Hydyr Deryaew - Ykbal romany |
Yelharaz: Derýaýew Hydyr – sowet
döwründen türkmen dil biliminiň meseleleri bilen irki wagtlardan bäri
gyzyklanan lingwistleriň biri. Türkmenistanyň halk ýazyjysy,
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň korrespondent çleni (1969),
dosent. Ol 1905-nji ýylda Mary raýonynyň Egrigüzer obasynda daýhan
maşgalasynda dogulýar.
1920-nji ýylda Marydaky internata okuwa
girýär, ýöne ony gutarmanka, Hydyr Derýaýewi Aşgabatdaky inprosa
(institut prosweşeniýa) alýarlar....
H.Derýaýew mugallymçylyk işine 1925-nji
ýylda başlaýar. Şol ýyl ol Orta Aziýanyň profkursunda okadyp başlaýar.
1927-1931-nji ýyllarda ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň pedfakynda
okaýar, ony 1931-nji ýylda tamamlap Aşgabada gelýär.
Ol Aşgabat döwlet pedagogi k
institutynda ilki assistent, soň dosent bolup işleýär. 1933-nji ýyldan
başlap kafedra ýolbaşçylyk edýär.
1933-1937-nji ýyllarda H.Derýaýew
türkmen dili boýunça birnäçe ahmiýetli işleri neşir edýär. Ilkinji
gezek, ýagny 1933-nji ýylda onuň 6-7-nji klaslar üçin «Türkmen diliniň
sintaksisi» diýen işi çykýar. Bu okuw kitaby 1937-nji ýyla çenli neşir
edilýär.
1934-nji ýylda onuň ýediýyllyk mekdepler
üçin «Türkmen diliniň grammatikasy», «Ýewropalylar üçin türkmen dili»
diýen işleri çykýar. 1936-njy ýylda bolsa, Türkmenistanyň Birinji
lingwistik gurultaýyna tezisler hökmünde «Türkmen diliniň sintaksisiniň
we punktuasiýasynyň esasy meseleleri» atly uly makalasy peýda bolýar.
Hydyr Derýaýew Türkmenistan SSR Ylymlar
akademiýasynyň Dil bilimi institutynda ilki kiçi ylmy işgär, soňra
starşiý ylmy işgär wezipelerinde işleýär. Ol türkmen diliniň taryhyna
degişli birnäçe makalalar ýazýar. Olaryň arasynda «Geljek zaman
işliginiň käbir meseleleri», «Türkmen diliniň taryhynyň meseleleri»,
«Magtymgulynyň eserleriniň gözleginde» diýen ýaly gyzykly meseleleri
orta atýan makalalar bar.
Soňky ýyllarda H.Derýaýew çeper
döredijilik işi bilen çynlakaý meşgul bolup başlady. Ol türkmen sowet
edebiýatyny täze proza, drama, poeziýa eserleri bilen baýlaşdyrdy.
Ýazyjynyň meşhur «Ykbal» romany «Ganly penjeden» ady bilen 1937-nji ýylyň oktýabrynda çap bolup çykýar.
Awtor soň «Ganly penjeden» atly romanyny täzeden işläp, 1960-njy ýylda «Ykbal» ady bilen neşir etdirdi.
«Ykbal» romany awtora uly meşhurlyk getirdi. TSSR-iň Halk ýazyjysy has öndümli işlemäge başlady.
1962-iji ýylda romanyň ikinji kitaby,
1966-njy ýylda üçünji kitaby, 1971-nji ýylda bolsa romanyň ahyrky
—dördünji kitaby çap bolup çykýar. Onuň eserleri okyjylar tarapypdan
oňat garşylanýar.
Ýazyjynyň «Mähri», «Hojanepes» atly
belli drama eserleri Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryň
sahnasyndan düşmän gelipdir.
1971-nji ýylda Hydyr Derýaýewiň «Harasat» atly romany çapdan çykdy.
Edebiýat meýdanynda bitiren hyzmatlary
üçin ol Lenin ordeni (1967) bilen sylaglandy. 1969-njy ýylda Hydyr
Derýaýewiň türkmen sowet dil bilimine, türkmen sowet edebiýatyna goşan
goşantlaryny nazarda tutup, TSSR Ylymlar akademiýasy ony
korrespondent-çlenlige saýlady. Ýazyjy, dosent Hydyr Derýaýew döwletiň
Ýazyjylar Soýuzynyň işine aktiw gatnaşdy.
Hydyr Derýaýew 1988-nji ýylda aradan çykdy.
No comments:
Post a Comment