Sunday, September 08, 2013

Hojanepes Turkmen, Turkmenin ilkinji ilcisi - خوجه نفس توركمن، توركمنينگ ايلكينجي ايلچيسي

A.Şaguly
 Türkmen taryhynda ady agzalýan şahsyýetleriň biri hem Hojanepes türkmendir
ÝAZYJY: ATAMYRAT ŞAGULY - Zaman Gazyeti
Türkmeniň şöhratly taryhy bar. Geçmişe nazar salsaň, köp-köp şahsyýetler türkmen milletiniň adynyň äleme dolmagynda uly rol oýnapdyr. Mysal hökmünde, iki-üç sanysyny alyp göreliň: Hindistanda hanlar hany diýen ada mynasyp bolan Baýram han, dünýäde «Beýik» diýen ady alan Seljuk Türkmen döwletini döreden türkmen serkerdeleri Togrul beg we Çagry beg.
Togrul beg 1055-nji ýylda Bagdatda halyflaryň paýtagtynda soltan diýlip yglan edilýär, şonda oňa ýedi yklymyň patyşasy diýen dereje berilýär.

Türkmen taryhynda ady agzalýan şahsyýetleriň biri hem Hojanepes türkmendir. Taryhda ol ilkinji sapar türkmen-rus gatnaşyklaryna ýol açan ilçi, wekil hökmünde tanalýar. Geliň, Hojanepesiň geçen durmuş ýoluny yzarlalyň.
XVII asyryň aýagynda, XVIII asyryň başlarynda Maňgyşlakda (Müňgyşlak) ýaşap geçen türkmen täjiri Hojanepesiň taryhy çeşmelerde türkmenleriň sadyr-salyr, käbir ýerlerde bolsa abdal tiresindendigi görkezilýär. Ol özi hakda berýän maglumatlarynda obasynyň Düýpgyran aýlagynyň golaýyndaky Begli hem-de Ýemli çeşmeleriniň boýunda ýerleşýändigini, kethudalarynyň adynyň Seýdaly Soltandygyny aýdýar.
Ýaşlygyndan söwda işlerine werziş bolan Hojanepes bu ugurda tejribe toplap ugraýar. Ol söwda kerwenleri we ýelkenli gämiler bilen Hywa, Astrahana, Eýrana gidip söwda edipdir. Emma Hojanepesiň ady taryhda ukyply täjir bolany üçin belli bolman, eýsem onuň ady türkmen-rus söwda-ykdysady we syýasy aragatnaşyklaryny ösdürmekde, rus söwdasy üçin Gündogara ýol açmakda, Amyderýany Uzboýuň ugry bilen akdyryp, türkmenleriň ekin ýerlerini suwlandyrmak hem-de söwda gatnaşyklaryny Hazar-Amyderýa suw ýoly arkaly amala aşyrmak ugrunda eden tagallalary üçin bellidir.
Takmynan 1710-1713-nji ýyllarda Maňgyşlakda söwda işleri pajarlap ösüp başlaýar. Şol ýyllarda, has takygy 1713-nji ýylda ukyply täjir, söwda-ykdysady we syýasy taýdan ýeterlik tejribesi bolan Hojanepes Maňgyşlak söwdagärleriniň bir topary bilen Astrahana barýar we şol ýerde Gilýanda doglan eýranly täjir, XVIII asyryň başynda Astrahana göçüp baran knýaz Zamanow (Zaman bek) bilen duşuşýar. Oňa özüniň Russiýanyň imperatory Pýotr I huzuryna baryp, döwlet ähmiýetli bir iş hakda maslahatlaşmak isleýändigini habar berýär.
Zamanow Hojanepesiň gürrüňlerini diňläp, onuň arkasyndan öz bähbidini arap, ony Sankt-Peterburga alyp gidýär we Pýotr I ýakyn adamy bolan gwardiýa poruçigi A.Bekowiç - Çerkasskiniň üsti bilen onuň patyşa tarapyndan kabul edilmegini gazanýar. Şunlukda, Pýotr I Hojanepesi 1714-nji ýylyň ýaz aýlarynyň bir güni kabul edýär.
