GARAGUMDA BITEN GÜL
Annasoltan Kekilovanyñ keç ykbaly
Makala: ШВЕТЦЯ - Ak Welisaparow
Annasoltan Kekilowanyn təze işlenen suraty: Dr. H. Ownuk - Toronto
Annasoltan Kekilova 1942-nji ýylda Aşgabady alkymlap oturan Köşi obasynda dogulýar. Annasoltanyñ aýratyn zehinlidigi ýaşlykdan bildiripdir, ilkinji goşgularyny ol entek mekdep okuwçysyka ýazypdyr. Annasoltanyñ iñ wepaly okyjysy we diñleýjisi ejesi Ogulgerek eken. Ogulgerek daýzanyñ özi-de örän şahandaz aýal bolupdyr. Ol könelerden galan goşgulary öz çagalaryna ýatdan aýdyp berer eken. Ýaşajyk Annasoltanyñ şahyr bolup ýetişmeginde ejesiniñ täsiriniñ uly bolandygyny Annasoltanyñ: ”Sen maña erteki ýaly aýdymlaryñ bilen egsilmez joşguny, bagty, ýagty umydy sowgat etdiñ, eje jan. Sen meni gök asmanyñ astynda öz patañ bilen uzak ýollara atardyñ. Şonuñ üçinem seniñ öñüñde dyza çökýärin…” diýen setirlerinden bilse bolýar.
Annasoltanyñ ady dili düşýär, respublikanyñ gazet-jurnallary onuñ ýönekeýden owadan setirlerini höwes bilen çap edýärler. Ol öz ilkinji goşgularynda önüp-ösen obasynyñ, daglaryñ gözelligini wasp edýär. Emma siñe syn etseñ, şol irki goşgularynda-da Annasoltanyñ eýýäm dünýäniñ gurluşy baradaky oýlanmalary ýüze çykýar. Ol tebigaty diñe synlap ýa-da wasp edip oñmaýar, tebigatyñ üsti bilen käbir filosofiki pikirleri öñe sürmäge synanyşýar. ”Şol daglañ hem ýüreginiñ dagy bar” diýmesi onuñ şahyr ýüreginde irgözünden dörän haýsydyr bir ünjüden habar berýär. Ol öz ýüregindäki ünjüni daglar, agaçlar, guş-gumursy bilen paýlaşmak, olar bilen derdinişmek isleýär:
Biziñ gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniñ Almaly,
injirli gözel bagy bar.
Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniñ Almaly,
injirli gözel bagy bar.
Basym onuñ goşgulary gazet-jurnallaryñ sahypalarynda görnüp ugraýar. Türkmen Döwlet Universitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girensoñ ýaş şahyryñ goşgularynyñ çap edilmegi adaty zada öwrülýär. Şol döwürde onuñ goşgulary ”Mydam taýýar”, ”Ýaş kommunist”, ”Edebiýat we sungat” gazetlerinde ”Sovet Türkmenistanynyñ aýallary” jurnalynda çap edilýär. Annasoltanyñ edebiýatda ilkinji ädimleriniñ şowly bolmagynda onuñ meşhur Şaly we Aman Kekilovlaryñ maşgalasyndan bolmagy, elbetde, täsir edýär, oña şübhe ýok. Ýöne, görnüşine görä, Annasoltan hiç haçanam Kekilovlaryñ maşgala şöhratyna ýaplanyp, añsadyna bakmakçy bolmandyr, edebiýatda-da, durmuşda-da öz ýoluny gözläpdir. Muny şahyryñ aşakdaky setirler doly subut edýär:
Eger-de meñ boljak bolsa duşmanym,
Ajdarha dek belent bolsun dünýäde.
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüñi oklanyñ oda.
Ajdarha dek belent bolsun dünýäde.
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüñi oklanyñ oda.
ŞAHYRYÑ ÜÇ ADY
Annasoltan Şaly we Aman
Kekilovlaryñ iñ uly agasy Seýit Kekilovyñ körpe gyzy. Şol sebäpdenem onuñ
ilkinji goşgulary Seýidova familiýasy bilen çap edilýär. Türkmen Döwlet
Universitetine okuwa girensoñ, ol 19 ýaşynda durmuşa çykýar we şondan soñ
goşgularyny Ylýasova familiýasy bilen çap etdirýär. Emma 1968-nji ýylda,
adamsy bilen aýrylyşansoñ, ol öñki ”Seýidova” diýen gyz familiýasyna
dolanman, öz kakasynyñ familýasyny alyp, Kekilova bolýar.
Annasoltan Kekilowa |
Bu örän gyzykly fakt.
