Saturday, November 16, 2013

Magtymgulyny aýan dilçi zenan – Zylyha Muhammedowa- زلیخا مأممدوا از زیانشناسانی است که مختومقلی را شناساند

Ulaltmak üçin surayň üzüne çelgi!
EBEDI YKBALLAR -
MUHAMMEDOWA ZYLYHA BAKYÝEWNA (1922-1984) – Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory. Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri. Ol Mary oblastynyň Mülkýusup obasynda dogulýar.
Zylyha Ýolöten raýonynyň I.S.Turgenow adyndaky ýediýyllyk mekdebinde okaýar. Soňra Aşgabat şäherindäki 18-nji mekdebi 1938-nji ýylda ekstern gutarýar.
1938-1941-nji ýyllarda Aşgabadyň A.M.Gorkiý adyndaky döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetinde okaýar. Okuwy gutarandan soň, ol institutyň edebiýat kabinetiniň müdiri bolup işleýär. 1945-nji ýylda Zylyha SSSR YA-nyň SSSR halklarynyň dili we ýazuwy institutynyň aspiranturasyna kabul edilýär.
SSSR YA-nyň habarçy-agzasy, görnükli türkolog N.K.Dmitriýewiň ýolbaşçylygynda aspiranturanyň doly kursuny tamamlaýar. 1948-nji ýylda bolsa SSSR YA-nyň Dil bilimi institutynyň alymlar Sowetinde «Magtymgulynyň diwanynyň Astrabat golýazmasynyň dili» diýen tema boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.
1948-1949 – njy  ýyllarda ol Pedagogik Ylymlar akademiýasynyň Milli mekdepler institutynda uly ylmy işgär bolup işleýär.
1949-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda häzirki zaman türkmen dili sektorynyň müdiri, şol sektorda uly ylmy işgär, diliň taryhy sektorynyň müdiri, starşiý ylmy işgäri bolup işleýär. 1951-nji ýylyň iýunynda döwletiň ylmy we medeni durmuşynda uly özgeriş bolup geçýär. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialy Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasyna öwrülýär. Z.B.Muhammedowa şol ýyl TSSR YA-nyň habarçy agzalygyna saýlanýar. 1966-1973-nji ýyllarda golýazmalar sektoryna ýolbaşçylyk edýär.
1973-1984-nji ýyllarda Zylyha Bakyýewna şol institutyň türkmen diliniň taryhy we dialektologiýasy sektorynda uly ylmy işgär wezipesinde işleýär.
1969-njy ýylda Z.B.Muhammedowa «XI—XIV asyr türkmen diliniň taryhy boýunça derňewler» (arap dilinde ýazylan filologik eserler esasynda) doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Alym ylmy kadrlary taýýarlamak işine aktiw gatnaşýar. Onuň ýolbaşçylygynda birnäçe ýaşlar filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldylar. Ol ençeme adamlaryň goran doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň resmi onponenti bolup çykyş etdi.
Zylyha Bakyýewna Muhammedowa 80-den gowrak ylmy makalanyň, «XI-XIV asyr türkmen diliniň taryhy boýunça derňewler» atly monografiýanyň awtorydyr.
Onuň makalalaryny özüniň häsiýeti boýunça esasy 4 ugra bölmek mümkin: 1) rus klassyk edebiýaty boýunça (A.S.Puşkin, A.P.Çehow, N.W.Gogol) edilen terjimeler hakynda; 2) türkmen edebiýaty hakynda; 3) türkmen diliniň leksikasy (onomastika, halyçylyga degişli terminler, fauna we flora degişli leksika, etnonimler, aýry-aýry sözleriň etimologiýasy); 4) türkmen diliniň taryhyna degişli ylmy derňewler. Onuň makalalarynyň birnäçesi bütinsoýuz, daşary ýurt žurnallarynda çap edildi.
Zehinli alym filologiýa ylmyny ösdürmekde, ökde hünärli ylmy kadrlary taýýarlamakda bitiren hyzmatlary üçin 1972-nji ýylda Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri diýen hormatly ada mynasyp boldy. 1978-nji ýylda ol Türk Dil Kurumynyň habarçy agzalygyna saýlandy.
Ol leninçilik ýubileý medaly hem-de TSSR Ýokary Sowetnniň Prizidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglandy. (“Türkmen dilçileri” H.Muhyýew, S. Kürenow, “Magaryf” neşirýaty, 1988 )

No comments:

Post a Comment