A.Şaguly |
ÝAZYJY: ATAMYRAT ŞAGULY - Zaman Gazyeti
Türkmeniň şöhratly taryhy bar. Geçmişe nazar salsaň, köp-köp şahsyýetler türkmen milletiniň adynyň äleme dolmagynda uly rol oýnapdyr. Mysal hökmünde, iki-üç sanysyny alyp göreliň: Hindistanda hanlar hany diýen ada mynasyp bolan Baýram han, dünýäde «Beýik» diýen ady alan Seljuk Türkmen döwletini döreden türkmen serkerdeleri Togrul beg we Çagry beg.
Togrul beg 1055-nji ýylda Bagdatda halyflaryň paýtagtynda soltan diýlip yglan edilýär, şonda oňa ýedi yklymyň patyşasy diýen dereje berilýär.
Türkmen taryhynda ady agzalýan şahsyýetleriň biri hem Hojanepes türkmendir. Taryhda ol ilkinji sapar türkmen-rus gatnaşyklaryna ýol açan ilçi, wekil hökmünde tanalýar. Geliň, Hojanepesiň geçen durmuş ýoluny yzarlalyň.
XVII asyryň aýagynda, XVIII asyryň başlarynda Maňgyşlakda (Müňgyşlak) ýaşap geçen türkmen täjiri Hojanepesiň taryhy çeşmelerde türkmenleriň sadyr-salyr, käbir ýerlerde bolsa abdal tiresindendigi görkezilýär. Ol özi hakda berýän maglumatlarynda obasynyň Düýpgyran aýlagynyň golaýyndaky Begli hem-de Ýemli çeşmeleriniň boýunda ýerleşýändigini, kethudalarynyň adynyň Seýdaly Soltandygyny aýdýar.
Ýaşlygyndan söwda işlerine werziş bolan Hojanepes bu ugurda tejribe toplap ugraýar. Ol söwda kerwenleri we ýelkenli gämiler bilen Hywa, Astrahana, Eýrana gidip söwda edipdir. Emma Hojanepesiň ady taryhda ukyply täjir bolany üçin belli bolman, eýsem onuň ady türkmen-rus söwda-ykdysady we syýasy aragatnaşyklaryny ösdürmekde, rus söwdasy üçin Gündogara ýol açmakda, Amyderýany Uzboýuň ugry bilen akdyryp, türkmenleriň ekin ýerlerini suwlandyrmak hem-de söwda gatnaşyklaryny Hazar-Amyderýa suw ýoly arkaly amala aşyrmak ugrunda eden tagallalary üçin bellidir.
Takmynan 1710-1713-nji ýyllarda Maňgyşlakda söwda işleri pajarlap ösüp başlaýar. Şol ýyllarda, has takygy 1713-nji ýylda ukyply täjir, söwda-ykdysady we syýasy taýdan ýeterlik tejribesi bolan Hojanepes Maňgyşlak söwdagärleriniň bir topary bilen Astrahana barýar we şol ýerde Gilýanda doglan eýranly täjir, XVIII asyryň başynda Astrahana göçüp baran knýaz Zamanow (Zaman bek) bilen duşuşýar. Oňa özüniň Russiýanyň imperatory Pýotr I huzuryna baryp, döwlet ähmiýetli bir iş hakda maslahatlaşmak isleýändigini habar berýär.
Zamanow Hojanepesiň gürrüňlerini diňläp, onuň arkasyndan öz bähbidini arap, ony Sankt-Peterburga alyp gidýär we Pýotr I ýakyn adamy bolan gwardiýa poruçigi A.Bekowiç - Çerkasskiniň üsti bilen onuň patyşa tarapyndan kabul edilmegini gazanýar. Şunlukda, Pýotr I Hojanepesi 1714-nji ýylyň ýaz aýlarynyň bir güni kabul edýär.
Hojanepes oňa Buhara hanlygynda, Amyderýanyň boýunda çägeden altyn alynýandygy, derýanyň geçmişde Hazar deňzine guýandygy, Hywa hanlarynyň ony Russiýadan ätiýaç edip, Aral deňzine tarap sowandygy barada habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Hojanepes Pýotr Birinjiden Amyderýany öňki hanasyna -Uzboýa sowup, Hazar deňzine tarap akdyrmagy haýyş edýär. Eger şeýle edilse, onda türkmenleriň Amyderýany Arala sowmak üçin galdyran gaçysynyň nirededigini görkezip, ony açyp, derýany Uzboýa sowmakda ruslara kömek berjekdigini aýdýar.