1983-nji ýylda bu barada ýaşuly türkmen terjimeçileriniñ biri maña şeýle
gürrüñ berdi: ”Annasoltan baradaky ýakymsyz gürrüñler ol ”Mydam taýýar”
gazetinde işleýärkä çýkyp ugrady. Oña birde ”syýasy taýdan yrga goşgy
ýazýar” diýdiler, birde ”gözilginç geýinýär, birde-de gözilginç gezýär”
diýdiler, garaz, ady ile doldy. Ýöne Aman Kekiliñ abraýy uly bolansoñ,
esli wagtlap oña kän azar bermediler, agasy Aman Kekiliñ üsti bilen ony
ýuwaşatjak boldular. Ilkibaşda goşgularyny, kitaplaryny-da gadagan
etmediler. Soñ halys bolmansoñ, hökümediñ adamlary Aman Kekile ”eger siziñ
özüñiz oña erk edip bilmeseñiz, onda biz çäre görjek” diýpdirler. Emma
Annasoltan agasynyñ sözüni diñlemändir, onuñ göwnüni ýykypdyr. Onsoñ olar
gatyrganyşypdyrlar. Aman Kekil oña: ”Eger şu wagt meniñ diýenimi
diñlemeseñ, soñ menden kömege garaşma” diýipdir. Soñ onnoñ Annasoltanyñ
ýagdaýy bulaşdy gidiberdi. Tiz wagtdan ol ”Mydam taýýardan” işden kowuldy.
Annasoltanyñ işi has bulaşyberensoñ, Aman Kekiliñ maşgalasy ”Annasoltan
bizden däl” diýip, garyndaşlykdan boýun gaçyrýarlar. Ana, onsoñ
Annasoltanam şonda gahar edip, ”siz eýtseñiz, menem beýderin” diýip,
alagada Kekilov familiýasyna geçdi oturyberdi…”
ILKINJI
KITAPLARY
1968-nji ýylda onuñ
”Zenanlar” atly birinji goşgular kitaby çap edilýär. Kitap okyjylar
tarapyndan gyzgyn garşylansa-da, resmi syýasatyñ islegine duýgur edebi
tankytçylar ýaş şahyryñ kitaby barada artykmaç gowy sözleri aýtmakdan
saklanypdyrlar.
Annasoltan öz goşgularyny
rus dilinde çap etdirip, okyjaylarynyñ auditoriýasyny giñeltmäge
ymtylypdyr. Goşgularyny onuñ hut özi türkmençeden rusça sözme-söz terjime
edipdir. Moskvada kollektiv ýygyndyda çap edilen goşgularyndan onuñ
sözme-söz terjimeleriniñ hiliniñ gowy bolandygyny añsa bolýar.
Annasoltana hakyky şahyrlyk
şöhraty 1971-nji ýylda ”Gara saçlarym” atly ikinji kitaby çap edilensoñ
gelýär. Ýöne, arman, ol bu şöhratyñ hözürini uzak görüp bilmeýär. Öz
sözlerine düzülen aýdymlary diñläbem lezzet almaga onuñ eli degmeýär. Ol
wagt eýýäm ”antisovet pikirleri bar” diýen şübhe bilen onuñ yzyna çynlakaý
düşülipdir.
ÝÜREK AGLAR
GÜN-GÜNDEN…
1970-nji ýylda Annasoltan
ilki Türkmenistan kompartiýasynyñ Merkezi Komitetine arza bilen ýüz tutýar,
özüne nähak ýere gysyş görkezilýändiginden zeýrenýär. Emma netije çykmaýar.
Onsoñ ol 1971-nji ýylyñ 30-njy martynda Moskvada başlanan SSKP MK-nyñ
nobatdaky XXIV gurultaýyna arza ýazýar. Bar bolan maglumatlara ynansañ,
onda Annasoltan Kekilova Moskvada 10 gün dowam eden gurultaýa iki gezek
arza ýazyp ýetişen bolup görünýär. Ýöne iş ýüzünde ýagdaý biraz başhaçarak
bolmaly. Ol SSKP MK-nyñ XXIV gurultaýyna ýazan giñişleýin hatynda
Türkmenistanda aýal-gyzlaryñ entegem hukuksyz galýandyklaryny, erkekleriñ
olaryñ üstünden höküm sürýändigini, respublikada aýal-gyzlara ýol
ýokdugyny, respublikanyñ ýolbaşçylygynyñ bolsa bu ýagdaýa göz ýumýandygyny
ýazýar.