Hojanepes oňa Buhara hanlygynda, Amyderýanyň boýunda çägeden altyn alynýandygy, derýanyň geçmişde Hazar deňzine guýandygy, Hywa hanlarynyň ony Russiýadan ätiýaç edip, Aral deňzine tarap sowandygy barada habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Hojanepes Pýotr Birinjiden Amyderýany öňki hanasyna -Uzboýa sowup, Hazar deňzine tarap akdyrmagy haýyş edýär. Eger şeýle edilse, onda türkmenleriň Amyderýany Arala sowmak üçin galdyran gaçysynyň nirededigini görkezip, ony açyp, derýany Uzboýa sowmakda ruslara kömek berjekdigini aýdýar.
Hojanepesiň altyn alynýan ýer baradaky maglumatyny Sibiriň gubernatory knýaz Gagarin bilen Hywa gelen ilçi Aşyr beg hem tassyklaýar. Bularyň hemmesi Pýotr Birinjini örän gyzyklandyrýar. Sebäbi ol öň hem Hazar deňziniň üsti bilen Hindistana söwda ýollaryny açmagyň aladasyny edýär eken.
Hojanepes kabul edişlikden göwnihoş halda ol ýerde umyt bilen birnäçe gün garaşýar.
1714-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 29-yna Pýotr I ýörite perman çykaryp, Hazar deňziniň gündogar kenarlaryny öwrener ýaly hem-de Amyderýa, Hywa, Buhara barada deslapky maglumatlary ýygnamak maksady bilen A.Bekowiç - Çerkasskiniň ýolbaşçylygynda ekspedisiýa guramaklygy buýruk berýär. Şondan soň Hojanepesiň ykbaly A.Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýalary bilen baglanyşykly bolýar. Şunlukda, ol Peterburgdan Astrahana dolanyp gelýär we üç ekspedisiýa hem gatnaşýar.
A.Bekowiç-Çerkasskiniň wekilleri bilen Amyderýanyň aşak akymyna baryp, onuň öňki akan hanasyny hem-de beklenen ýerini görkezýär we Krasnowodskä (häzirki Türkmenbaşy) dolanyp, ýene-de A.Bekowiç-Çerkasskiniň garamagynda iş geçirýär. Hojanepesiň özi we onuň ildeşleri A.Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýalarynyň şowly we netijeli geçmegi üçin köp ýardam edýärler, oňa ýol salgy bermek, ulag kömegini etmek ýaly işleri ýerine ýetirýärler. Bu hyzmatlardan hoşal A.Bekowiç-Çerkasskiý Pýotr Birinjä ýazan hatlarynyň birinde türkmenleriň özüni gowy garşylandyklaryny we köp hyzmatlary bitirendiklerini ýörite belläp geçýär. 1717-nji ýylda Bekowiç-Çerkasskiniň Gurýewden Hywa ugran harby-diplomatik ekspedisiýasyna-da Hojanepes işeňňir gatnaşýar. Muňa gazaplanan Hywa hany Şirgazy han Bekowiç-Çerkasskiden telim gezek Hojanepesiň özüne berilmegini talap edýär, ruslara ýol görkezeni üçin ony köpüň gözüniň öňünde jezalandyrjakdygyny aýdýar.
Emma Bekowiç-Çerkasskiý Hojanepesi arabalaryň üstündäki ýükleriň arasynda gizläp saklamagy buýruk berýär. Şeýlelikde, Şirgazy hanyň hilesi bilen Bekowiç-Çerkasskiniň özi we ekspedisiýasy heläk bolanda-da Hojanepes diri galýar.