Hojanepesiň altyn alynýan ýer baradaky maglumatyny Sibiriň gubernatory knýaz Gagarin bilen Hywa gelen ilçi Aşyr beg hem tassyklaýar. Bularyň hemmesi Pýotr Birinjini örän gyzyklandyrýar. Sebäbi ol öň hem Hazar deňziniň üsti bilen Hindistana söwda ýollaryny açmagyň aladasyny edýär eken.
Hojanepes kabul edişlikden göwnihoş halda ol ýerde umyt bilen birnäçe gün garaşýar.
1714-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 29-yna Pýotr I ýörite perman çykaryp, Hazar deňziniň gündogar kenarlaryny öwrener ýaly hem-de Amyderýa, Hywa, Buhara barada deslapky maglumatlary ýygnamak maksady bilen A.Bekowiç - Çerkasskiniň ýolbaşçylygynda ekspedisiýa guramaklygy buýruk berýär. Şondan soň Hojanepesiň ykbaly A.Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýalary bilen baglanyşykly bolýar. Şunlukda, ol Peterburgdan Astrahana dolanyp gelýär we üç ekspedisiýa hem gatnaşýar.
A.Bekowiç-Çerkasskiniň wekilleri bilen Amyderýanyň aşak akymyna baryp, onuň öňki akan hanasyny hem-de beklenen ýerini görkezýär we Krasnowodskä (häzirki Türkmenbaşy) dolanyp, ýene-de A.Bekowiç-Çerkasskiniň garamagynda iş geçirýär. Hojanepesiň özi we onuň ildeşleri A.Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýalarynyň şowly we netijeli geçmegi üçin köp ýardam edýärler, oňa ýol salgy bermek, ulag kömegini etmek ýaly işleri ýerine ýetirýärler. Bu hyzmatlardan hoşal A.Bekowiç-Çerkasskiý Pýotr Birinjä ýazan hatlarynyň birinde türkmenleriň özüni gowy garşylandyklaryny we köp hyzmatlary bitirendiklerini ýörite belläp geçýär. 1717-nji ýylda Bekowiç-Çerkasskiniň Gurýewden Hywa ugran harby-diplomatik ekspedisiýasyna-da Hojanepes işeňňir gatnaşýar. Muňa gazaplanan Hywa hany Şirgazy han Bekowiç-Çerkasskiden telim gezek Hojanepesiň özüne berilmegini talap edýär, ruslara ýol görkezeni üçin ony köpüň gözüniň öňünde jezalandyrjakdygyny aýdýar.
Emma Bekowiç-Çerkasskiý Hojanepesi arabalaryň üstündäki ýükleriň arasynda gizläp saklamagy buýruk berýär. Şeýlelikde, Şirgazy hanyň hilesi bilen Bekowiç-Çerkasskiniň özi we ekspedisiýasy heläk bolanda-da Hojanepes diri galýar.
Onuň gizlenip ýatan arabasy Hywa hanynyň türkmenlerden bolan nökeri Agamämmede olja düşýär we şonuň kömegi bilen ol ölümden halas bolýar. Ýöne şol gün Hojanepes Bekowiç-Çerkasskiniň we onuň ýakyn adamlarynyň kellesiniň alnanyny öz gözi bilen görýär. Hojanepes aman-sag obasyna dolanyp gelenden soňra, Düýpgaragandaky rus otrýadyna baryp, hemme bolan wakalary habar berýär. Soňra ony Astrahana äkidip, şol ýerde sorag edýärler. Astrahandan bolsa Gazana äkidip, ol ýerde gubernator Saltykowyň hut özi ondan sorag edýär.
Hojanepesiň ady taryhy resminamalarda iň soňky gezek şonda, ýagny 1718-nji ýylda Saltykowyň sorag edende ýazylan protokolda tutulýar. Şondan soň onuň ykbaly hakda hiç hili ygtybarly maglumat ýok. Ýöne halk rowaýatlaryna görä, Hojanepes Gazandan sag-aman dolanyp gelýär. Emma Hywa hany Şirgazydan ätiýaç edip, Hazaryň kenary bilen günorta tarap - Eýran türkmenleriniň arasyna göçýär. Şonuň üçin Gürgen derýasynyň Hazar deňzine guýýan ýerinde ýerleşen «Hojanepes» atly ilatly ýer hem onuň ady bilen bagly bolmagy mümkin.