Onsoñ şahyr gelniñ arzasy
boýunça Moskvadan Türkmenistana SSKP MK-nyñ ýörite düzen barlag
komissiýasy iberilýär. Moskvadan gelen Komissiýa Türkmenistan
kompartiýasynyñ işini barlaýar. Respublikada aýal-gyzlañ ýagdaýy bilen
gyzyklanýar. Emma Türkmenistan kompartiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ şol
wagtky 1-nji sekretary Muhammetnazar Gapurova merkezden gelen komissiýany
aldawa salmak başardýar. ”Bu ýerde hemme zat gülala-güllük, arza ýazan
gelin bolsa, kakabaş, arzaçy” diýip, barlagçylary köşeşdirip, yzyna
iberýärler.
Onsoñ imperiýanyñ
merkezinden gelen haýbatly komissiýa göz üçin birki sany bellik eden bolup,
yzyna gaýdýar. Şondan soñ Annasoltanyñ ýagdaýy gowulaşmakdan geçen, gaýta
öñküsindenem agyrlaşýar. Türkmenistan kompartiýasynyñ görkezmesi boýunça
respublikanyñ gizlin gulluklary şahyry şondan soñ ymykly göz astyna
alýarlar. Muny tassyklaýan iki sany degerli fakt bar: birinjiden,
Respublikan metbugatda şondan soñ onuñ goşgularynyñ çykarylmagy bes
edilýär; ikinjiden, ”Mydam taýýar” gazetinde işläp ýören şahyr gelin ol
ýerden öz arzasy bilen işden boşadylýar…
NÄZIK ŞAHYR ÝÜREK
GÖDEK REJIM BILEN ÇAKNYŞÝAR
Moskvadan ýörite iberilen
komissiýanyñ öz işine beýle sowuk-sala çemeleşmegi Annasoltany lapykeç
edýär. Ol Moskva eýýäm öz işini tamamlan partiýa gurultaýynyñ adyna
täzeden ikinji arzasyny ýazýar. Türkmen aýal-gyzlarynyñ ýagdaýynyñ
çydardan agyrdygyny, olara ýolbaşçy işleriñ ynanylmaýandygyny,
aýal-gyzlara bolan feodal garaýşyñ dowam edýändigini nygtaýar. Bu
ýetmezçilikleri barlamaga iberilen komissiýanyñ öz işine sowuk-sala
çemeleşendigini-de görkezýär. Eger arzasyna çynlakaý garalmasa, mundan
beýläk özüni SSSR-iñ grajdany diýip hasap edip bilmejekdigini habar berýär.
Ine, şu sözi-de, görnüşine görä, Annasoltanyñ bagtyny ýatyran bolmaly…
Moskvada bu haty okan
adamlar uly howsala düşen bolsalar gerek. Sebäbi edil şol döwürde
imperiýanyñ merkezinde ady dünýä belli akademik Andreý Saharov, meşhur
ýazyjy Aleksandr Solzhenisyn we başga-da onlarça intillgensiýa wekilleri
sovet totalitar erjiminiñ garşysyna açyk baş göteripdiler. Onsoñ
imperiýanyñ çet ülkesinde-de kimdir biriniñ bu göreşe ses goşup biljekdigi
Moskvany uçursyz gorkuzan bolmaly. Sovet häkimiýeti şondan soñ ýaş gelniñ
arzasynda görkezilen kemçilikleri düzetmekden geçen, gaýta onuñ özüni iş
edinýär. SSSR KGB-si Annasoltany ynamdan gaçan şahsyýet hökmünde ykjam göz
astyna alýar. Tiz wagtdan şahyr gelniñ daşynda ýürekgyzdyryjy boşluk emele
gelýär: Aşgabatda tanyş-bilişleri onuñ bilen gatnaşmakdan, tirkeşmekden,
hatda salamlaşmakdan gorkup ugraýarlar.
Öz töwereginde bolup geçýän
ýakymsyzlygy görüp, Annasoltan protest hökmünde özüniñ SSSR-iñ
grajdanlygyndan ýüz öwürýänligini yglan edýär. Moskva gidip, ol ýerde şol
döwürde ady belli dissidentler bilen duşüşýar. Käbir maglumatlara görä,
Annasoltany moskvaly dissidentler bilen tanyşdyran Elena Bonner bolmaly.