Onuň gizlenip ýatan arabasy Hywa hanynyň türkmenlerden bolan nökeri Agamämmede olja düşýär we şonuň kömegi bilen ol ölümden halas bolýar. Ýöne şol gün Hojanepes Bekowiç-Çerkasskiniň we onuň ýakyn adamlarynyň kellesiniň alnanyny öz gözi bilen görýär. Hojanepes aman-sag obasyna dolanyp gelenden soňra, Düýpgaragandaky rus otrýadyna baryp, hemme bolan wakalary habar berýär. Soňra ony Astrahana äkidip, şol ýerde sorag edýärler. Astrahandan bolsa Gazana äkidip, ol ýerde gubernator Saltykowyň hut özi ondan sorag edýär.
Hojanepesiň ady taryhy resminamalarda iň soňky gezek şonda, ýagny 1718-nji ýylda Saltykowyň sorag edende ýazylan protokolda tutulýar. Şondan soň onuň ykbaly hakda hiç hili ygtybarly maglumat ýok. Ýöne halk rowaýatlaryna görä, Hojanepes Gazandan sag-aman dolanyp gelýär. Emma Hywa hany Şirgazydan ätiýaç edip, Hazaryň kenary bilen günorta tarap - Eýran türkmenleriniň arasyna göçýär. Şonuň üçin Gürgen derýasynyň Hazar deňzine guýýan ýerinde ýerleşen «Hojanepes» atly ilatly ýer hem onuň ady bilen bagly bolmagy mümkin.
1985-nji ýylyň aýaklaryna Alty Garlyýew (häzirki Oguzhan) adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň görnükli režissýory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýew «Hojanepes» atly çeper filmi surata düşürdi. Onda Hojanepesiň keşbini Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nury Allaberdiýew janlandyrdy.
Hojanepesiň geçen taryhy ýoluny açyp görkezýän bu film 1986-njy ýylda doly surata düşürilip gutaryldy. Film tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

A.Şaguly
Rus-türkmen gatnaşyklarynyň taryhyndan we şu gününden käbir sahypalar

Gojaman taryhyň sahypalary... Gör, üstünden nijeme heňňamlary, gerdişleri, asyrlary aýlaýan taryh bize nähili zatlary gürrüň berýär. Käbiri geçmişiň saralyp giden sahypalarynyň gatlarynda siňip giden, käsi häzirki günlerimiz bilen şöhlelenýän taryhy näçe öwrenseň öwrenip oturmaly. Geliň, şu nukdaý nazardan rus-türkmen gatnaşyklarynyň käbir sahypalaryna dykgat bereliň. Alnymyzda—gojaman taryhyň XVIII asyry.
XVIII asyrda rus täjirleriniň we ilçileriniň ýollary esasan Üstýurtda, Maňgyşlakda oturýan türkmenleriň üsti bilen geçipdir. Olara türkmenler ýolbeledi bolmaga, kerwenlerini goramaga yzygiderli kömek beripdirler. Şoňa görä rus adamlary türkmenleriň arassa, boýun alan ýumuşlaryny ak ýürek bilen berjaý edýändiklerini nazarda tutup, olar bilen has ýakynlaşmak isläpdirler.  Aýratyn-da, rus täjirleriniň ünsüni türkmenleriň nepis halysy, çig ýüpegi, gara köli baganasy özüne çekipdir. Şol döwürlerde Russiýanyň imperatory Pýotr Birinjidi. Edil şol wagtlar Maňgyşlakda we Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýaşaýan türkmenler hem Rus döwleti bilen ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýmaga çalyşýardy. Sebäbi olar ruslar bilen öňräkden aragatnaşyk saklap gelýärdiler. Birek-birege hormmat goýýardylar. Şeýle emele gelen taryhy pursatda türkmen ýigidi Hojanepes Rus imperatory Pýotr I bilen Sankt-Beterburgda duşuşypdyr.