1985-nji ýylyň aýaklaryna Alty Garlyýew (häzirki Oguzhan) adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň görnükli režissýory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýew «Hojanepes» atly çeper filmi surata düşürdi. Onda Hojanepesiň keşbini Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nury Allaberdiýew janlandyrdy.
Hojanepesiň geçen taryhy ýoluny açyp görkezýän bu film 1986-njy ýylda doly surata düşürilip gutaryldy. Film tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Gojaman
taryhyň sahypalary... Gör, üstünden nijeme heňňamlary, gerdişleri,
asyrlary aýlaýan taryh bize nähili zatlary gürrüň berýär. Käbiri
geçmişiň saralyp giden sahypalarynyň gatlarynda siňip giden, käsi
häzirki günlerimiz bilen şöhlelenýän taryhy näçe öwrenseň öwrenip
oturmaly. Geliň, şu nukdaý nazardan rus-türkmen gatnaşyklarynyň käbir
sahypalaryna dykgat bereliň. Alnymyzda—gojaman taryhyň XVIII asyry.
XVIII
asyrda rus täjirleriniň we ilçileriniň ýollary esasan Üstýurtda,
Maňgyşlakda oturýan türkmenleriň üsti bilen geçipdir. Olara türkmenler
ýolbeledi bolmaga, kerwenlerini goramaga yzygiderli kömek beripdirler.
Şoňa görä rus adamlary türkmenleriň arassa, boýun alan ýumuşlaryny ak
ýürek bilen berjaý edýändiklerini nazarda tutup, olar bilen has
ýakynlaşmak isläpdirler. Aýratyn-da, rus täjirleriniň ünsüni
türkmenleriň nepis halysy, çig ýüpegi, gara köli baganasy özüne
çekipdir. Şol döwürlerde Russiýanyň imperatory Pýotr Birinjidi. Edil şol
wagtlar Maňgyşlakda we Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýaşaýan
türkmenler hem Rus döwleti bilen ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýmaga
çalyşýardy. Sebäbi olar ruslar bilen öňräkden aragatnaşyk saklap
gelýärdiler. Birek-birege hormmat goýýardylar. Şeýle emele gelen taryhy
pursatda türkmen ýigidi Hojanepes Rus imperatory Pýotr I bilen
Sankt-Beterburgda duşuşypdyr.
1678-nji
ýylda demirgazyk Maňgyşlakdaky Ýykylgan diýen ýerde dünýä inen
Hojanepes Söýün ogly edenli, akylly-paýhasly, ilat arasynda abraýly
ýigit bolup ýetişipdir. Halk oňa uly hormat goýupdyr, sözüne gulak
salypdyr. Hojanepes bolsa öz gezeginde halkyň aladasyny edipdir. Türkmen
halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly aladalary edýän ýigit
ahyry netijede Rus döwletiniň baştutanynyň ýanyna baryp, ondan kömek
soramagy ýüregine düwüpdir. Ol döwürde türkmen adamsynyň uzak ýol söküp,
Sankt-Peterburga barmagy aňsat iş däldi. Bir gezek Hojanepes Astrahana
söwda-satuw işi bilen baranda, şol ýerde asly eýran täjiri Zaman beg (
Zamanow ) bilen tanyş bolupdyr. Oňa rus patyşasynyň ýanyna gidip, onuň
bilen döwlet bähbitli gürrüň edesiniň gelýändigini aýdypdyr. Zamanow
bolsa bu işde Hojanepese kömek bermäge höwesjeň bolupdyr. Şeýlelik
bilen, olar 1713-nji ýylda Sankt-Peterburga bile gidipdirler.