Çünki Elena Bonneriñ asly Türkmenistanly. Ol 1923-nji ýylyñ 15-nji
fevralynda Maryda dogulan. Annasoltanyñ birnäçe gün ady dünýä belli sovet
dissidenti akademik A.Saharovyñ öýünde ýaşanlygy hakynda-da tassyklanmadyk
maglumat bar. Bu maglumatyñ janynyñ bar bolmagy ahmal, sebäbi diñe bir
E.Bonneriñ däl, eýse sovet vodorod bombasynyñ atasy hasaplanýan
A.Saharovyñ ykbalynyñ-da Türkmenistan bilen galtaşýan ýeri bar. Ikinji
Jagan urşy başlananda onuñ okap ýören Moskva Döwlet Universitetiniñ fizika
fakulteti wagtlaýynça Aşgabada göçürilýär. Şeýlelikde akademik A.Saharov
ykbalyñ oýny bilen Moskva Universitetini 1942-nji ýylda Aşgabatda tamamlap,
Türkmenistanda Universitetiñ diplomyny alýar.
Akademik A.Saharov bilen
E.Bonner 1970-nji ýylda tanyşýarlar we 1972-nji ýylyñ ýanwarynda
nikalaşýarlar. Olaryñ ikisiniñ-de Türkmenistana dahylynyñ bolmagy
Annasoltan Kekilovanyñ moskvaly dissidentleriñ aýlawyna girmegine oñyn
täsir eden bolsa gerek.
Edil şol döwürde Annasoltan özüne Angliýadan syýasy gaçybatalga berilmegini sorap, Angliýanyñ Moskvadaky ilçihanasyna ýüz tutýar. Emma nämüçindir onuñ işi şowuna düşmändir. Şonuñ üçinem ol tiz wagtdan Aşgabada dolanmaly bolýar. 1971-nji ýylyñ 26-njy awgustynda Annasoltanlaryñ gapysynda çagyrylmadyk ýerden ”Tiz kömek” maşyny peýda bolýar we ak halatly jellatlar şahyryñ näzik ellerini gañryp, arkasyna towlap dañýarlar we ony zor bilen maşyna dykyp, dälihana alyp gidýärler. Näme bolup geçýändigine düşünmän, gorkup ejesiniñ ýanyna ylgap gelen 9 ýaşlyja ogluny gapdala südürläp goýberýärler…
Edil şol döwürde Annasoltan özüne Angliýadan syýasy gaçybatalga berilmegini sorap, Angliýanyñ Moskvadaky ilçihanasyna ýüz tutýar. Emma nämüçindir onuñ işi şowuna düşmändir. Şonuñ üçinem ol tiz wagtdan Aşgabada dolanmaly bolýar. 1971-nji ýylyñ 26-njy awgustynda Annasoltanlaryñ gapysynda çagyrylmadyk ýerden ”Tiz kömek” maşyny peýda bolýar we ak halatly jellatlar şahyryñ näzik ellerini gañryp, arkasyna towlap dañýarlar we ony zor bilen maşyna dykyp, dälihana alyp gidýärler. Näme bolup geçýändigine düşünmän, gorkup ejesiniñ ýanyna ylgap gelen 9 ýaşlyja ogluny gapdala südürläp goýberýärler…
Şeýdibem Annasoltanyñ
başyndan gara günler inýär. Şondan soñ ony howply duşman hökmünde tä
ölýänçä jemgyýetden izolirleýärler. Türkmen jemgyýetçiligi ony entek
dirikä büs-bütin diýen ýaly ýatdan çykarýar. Nähili aýylganç rejim bilen
çaknyşandygyna oñly düşünip hem ýetişmedik şahyr gelin erkinligini
hemişelik ýitirýär.
Sovet rejimi erkin pikirli
şahyrdan elhenç ar alýar we Annasoltan Kekilovadan hemişelik dynmak üçin
dälihanany türme edip ulanýar. Gözenegiñ añrysyna salnan şahyr gelne hiç
kimden kömek bolmaýar: ne dogan-garyndaşdan, ne dost-ýardan, ne ýazyjy
kärdeşlerinden, ne-de türkmen-sovet jemgyýetçiliginden…
Bu eden-etdilik bilen
hemmeler sessiz-üýnsüz ylalaşýar, diñe bir adam ylalalşyp bilmeýär, diñe
bir adam gije-gündiz bagryny paralaýar. Ol hem öz hüwdüleri, ýatdan aýdyp
beren goşgulary, gazallary bilen ýaşajyk Annasoltanyñ ýüreginde irgözinden
poeziýa söýgi
oýaran Ogulgerek daýza, şahyryñ ejesi.
Ogulgerek daýza gözenege salnan gyzyny boşadyp bilmese-de, onuñ halyna
aglap, baryp dälihananyñ aýnasynyñ öñünde sagatlap oturyp gaýdar eken…
Dowamy bar...
No comments:
Post a Comment