlerine-de Baýram han ýolbaşçylyk etmeli bolýar. Ol, ýurdy hem goşuny pugta tertibe salmak üçin birnäçe aýgytly çäreler görýär. Boýnuýogyn Şa Ebul-Maalyny tussag edýär. Duşman goşunlarynyň garşysyna emelsiz hem başarnyksyz ýolbaşçylyk edeni üşin mogol serkerdesi Tardy begi ölüme buýrýar. Goşunda berk düzgün-tertibi ýola goýýar. Nökerleriň harby hünäri kämil ele almaklary üçin çäreler görýär.
Baýram hanyň at-abraýy, şahsy göreldeleri onuň nökerlrinde hemişe ýeňşe bolan berk ynanjy terbiýeleýär. Olaryň ruhuna ruh goşýar. Hanlar hany kämil harby serkerdeliginde we onuň ýolbaşçylygynda gazanylan ýeňişlerden gylym alýan, göwünleri göterilýän mogol goşunbaşylarynyň her biri özlerini Rüstem Zaldan pes görmeýärdiler – diýip, taryhçylar nygtaýarlar.
Muhammet Baýram han şöhrat labyryna doly girenden soň, Humaýunyň ýegençesi Selime Soltan begime öýlenýär. Selime Soltan begim diýseň adamkärçilikli, akyl-paýhasly, edep-ekrama baý, juda görk-görmekli gyz bolup, Baýram hana, onuň şahandazlygyna uly sarpa goýupdyr. Şeýlelik-de, Baýram han mogollaryň häkim topary bilen garyndaş bolýar. Türkmen ýigidiniň şa tagtynyň eýeleri bilen garyndaşlyk gatnaşygy Ekberiň töweregindäki köşk adamlarynyň käbirine ýokuş degýär. Üstesine-de göripler ýaş hökümdar Ekberiň ýanynda Baýram hany dürli myjabatlar bilen ýamanlaýarlar. Hökümdar Ekber göripleriň gepine gidip, özüne tälim beren atalygy Hanlar hany Baýram hany köşkden ýuaş-ýuwaşdan çetleşdirýär. Bu ýagdaýlar Baýram hanyň Ekbere aşakdaky mazmundaky haty ýazmagyna sebäp bolýar: "Birnäçe görip adamlar maňa zeper ýetirjek bolup, birnäçe bolgusyz zatlary toslap, meni Size ýamanlapdyrlar, şeýdibem olar mni ýok etmegiň küýüne düşüpdirler.
Her bir adamyň dürli tömetlerden özüni goraýşy ýaly, men-de şol töhmetçilerden şahsymy gorama mejburdyryn. Siziň töweregiňizdebirtopar haýynyň bolýandygy üçin özüm Siziň ýanyňyza barmagy makul bilmeýärin.
"Siz bilip goýuň, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyň bolmaýandygy bütin äleme mälimdir!"
Eger meni iýen duzuna kast eden adam diýip hasap edýän bolsalar, goý, onda olar ýönekeý bir esgeri iberip, meniň kellämi kesdirip, Siziň huzuryňyza eltdirsinler. Goý, bu waka geljekde döwlet işine etmegi ýüregine düwen adamlara sapak bolsun! Siz şeýle etseňiz, wah diýsem, meniň namart boldugym. Şeýle etmeseňiz bolsa, meni goşun serkerdeliginden boşadyp, goşuny köşgüň başga bir ynamdar adamsyna tabşyryň. Men bolsam Maşada gitmekligi ýüregime düwdüm, ol ýerden hem Nejep, Kerbela…"
Şeýlelikde, Baýram han 1561-nji ýylda Horasana tarap ýola düşýär. Ýöne ol şol ýylyň 31-nji ýanwarynda Küjerat diýen ýerde düşläp, ertir namazyna duranda, Mübärek han diýen haýyn onuň ýeňsesinden gelip, pyçaklaýar.
Baýram hanyň jesedi Delä eltilýär we uly dabara bilen jaýlanýar, üstüne gümmez galdyrylýar. Soň, 1578-nji ýylda onuň jesedini Maşada göçürýärler. Üstüne gümmez galdyrylyp, gubruň üstüne-de
"Iň gowy gülzarlyklardaky gül hem solýar" diýen ýazgy ýazylýar....Dowamyny şu ýerden Okap bilersiňiz!

No comments:

Post a Comment