Sankt-Peterburga baransoňlar Zamanow Hojanepesi öz köne tanşy Aleksandr
Bekowiç-Çerkasskiý bilen tanyşdyrypdyr. Onuň arada durmagy bilen
1714-nji ýylyň ýazynda Hojanepesi rus imperatory Pýotr I kabul edipdir,
ony üns brip diňläpdir. Hojanepes oňa Amyderýanyň ozal Hazar deňzine
guýýandygyny, emma ony Hywa hanynyň deňziň we Uzboýyň üsti bilen
ruslaryň gelmeginden howatyrlanyp, Arala sowandygy barada giňişleýin
gürrüň beripdir. Şoňa görä-de Balkan töwereginde we Uzboýyň ugrunda
ýaşap ýören oturymly türkmenleriň ýurtlaryny taşlap, dürli taraplara
göçüp gitmäge mejbur bolandyklaryny aýdypdyr. Rus döwletiniň bendi açyp,
derýany köne hanasy bilen akdyrmaga kömek etmegini haýyş edip, oňa
türkmenleriň-de işeňňir gatnaşjakdygyny mälim edipdir. Mundan başga-da,
ol Erket şäheriniň töwereginde derýanyň boýundan gumdan altyn
alynýandygyny habar beripdir. Bu maglumatlar Pýotr Birinjide uly
gyzyklanma döredipdir. Ol Hojanepesiň haýyşlaryny göwünjeňlik bilen
goldapdyr.
Pýotr
I-iň permany esasynda Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiniň baştutanlygynda
1715-1717-nji ýyllar aralygynda üç gezek ekspedisiýa guralýar.
Ekspedisiýanyň esasy wezipelerini imperatoryň özi kesgitläpdir. Onuň
öňünde Amyderýanyň öňki akymynyň ugruny anyklamak, Hindistana gidýän
ýollary öwrenmek, Hazar deňziniň kenarlarynda galalar gurmak, Hywa
hanlygyny raýatlyga yrmak, Buhara barada maglumatlar toplamak ýaly möhüm
wezipeler goýlupdyr. Mundan başga-da, Hywa hanynyň kömegi bilen Erket
şäheriniň töweregine baryp, altyn çykýan ýerleri barlamak tabşyrylypdyr.
1715-nji
ýylda birinji, 1716-njy ýylda ikinji ekspedisiýa guralýar. Netijede,
rus döwletine ggerek köp materiallar toplanypdyr. 1716-njy ýylyň
ekspedisiýasy döwründe Hazar deňziniň gündogar kenarynda üç sany
gala-berkitme guralyp, olarda rus goşunlarynyň kiçeňräk bölümleri
ýerleşdirilipdir. Bu Hywa hanyna ýaramandyr. Sebäbi Hywa hany ol ýerleri
öz raýaty hasaplapdyr.
1717-nji
ýylda Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý Astrahandan öz ygtyýaryndaky ähli
goşuny Gurýewe tarap iberipdir. Bu sapar ekspedisiýa üçin 3 müň adam, 6
müň ýaby, köp mukdarda düýe jemlenipdir.
1717-nji
ýylyň tomsunda Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasy Hywa tarap
ugrapdyr. Ýoluň esli bölegi geçilenden soň, Bekowiç-Çerkasskiý Şirgazy
hana gymmat bahaly sowgatlar gowşurmak hem-de özüniň Rus döwletiniň
ilçisi hökmünde parahatçylykly maksat bilen gelýändigini habar bermek
üçin onuň ýanyna ýörite wekil iberipdir. Wekiliň beren gürrüňine Şirgazy
han ynanmandyr. Ilçiniň gaty köp goşyn we toply-tophana bilen gelmegini
geň görüpdir. Şunlukda ol gyssgly ýagdaýda aýgytly söweşe taýýarlyk
görüp başlapdyr. Hywa 120 kilometr galanda ekspedisiýanyň goşuny bilen
hanyň goşunynyň arasynda uly söweş bolupdyr. Söweş üç güne çekipdir.
Bekowiç-Çerkasskiniň toply-tophanaly otrýadyny ýeňip bilmejegine göz
ýetiren Şirgazy han onuň bilen gepleşige girişipdir we ol gepleşikde
bolan ýagdaýlara ökünen kişi bolup hilegärlige baş urupdyr. Şeýlelikde,
ol Bekowiç-Çerkasskini we onuň bütin otrýadyny myhmançylyga çagyrýar.
Şonda ol otrýaddaky adamlary myhmançylyga kabul etmek aňsat bolar ýaly,
olary böleklere bölmegi haýyş edipdir. Muňa Bekowiç-Çerkasskiý razy
bolupdyr. Netijede ekspedisiýanyň otrýady bäş bölege bölünip, Hywanyň
dürli galalaryna ugradylypdyr. Az wagt geçensoň, olary aýry-aýrylykda
hanyň goşuny aňsatlyk bilen ýok edipdir. Bekowiç-Çerkasskiý we onuň
ýanyndaky iň ýakyn adamlary hem wepat bolupdyr. Üçünji ekspedisiýa şeýle
ýagdaýda tamamlanypdyr.