1678-nji ýylda demirgazyk Maňgyşlakdaky Ýykylgan diýen ýerde dünýä inen Hojanepes Söýün ogly edenli, akylly-paýhasly, ilat arasynda abraýly ýigit bolup ýetişipdir. Halk oňa uly hormat goýupdyr, sözüne gulak salypdyr. Hojanepes bolsa öz gezeginde halkyň aladasyny edipdir. Türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly aladalary  edýän ýigit ahyry netijede Rus döwletiniň baştutanynyň ýanyna baryp, ondan kömek soramagy ýüregine düwüpdir. Ol döwürde türkmen adamsynyň uzak ýol söküp, Sankt-Peterburga barmagy aňsat iş däldi. Bir gezek Hojanepes Astrahana söwda-satuw işi bilen baranda, şol ýerde asly eýran täjiri  Zaman beg ( Zamanow ) bilen tanyş bolupdyr. Oňa rus patyşasynyň ýanyna gidip, onuň bilen döwlet bähbitli gürrüň edesiniň gelýändigini aýdypdyr. Zamanow bolsa bu işde Hojanepese kömek bermäge höwesjeň bolupdyr. Şeýlelik bilen, olar 1713-nji ýylda Sankt-Peterburga bile gidipdirler. Sankt-Peterburga baransoňlar Zamanow Hojanepesi öz köne tanşy Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý bilen tanyşdyrypdyr. Onuň arada durmagy bilen 1714-nji ýylyň ýazynda Hojanepesi rus imperatory Pýotr I kabul edipdir, ony üns brip diňläpdir. Hojanepes oňa Amyderýanyň ozal Hazar deňzine guýýandygyny, emma ony Hywa hanynyň deňziň we Uzboýyň üsti bilen ruslaryň gelmeginden howatyrlanyp, Arala sowandygy barada giňişleýin gürrüň beripdir. Şoňa görä-de Balkan töwereginde we Uzboýyň ugrunda ýaşap ýören oturymly türkmenleriň ýurtlaryny taşlap, dürli taraplara göçüp gitmäge mejbur bolandyklaryny aýdypdyr. Rus döwletiniň bendi açyp, derýany köne hanasy bilen akdyrmaga kömek etmegini haýyş edip, oňa türkmenleriň-de işeňňir gatnaşjakdygyny mälim edipdir. Mundan başga-da, ol Erket şäheriniň töwereginde derýanyň boýundan gumdan altyn alynýandygyny habar beripdir. Bu maglumatlar Pýotr Birinjide uly gyzyklanma döredipdir. Ol Hojanepesiň haýyşlaryny göwünjeňlik bilen goldapdyr.
Pýotr I-iň permany esasynda Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiniň baştutanlygynda 1715-1717-nji ýyllar aralygynda üç gezek ekspedisiýa guralýar. Ekspedisiýanyň esasy wezipelerini imperatoryň özi kesgitläpdir. Onuň öňünde Amyderýanyň öňki akymynyň ugruny anyklamak, Hindistana gidýän ýollary öwrenmek, Hazar deňziniň kenarlarynda galalar gurmak, Hywa hanlygyny raýatlyga yrmak, Buhara barada maglumatlar toplamak ýaly möhüm wezipeler goýlupdyr. Mundan başga-da, Hywa hanynyň kömegi bilen Erket şäheriniň töweregine baryp, altyn çykýan ýerleri barlamak tabşyrylypdyr.
1715-nji ýylda birinji, 1716-njy ýylda ikinji ekspedisiýa guralýar. Netijede, rus döwletine ggerek köp materiallar toplanypdyr. 1716-njy ýylyň ekspedisiýasy döwründe Hazar deňziniň gündogar kenarynda üç sany gala-berkitme guralyp, olarda rus goşunlarynyň kiçeňräk bölümleri ýerleşdirilipdir. Bu Hywa hanyna ýaramandyr. Sebäbi Hywa hany ol ýerleri öz raýaty hasaplapdyr.
