Monday, November 05, 2007

Eyran Yslam Döwletinin Türkmenlere garşy hereketi



Bejnurdyň Jawadiýe mikroraýonynda ýaşaýan türkmen doganlarymyza namaz okamaga bir metjit gerekdi. Olar bir bölek ýer satyn alyp, onyň dokumentlerini düzetmek üçin bir topary bellediler. Bu topar (2003) 1382-nji ýyldan başlap öz bar güýji bilen bu işe girişýär, netijede metjidiň gurulmak rugsat haty taýyn bolup oňa diňe gaýraky Horasanyň metjit gurmak jogapkäriniň goly ýetmezlik edýär.Bu topar köp talaşdan soň tamsyny üzüp Tährana ýuz tutýar we Tährandan hem hiç bir netije bolmaýar. Ondan soň Maşada ýüz tutup,
1384-nji ýylda metjidi gurup başlap bir topar gurluşyk işini ýerine ýetirýärler. 13 aýlap bu metjitde jemagat namazy okalýar, şeýle-de çagalara we ýetginjeklere Gurhan sapaklaryny geçirmäge klaslar goýulýar. Metjidiň ýerzemininiň işi doly gutaryp we onyň birinji gatynyň hem gutaryp barýan wagty ýekşenbe güni 05/08/1386-njy ýylda (05 October 2007) metjidiň ymamyndan we başga jogapkär adamlardan metjidiň ýykmagyny isleýärler hem-de namaz okamaga-da rusgat bermeýärler. Bu aýdylanlar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda olaryň özi metjidi ýykmaga girişjekdiklerini haýbat bilen aýdýarlar. Sişenbe güni 07/08/1386-da (07 October 2007) gijara metjidiň daş töwereginde ýaragly adamlary goýmak bilen, ymam jemagaty we metjidiň işlerini alyp barýan adamlary tutup, gije sagat 23-lerde metjidi ýykmamga başlap, daň atýança ony doly ýykyp, gök meýdança öwürmäge taýyn edip goýýarlar!
Habaryň alynan ýeri: Türkmenjam - - ترکمن جام
Habary terjime edip iberen: H.K.
Web Resource: Türkmen Canada