Şol
gyrgynçylykda Hojanepes ölmän, diri galypdyr. Ony Hywa hanynyň atly
goşunynda gulluk edýän Agamuhammet diýen bir türkmen adamsy gizläp
saklapdyr. Soň ol adam Hojanepesi assyrynlyk bilen öýüne ugradypdyr.
Hywahanynyň yzarlamagy zerarly Hojanepes Astrabada göçüp gitmäge mejbur
bolupdyr.
1717-nji
ýylyň wakasy Russiýanyň türkmenler bilen gatnaşygynyň ondan beýläk
giňelmegine uly päsgel bermändir. 1719-njy ýylda täze ekspedisiýa
guralypdyr. Şonuň netijesinde Hazar deňziniň ilkinji ylmy kartasy
düzülipdir.
XVIII
asyryň 70-nji ýyllarynda Ogurjaly adasynda söwda etmek üçin gämi
duralgasyny gurup bermekligi haýyş edip, kenarýaka türkmenleri ýene-de
Russiýa ýüz tutupdyrlar. 1782-nji ýylda graf Woýnowiçiň ýolbaşçylygynda
rus ekspedisiýasy Çeleken adasynda bolupdyr. Graf öz adamlarynyň
kenarýaka türmenleri tarapyndan hoşniýetlilikli, dostlukly,
adamkärçilikli garşylanandygyny nygtapdyr.
* * *
XIX
asyryň birinji ýarymynda kenar ýakasyndaky türkmenleriň Russiýa bilen
ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary has güçlenipdir. Bu döwür Hazr
deňziniň gündogar kenarynda rus täjirleriniň we senagatçylarynyň rolunyň
artanlygy bilen häsiýetlendirilýär. 1834-nji ýylyň aýagynda Astrahanyň
uly täjiri Aleksandr Gerasimow Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky
türkmenleriň arasyna aýlanyp, şol ýerde Kyýat han bilen dostlaşýar.
Kyýat han arkaly türkmenler bilen dostlukly aragatnaşygy ýola goýýar.
Türkmenler oňa öz bahasy bilen balyk tutup bermäge, ýelim we işbil
bermäge söz berýärler. Ol bolsa türkmenlere gerek zatlaryny ibermegi
boýun alýar.
Türkmen-rus
gatnaşyklarynyň taryhynda Maňgyşlak türkmenlerine uly rol degişlidir.
Sebäbi Russiýadan Orta Aziýa hanlyklaryna ýollar Maňgyşlagyň üstünden
geçipdir. Ol Russiýanyň Orta Aziýa barmagy üçin derweze bolup hyzmat
edipdir. Türkmenler deňiz arkaly Russiýadan gelýän täjirleri, ilçileri
öz ulaglary bilen üpjün edipdirler, olary garşy alypdyrlar, ýola
salypdyrlar. Şonuň üçin Maňgyşlak türkmenleri ruslar bilen ýakyn
aragatnaşykda bolupdyr. Olar bir-birlerine ynanypdyrlar.
Şu
döwrüň taryhynyň dowamynda patyşa hökümeti Türkmenistany özüne
koloniýa edinmmek üçin ony yzygiderli öwrenmegini dowam etdiripdir.
Meselem, 1819-1821-nji ýyllarda rus goşunlarynyň Kawkazdaky baş
komanduýuşisi general A.P.Ermolowyň buýrugy boýunça Hazaryň türkmen
kenaryna uly ekspedisiýa guralýar. Ol ekspedisiýa maýor M.I.Ponamarýow
we kapitan N.N.Murawýow ýolbaşçylyk edipdir. 1832nji we 1836-njy
ýyllarda G.S.Kareliniň baştutanlygynda ýene iki sany ekspedisiýa
guralýar. Bu ekspedisiýalar türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşyny
öwrenipdirler. Şu döwürde Kareliniň we Kyýat hanyň tagallasy bilen
1836-njy ýylyň tomsunda kenar ýakasyndaky ýomut türkmenleriniň
kethudalarynyň Esengulyda umumy maslahaty bolupdyr. Oňa takmynan 180
müňe golaý ilatdan ýörite saýlanan 118 any kethuda gatnaşypdyr.
Maslahatda umumy pikir alşylandan soň, Russiýadan howandarlyk soramak
barada karar kabul edilipdir.