1717-nji ýylda Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý Astrahandan öz ygtyýaryndaky ähli goşuny Gurýewe tarap iberipdir. Bu sapar ekspedisiýa üçin 3 müň adam, 6 müň ýaby, köp mukdarda düýe jemlenipdir.
1717-nji ýylyň tomsunda Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasy Hywa tarap ugrapdyr. Ýoluň esli bölegi geçilenden soň, Bekowiç-Çerkasskiý Şirgazy hana gymmat bahaly sowgatlar gowşurmak hem-de özüniň Rus döwletiniň ilçisi hökmünde parahatçylykly maksat bilen gelýändigini habar bermek üçin onuň ýanyna ýörite wekil iberipdir. Wekiliň beren gürrüňine Şirgazy han ynanmandyr. Ilçiniň gaty köp goşyn we toply-tophana bilen gelmegini geň görüpdir.  Şunlukda ol gyssgly ýagdaýda aýgytly söweşe taýýarlyk görüp başlapdyr. Hywa 120 kilometr galanda ekspedisiýanyň goşuny bilen hanyň goşunynyň arasynda uly söweş bolupdyr. Söweş üç güne çekipdir. Bekowiç-Çerkasskiniň toply-tophanaly otrýadyny ýeňip bilmejegine göz ýetiren Şirgazy han onuň bilen gepleşige girişipdir we ol gepleşikde bolan ýagdaýlara ökünen kişi bolup hilegärlige baş urupdyr. Şeýlelikde, ol Bekowiç-Çerkasskini we onuň bütin otrýadyny myhmançylyga çagyrýar. Şonda ol  otrýaddaky adamlary myhmançylyga kabul etmek aňsat bolar ýaly, olary böleklere bölmegi haýyş edipdir. Muňa Bekowiç-Çerkasskiý razy bolupdyr. Netijede ekspedisiýanyň otrýady bäş bölege bölünip, Hywanyň dürli galalaryna ugradylypdyr. Az wagt geçensoň, olary aýry-aýrylykda hanyň goşuny aňsatlyk bilen ýok edipdir. Bekowiç-Çerkasskiý we onuň ýanyndaky iň ýakyn adamlary hem wepat bolupdyr. Üçünji ekspedisiýa şeýle ýagdaýda tamamlanypdyr.
Şol gyrgynçylykda Hojanepes ölmän, diri galypdyr. Ony Hywa hanynyň atly goşunynda gulluk edýän Agamuhammet diýen bir türkmen adamsy gizläp saklapdyr. Soň ol adam Hojanepesi assyrynlyk bilen öýüne ugradypdyr. Hywahanynyň yzarlamagy zerarly Hojanepes Astrabada göçüp gitmäge mejbur bolupdyr.
1717-nji ýylyň wakasy Russiýanyň türkmenler bilen gatnaşygynyň ondan beýläk giňelmegine uly päsgel bermändir. 1719-njy ýylda täze ekspedisiýa guralypdyr. Şonuň netijesinde Hazar deňziniň ilkinji ylmy kartasy düzülipdir.
 XVIII asyryň 70-nji ýyllarynda Ogurjaly adasynda söwda etmek üçin gämi duralgasyny gurup bermekligi haýyş edip, kenarýaka türkmenleri ýene-de Russiýa ýüz tutupdyrlar. 1782-nji ýylda graf Woýnowiçiň ýolbaşçylygynda rus ekspedisiýasy Çeleken adasynda bolupdyr. Graf öz adamlarynyň kenarýaka türmenleri tarapyndan hoşniýetlilikli, dostlukly, adamkärçilikli garşylanandygyny nygtapdyr.
