Islendik ýagdaýda jedelli sorag ýüze çykanda, öz-özüñden täze bir düzgün döretjek bolmaly däl, gowusy añyrdan gelýän professional düzgünlere, ýörelgelere görä hereket etmeli. Paltalkdaky çykyşlarda adam adyny tutmak-tutmazlyk meselesinde-de edil şonuñ ýaly. Eger-de añyrdan gelýän professional we etiki düzgünleri bilseñ, onda dogry çözgüdi tapmak añsat. Bu soragda hiç hili bulaşyklyk-da, çylşyrymlylyk-da ýok, hemme zat aýdyñ!
Eger-de gürrüñçilikde dar şahsy meseleler gozgalýan bolsa, onda ady tutulýan adamlaryñ hemmesi gürrüñçilige gatnaşsa ýagşy. Meselem, aýdaly, iki goñşyñ arasynda mellek dawasy bar bolsa, olaryñ biri Paltalk otagyna gelip, goñşusynyñ däl-de, öz gepiniñ dogrudygyny subut etjek bolsa, bu heñe gelmeýär. Sebäbi, birijiden-ä, bu jedel iki goñşyñ arasyndaky dawa we ol dawanyñ hiç hili jemgyýetçilik ähmiýeti ýok. Beýle jedeli çözmek üçin iki dawagäriñ ikisiniñ-de, jedele gatnaşmaklary gerek. Şonsuz ol jedel dogry we adalatly çözlüp bilinmez. ...
Eger-de gürrüñçilikde dar şahsy meseleler gozgalýan bolsa, onda ady tutulýan adamlaryñ hemmesi gürrüñçilige gatnaşsa ýagşy. Meselem, aýdaly, iki goñşyñ arasynda mellek dawasy bar bolsa, olaryñ biri Paltalk otagyna gelip, goñşusynyñ däl-de, öz gepiniñ dogrudygyny subut etjek bolsa, bu heñe gelmeýär. Sebäbi, birijiden-ä, bu jedel iki goñşyñ arasyndaky dawa we ol dawanyñ hiç hili jemgyýetçilik ähmiýeti ýok. Beýle jedeli çözmek üçin iki dawagäriñ ikisiniñ-de, jedele gatnaşmaklary gerek. Şonsuz ol jedel dogry we adalatly çözlüp bilinmez. ...
Dowamy şu yerde
Emma ozal haýsydyr bir döwlet wezipesini eýelän, halkyñ, döwletiñ taryhynda, ýurduñ jemgyýetçilik durmuşynda nähilidir bir rol oýnan adamlar hakda gürrüñ gidýän bolsa, onda çykyş edýäniñ olaryñ adyny tutmaga doly haky bar. Sebäbi bu ýerde öz halkynyñ syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna gatyşyp, oña gowy ýa-da erbet täsir eden şahsyýetler hakda gürrüñ gidýär. Islendik adamyñ ol şahsyýatleriñ eden işine baha bermäge haky bar. Bular ýaly gürrüñde ady tutulýan adamlaryñ özleriniñ bolmagy asla hökman däl. Sebäbi olar eýýäm halkyñ, döwletiñ, jemgyýetçiligiñ taryhynda etjek işlerini edip giden şahsyýetler. Diýmek, adamlaryñam olaryñ işine häzirem, ýene ýüz ýyldanam baha kesmäge hukugy bolmaly.
ReplyDeleteEger-de bu adalatly ýörelge bozulsa, onda jemgyýetçilik we döwlet işgärleriniñ, halkyñ ykbalyna täsir eden adamlaryñ işini analiz edibem, tankytlabam bolmaz. Tankyt edilýän ýerde olaryñ özi hökman bolmaly diýen talap – absurd häsiýetli we bitirip bolmajak talap. Sebäbi ozal resmi wezipe eýelän, jemgyýetçilik derejesinde rol oýnan adamlaryñ öz işlerine baha berilýän ähli konferens zallarda, ähli Paltalk otaglarynda, gazet-jurnallaryñ redaksiýalarynda, radioda, televideniýede şol bir wagtda bolup, gürrüñçilige gatnaşmagy akyla sygjak zat däl! Emma ol adamlar hakda şol bir wagtda onlarça ýerde gürrüñ edilmegi welin ahmal.
Bu meselede hiç hili çäklendirme bolup bilmez. Bu düzgüniñ öñünde Prezidentem, ondan has pesdäki wezipelerde işlän adamlaram deñdirler. Gürrüñçilikde çykyş edýänler diñe bir zatdan, ýagny gürrüñi edilýän adamlaryñ adamçylyk mertebesini kemsitmekden saklanmaly. Adamlaryñ şahsy we maşgala durmuşyna degişli kemsidiji zatlary aýtmakdan ägä bolmaly. Iñ esasy zat hem – gürrüñçilikde her kim öz aýdan zatlaryny, zerurlyk ýüze çyksa, subut etmäge taýyn bolmaly. Kesekiniñ üstüne subut edip bolmajak aýyplamalary atmak gelşiksizlik.
Paltalk otagynda çykyş edýänleriñ hemmesi – kämillik ýaşyna ýeten adamlar we öz eden çykyşlaryna her kesiñ özi jogap berýär. Şol sebäpdenem otagda kimiñdir biriniñ sesini kesmek – edepsizlikdir. Eger-de, bu hereket Annagulynyñ edişi ýaly has gödek häsiýetde ýüze çyksa, onda bu alypbaryjynyñ wezipesini hyýanatçylykly peýdalanmakdyr. Annagulynyñky ýaly otagda edilýän gürrüñleri ertesi çişirip, başga adamlara ýetirmek – gaty gelşiksizlikldir. ”Seniñ partiýañdan biri jedelde başga biriniñ arkasyny aldy, şoña haý-küş diý” diýip, kimdir biriniñ partiýa ýolbaşçysyna jañ etmek bolsa – adamlaryñ yzyndan içalyçylyk etmekdir. Üns berip diñläniñiz üçin sag boluñ!
Otagdakylara uly hormat bilen
A.Welsapar, 2007-11-10