* * *
Geliň indi bolsa ençeme ýyllary yzda galdyryp,taryhyň çarhyny XX asyra tarap aýlalyň.
Bir
hakykat bütin taryhyň dowamynda ýer ýüzüniň ähli halkyna bellidir. Ol
hem bolsa türkmen halkynyň öz ýaşaýşynyň bütin taryhynyň dowamynda päk
göwünli, ynsanperwer, adyl, zähmetsöýer, parahatçylygy söýüji, päk
ahlaklylygy, sabyrlylygy, şükranalygy özünde jemlänligidir. Ata-baba
zannyna guýlan bu häsiýetleri türkmenleri gojaman taryhyň dowamynda
beýleki milletlerden aýyl-saýyl tapawutlandyrypdyr. Şonuň üçin-de
islendik döwürde hem ol aslyny saklamagy başarypdyr. Türkmenleriň bu
ynsanperwer häsiýetleri dünýä halklaryny özüne has imrindiripdir.
Totalitar imperiýa döwründe, ýagny ýurduň işçileriniň, daýhanlarynyň we
intelligensiýasynyň, bir söz bilen aýdanymyzda, ähli milletleriň we
halkyýetleriň erk-islegini we bähbitlerini aňladýan sosialistik
umumyhalk döwletinde hem türkmen halky öz aslyny, milli ýörelgelerini
mümkingadyr saklamagy başarypdy. Bu döwürde bütin häkimiýet sowetler
ýurdunyňky, döwlet organlarynyň hemmesiniň onuň kontrollygy astynda we
olara hasabat berip durýardy. Döwlet we onuň ähli organlary sosialistik
kanunçylyk esassynda gurnalansoň, ähli ugurlarda, wezipelerde diýen
ýaly ýerli milletiň wekilleri däl-de, häkimiýeti gurujylar işleýärdi.
Emma muňa garamazdan, türkmenler niç bir milletiň dinine, gelip
çykyşyna, milletine garamazdan, olar bilen el-ele berip, dostana
gatnaşykda bolup ýaşapdylar.
Bu
ýyllarda mähriban türkmen halky özüne dostluk goluny uzadan rus halky
bilen hem edil beýleki halklara bolan garaýyşda dost-doganlyk
gatnaşygynda boldy. Olar bilen ele-ele berip işledi, ýaşady.
Ýöne
bir hakykat bolsa halkymyza aýandy, ol hem ahyry, irde-giçde
ata-babalarynyň arzuwlan zamanasynyň ak Güneşiniň atyp, gursaklarda
özbaşdak ýurtly, illi, döwletli bolmak hakyndaky arzuwynyň hasyl
boljakdygydy. Halkymyzyň bu arzuwy 1991-nji ýylda myrat tapyp,
ata-babalarymyzyň arzuwy hasyl boldy. Ýurdumyz Garaşsyz Türkmenistan ady
bilen äleme äşgär boldy.
Halkymyzyň
ykbalynda täze döwrüň başlanýan bu döwründe hem biziň erkinligimizi,
özygtyýarlygymyzy goldan, gutlan ilkinji döwletleriň biri ýene-de rus
halkydy. Bu dost-doganlygyň mizemezliginiň beýik nyşanydy. Jebisligiň
kepilidi. Şonuň üçin-de bu dost-doganlygyň köki häzirki döwürde gün
geldigiçe çuňluklara sary uzaýar.
* * *
2007-nji
ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk
tarapyndan biragyzdan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy
bilen ýurdumyzyň taryhynda täze eýýam başlandy. Ynsanperwerligi,
dost-doganlygy, parahatçylygy baş şygar edinen bu döwürde Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan milli Liderimiziň başda durmagynda ,,Açyk
gapylar’’ syýasatyny yglan edip, dünýä halkaryna dostluk goluny
uzatdy.