* * *
XIX asyryň birinji ýarymynda kenar ýakasyndaky türkmenleriň Russiýa bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary has güçlenipdir. Bu döwür Hazr deňziniň gündogar kenarynda rus täjirleriniň we senagatçylarynyň rolunyň artanlygy bilen häsiýetlendirilýär. 1834-nji ýylyň aýagynda Astrahanyň uly täjiri Aleksandr Gerasimow Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky türkmenleriň arasyna aýlanyp, şol ýerde Kyýat han bilen dostlaşýar. Kyýat han arkaly türkmenler bilen dostlukly aragatnaşygy ýola goýýar. Türkmenler oňa öz bahasy bilen balyk tutup bermäge, ýelim we işbil bermäge söz berýärler. Ol bolsa türkmenlere gerek zatlaryny ibermegi boýun alýar.
Türkmen-rus gatnaşyklarynyň taryhynda Maňgyşlak türkmenlerine uly rol degişlidir. Sebäbi Russiýadan Orta Aziýa hanlyklaryna ýollar Maňgyşlagyň üstünden geçipdir. Ol Russiýanyň Orta Aziýa barmagy üçin derweze bolup hyzmat edipdir. Türkmenler deňiz arkaly Russiýadan gelýän täjirleri, ilçileri öz ulaglary bilen üpjün edipdirler, olary garşy alypdyrlar, ýola salypdyrlar. Şonuň üçin Maňgyşlak türkmenleri ruslar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Olar bir-birlerine ynanypdyrlar.
Şu döwrüň taryhynyň dowamynda patyşa hökümeti  Türkmenistany özüne koloniýa edinmmek üçin ony yzygiderli öwrenmegini dowam etdiripdir. Meselem, 1819-1821-nji ýyllarda rus goşunlarynyň Kawkazdaky baş komanduýuşisi general A.P.Ermolowyň buýrugy boýunça Hazaryň türkmen kenaryna uly ekspedisiýa guralýar. Ol ekspedisiýa maýor M.I.Ponamarýow we kapitan N.N.Murawýow ýolbaşçylyk edipdir. 1832nji we 1836-njy ýyllarda G.S.Kareliniň baştutanlygynda ýene iki sany ekspedisiýa guralýar. Bu ekspedisiýalar türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşyny öwrenipdirler. Şu döwürde Kareliniň we Kyýat hanyň tagallasy bilen 1836-njy ýylyň tomsunda kenar ýakasyndaky ýomut türkmenleriniň kethudalarynyň Esengulyda umumy maslahaty bolupdyr. Oňa takmynan 180 müňe golaý ilatdan ýörite saýlanan 118 any kethuda gatnaşypdyr. Maslahatda umumy pikir alşylandan soň, Russiýadan howandarlyk soramak barada karar kabul edilipdir.
*  *  *
Geliň indi bolsa ençeme ýyllary yzda galdyryp,taryhyň çarhyny XX asyra tarap aýlalyň.
Bir hakykat bütin taryhyň dowamynda ýer ýüzüniň ähli halkyna bellidir. Ol hem bolsa türkmen halkynyň öz ýaşaýşynyň bütin taryhynyň dowamynda päk göwünli, ynsanperwer, adyl, zähmetsöýer, parahatçylygy söýüji, päk ahlaklylygy, sabyrlylygy, şükranalygy özünde jemlänligidir. Ata-baba zannyna guýlan bu häsiýetleri türkmenleri gojaman taryhyň dowamynda beýleki milletlerden aýyl-saýyl tapawutlandyrypdyr. Şonuň üçin-de islendik döwürde hem ol aslyny saklamagy başarypdyr. Türkmenleriň bu ynsanperwer häsiýetleri dünýä halklaryny özüne has imrindiripdir. Totalitar imperiýa döwründe, ýagny ýurduň işçileriniň, daýhanlarynyň we intelligensiýasynyň, bir söz bilen aýdanymyzda, ähli milletleriň we halkyýetleriň erk-islegini we bähbitlerini aňladýan sosialistik umumyhalk döwletinde hem türkmen halky öz aslyny, milli ýörelgelerini mümkingadyr saklamagy başarypdy. Bu döwürde bütin häkimiýet sowetler ýurdunyňky,  döwlet organlarynyň hemmesiniň onuň kontrollygy astynda we olara hasabat berip durýardy.  Döwlet we onuň ähli organlary sosialistik kanunçylyk esassynda gurnalansoň, ähli ugurlarda, wezipelerde diýen ýaly ýerli milletiň wekilleri däl-de, häkimiýeti gurujylar işleýärdi. Emma muňa garamazdan, türkmenler niç bir milletiň dinine, gelip çykyşyna, milletine garamazdan, olar bilen el-ele berip, dostana gatnaşykda bolup ýaşapdylar.
Bu ýyllarda mähriban türkmen halky özüne dostluk goluny uzadan rus halky bilen hem edil beýleki halklara bolan garaýyşda dost-doganlyk gatnaşygynda boldy. Olar bilen ele-ele berip işledi, ýaşady.
Ýöne bir hakykat bolsa halkymyza aýandy, ol hem ahyry, irde-giçde ata-babalarynyň arzuwlan zamanasynyň ak Güneşiniň atyp, gursaklarda özbaşdak ýurtly, illi, döwletli bolmak hakyndaky arzuwynyň hasyl boljakdygydy. Halkymyzyň bu arzuwy 1991-nji ýylda myrat tapyp, ata-babalarymyzyň arzuwy hasyl boldy. Ýurdumyz Garaşsyz Türkmenistan ady bilen äleme äşgär boldy.
Halkymyzyň ykbalynda täze döwrüň başlanýan bu döwründe hem biziň erkinligimizi, özygtyýarlygymyzy goldan, gutlan ilkinji döwletleriň biri ýene-de rus halkydy. Bu dost-doganlygyň mizemezliginiň beýik nyşanydy. Jebisligiň kepilidi. Şonuň üçin-de bu dost-doganlygyň köki häzirki döwürde gün geldigiçe çuňluklara sary uzaýar.
*  *   *
2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan biragyzdan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen ýurdumyzyň taryhynda täze eýýam başlandy. Ynsanperwerligi, dost-doganlygy, parahatçylygy baş şygar edinen bu döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan milli Liderimiziň başda durmagynda ,,Açyk gapylar’’ syýasatyny yglan edip, dünýä halkaryna dostluk goluny uzatdy. 
Bu dö­wür­de rus we türk­men halk­la­ry­nyň müň­ler­çe ýyl­lar­dan bä­ri do­wam edip gel­ýän dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry Rus­si­ýa­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da has ok­gun­ly hä­si­ýe­te, tä­ze öwüş­gi­ne eýe bo­lup, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hy­nyň tä­ze sa­hy­pa­sy­ny aç­dy diý­sek, has dog­ry bo­lardy. Uzak­möh­let­le­ýin öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ber­ke­ýär we ol ta­rap­la­ryň hoş­ni­ýet­li erk-is­le­gi we ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de soň­ky ýyl­lar­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Onuň esa­sy ugur­la­ry­na söw­da-yk­dy­sa­dy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag, ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy, gur­lu­şyk we beý­le­ki­ler de­giş­li­dir. Yn­san­per­wer ugur bol­sa iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de we ber­kit­mek­de örän wa­jyp hyz­ma­ty ýe­ti­ne ýe­tir­ýär. Şo­nuň üçin Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy ylym-bi­lim, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň has hem ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns ber­ýär­ler. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň gy­şar­nyk­syz art­ma­gy, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ryn­da, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim we ylym ul­gam­la­ryn­da gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men ýaş­la­ry Rus­si­ýa­nyň dür­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de öz bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ýar­lar. Rus alym­la­ry Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­la­ra iş­jeň gat­naş­ýar­lar we öz türk­men kär­deş­le­ri bi­len ýa­kyn­dan ara­gat­na­şyk sak­la­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da I.A.Gub­kin adyn­da­ky Rus­si­ýa döw­let ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň bö­lü­mi­niň, şeý­le-de A.S.Puş­kin adyn­da­ky türk­men-rus or­ta bi­lim ber­ýän mek­de­biň he­re­ket et­me­gi hem hil taýdan täze gatnaşyklaryň ýokary häsiýete ýediginiň aýdyň ne­ti­je­si­dir.    
Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa­nyň se­bit­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns ber­ýär, se­bä­bi olar türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň has hem ös­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň her ýyl üs­ti anyk iş­ler bi­len dol­du­ryl­ýan Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy, Ast­ra­han ob­las­ty, Sankt-Pe­ter­burg ýa­ly iri şä­her­le­ri­niň we se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­ni döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp ug­ry hök­mün­de my­sal ge­tir­mek bo­lar.  
Türk­men paý­tag­tyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýasy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň ge­çil­me­gi türk­men we rus halkl­a­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň, iki halkyň medeniýetleriniň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň pug­ta­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­wut­na­ma­sy­na öw­rül­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ast­ra­han ob­las­ty bi­len Türk­me­nis­ta­ny hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze hi­le we ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýan, dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan ozal­dan gel­ýän yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni hyz­mat­daş­lyk­lar bag­la­nyş­dyr­ýar. Şeý­le iri me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mek in­di go­wy däp­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.  Munuň özi Iki dost­luk­ly ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra peý­da­ly we ru­hy gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de ös­dür­mä­ge bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn me­ýil­le­riň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Şu ýerde Rus­si­ýa­nyň işe­wür­le­riniň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny gi­ňelt­mä­ge ça­lyş­ýandygyny-da bellemelidiris. Rus­si­ýa­nyň meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si türk­men ba­za­ryn­da eý­ýäm üs­tün­lik­li iş­le­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hem gel­je­gi ulu­dyr. Şol hyz­mat­daş­lyk bol­sa ýy­lyň-ýyl­ly­na tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar.  Mhlasy, rus­si­ýa­ly­lar Türk­me­nis­ta­nyň ga­zanan­la­ry we hal­kyň ýa­şa­ýyş aý­ra­tyn­ly­ka­ry bi­len ta­nyş­ma­ga yzy­gi­der­li müm­kin­çi­lik tapýarlar. Myuňa birje mysaly getirmek artykmaçlyk etmese gerek.
Mälim bolşy ýaly,2011-nji ýylyň maý aýyn­da “ GDA-nyň 20 ýyl­ly­gy: hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry” at­ly hal­ka­ra ser­gi­si geçirildi. Bu halkara ähmiýetli forum Türk­me­nu­is­ta­nyň ga­raş­syz­lyk döw­rün­de halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da ga­za­na­na­la­ry bi­len giň­den ta­nyş­maga giň müm­kin­çi­lik döretdi. Türk­me­n döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň çap­dan çy­ka­ran ki­tap­la­ry şol ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Mosk­wa­nyň hal­ka­ra ki­tap ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na üçün­ji ge­zek gat­naş­dy. Türk­men po­lig­ra­fist­le­ri ser­gi-ýar­mar­ka­da ýüz­den gow­rak, ýo­ka­ry po­lig­raf de­re­je­de be­ze­lip, ne­şir edi­len ki­tap­la­ry­ny – çe­per, okuw we ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ki­tap­lar bi­len bi­le­lik­de dö­wür­le­ýin ne­şir­le­ri hem gör­kez­di­ler. Munuň özi ikitaraplaýyn jebis işleriň miwesidir.
Ýurdumyzyň “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy sy­ýa­sa­ty, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­me­gi, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýän yn­san­per­wer tag­lym­lary hem-de baş­lan­gyç­lary Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky uzak­möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ryň has hem ös­jek­di­gi­ne, dost­luk-do­gan­ly­gyň do­wa­ma­ty­nyň do­wa­mat bol­jak­dy­gy­na kepil geçýär.
Şaguly Gurbanow
Resource: http://gundogar-news.com/index.php?category_id=3&news_id=342
 

No comments:

Post a Comment