Bu
döwürde rus we türkmen halklarynyň müňlerçe ýyllardan bäri
dowam edip gelýän dostluk-doganlyk gatnaşyklary Russiýanyň
we Türkmenistanyň Prezidentleriniň tagallalary esasynda
has okgunly häsiýete, täze öwüşgine eýe bolup,
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynyň täze sahypasyny
açdy diýsek, has dogry bolardy. Uzakmöhletleýin özara
bähbitli hyzmatdaşlyk berkeýär we ol taraplaryň hoşniýetli
erk-islegi we tagallalary netijesinde soňky ýyllarda hil
taýdan täze derejä çykaryldy. Onuň esasy ugurlaryna
söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, oba
hojalygy, gurluşyk we beýlekiler degişlidir. Ynsanperwer
ugur bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde we
berkitmekde örän wajyp hyzmaty ýetine ýetirýär. Şonuň üçin
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ylym-bilim, medeni
gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegine uly üns berýärler. Iki
ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň gyşarnyksyz
artmagy, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda,
ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklaryň
giňelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen ýaşlary
Russiýanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini
artdyrýarlar. Rus alymlary Türkmenistanda ýokary derejede
geçirilýän halkara ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar we
öz türkmen kärdeşleri bilen ýakyndan aragatnaşyk
saklaýarlar. Türkmenistanyň paýtagtynda I.A.Gubkin adyndaky
Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň bölüminiň,
şeýle-de A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta bilim berýän
mekdebiň hereket etmegi hem hil taýdan täze gatnaşyklaryň ýokary
häsiýete ýediginiň aýdyň netijesidir.
Türkmenistan
Russiýanyň sebitleri bilen işjeň hyzmatdaşlyga aýratyn
üns berýär, sebäbi olar türkmen-rus gatnaşyklarynyň has hem
ösmegine itergi berýär. Türkmenistanyň we Russiýa
Federasiýasynyň her ýyl üsti anyk işler bilen doldurylýan
Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg
ýaly iri şäherleriniň we sebitleriniň arasyndaky netijeli
gatnaşyklaryň ösüşini döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp
ugry hökmünde mysal getirmek bolar.
Türkmen
paýtagtynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň
Medeniýet günleriniň geçilmegi türkmen we rus halklarynyň
arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň, iki halkyň medeniýetleriniň
hyzmatdaşlygynyň pugtalanýandygynyň aýdyň
suwutnamasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Astrahan oblasty
bilen Türkmenistany häzirki döwürde täze hile we
many-mazmuna eýe bolýan, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna esaslanýan ozaldan gelýän ykdysady hem-de
medeni hyzmatdaşlyklar baglanyşdyrýar. Şeýle iri medeni
çäreleri geçirmek indi gowy däpleriň birine öwrüldi. Munuň
özi Iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özara peýdaly we ruhy
gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge bolan
ikitaraplaýyn meýilleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Şu
ýerde Russiýanyň işewürleriniň geljegi uly türkmen
bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandygyny-da
bellemelidiris. Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň
birnäçesi türkmen bazarynda eýýäm üstünlikli işleýär.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem geljegi uludyr. Şol
hyzmatdaşlyk bolsa ýylyň-ýyllyna täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýar. Mhlasy, russiýalylar Türkmenistanyň
gazananlary we halkyň ýaşaýyş aýratynlykary bilen
tanyşmaga yzygiderli mümkinçilik tapýarlar. Myuňa birje mysaly
getirmek artykmaçlyk etmese gerek.
Mälim
bolşy ýaly,2011-nji ýylyň maý aýynda “ GDA-nyň 20 ýyllygy:
hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly halkara sergisi
geçirildi. Bu halkara ähmiýetli forum Türkmenuistanyň
garaşsyzlyk döwründe halk hojalygynyň dürli ugurlarynda
gazananalary bilen giňden tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň çapdan çykaran
kitaplary şol ýylyň sentýabr aýynda Moskwanyň halkara kitap
sergi-ýarmarkasyna üçünji gezek gatnaşdy. Türkmen
poligrafistleri sergi-ýarmarkada ýüzden gowrak, ýokary
poligraf derejede bezelip, neşir edilen kitaplaryny –
çeper, okuw we çagalar üçin niýetlenen kitaplar bilen
bilelikde döwürleýin neşirleri hem görkezdiler. Munuň özi
ikitaraplaýyn jebis işleriň miwesidir.
Ýurdumyzyň
“Açyk gapylar” syýasaty, giň halkara hyzmatdaşlygy
syýasaty, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy
berkitmegi, ählumumy durnukly ösüş üçin amatly şertleri
döretmegi maksat edinýän ynsanperwer taglymlary
hem-de başlangyçlary Türkmenistan bilen Russiýa
Federasiýasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin
gatnaşyklaryň has hem ösjekdigine, dostluk-doganlygyň
dowamatynyň dowamat boljakdygyna kepil geçýär.
Şaguly Gurbanow
Resource: http://gundogar-news.com/index.php?category_id=3&news_id=342
No comments:
Post a Comment