Jüneýit Han |
Wagty: 13/07/2008 12:34- Jüneýit Hanyñ hakyky ady Gurbanmämmet serdar bolup,ol 1862 nji ýylda häzirki Görogly etrabynyñ Bedirken obasynda dogulýar.onuñ kakasynyñ ady –Hajybaý bolupdyr. Jüneýit Han ýomutlaryñ orsukçy urugynyñ Jüneýit tiresinden- dir.Jüneýit Han bir näçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir.20-nji asryñ başlarynda Hywa Hany patyşah hökümetiniñ goldawyna daýanyp,Türkmenleriñ üstünden berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän suw-ýer we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsyz hem patyşah hökümetiniñ kolonyýal syýasaty zerarli horluk baryn gören Türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar.Türkmenleriñ şeýle agyr ýagdaýa düşmegi, Jüneýit Hany orta çykarýar.ilkibada ol özüniñ gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp,Serdar adyna mynasyp bolýar.Soñra ownukrak galtamanbaşlarynyñ serdarlaryñ birnäcesini özüne tabyn edýär,hatda,adalatyñ hatyrasy üçin özüniñ doganoglany-da öldürýär.Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar.öz tiresiniñ ady bilen baglanşykly ony Jüneýit Han diýip atlandyryp başlayarlar....
Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyñ garyp ýa-da bay bolmazdan garamazdan,olaryñ ar-nam ys-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneýit Hanyñ adalatly taraplary barada ilat arasynda aýdylýan gürüñler köp.Şolaryñ birinde şeýle diýilyär : “Bir gün Jüneýit Hanyñ ýanyna ýumutlaryñ uşak ugryndan bir pukara gel-ipdir.Ol "6 ýyllap baýyñ dowaryny bakdym,keýwanym hem şolaryñ gapysynda hyzmat etdi,indem dogmamyz ýetişdi,öýli-işikli etmek üçin mal-teññe gerek diýsem,ýeñsesi bilen gepleşýär" diýip,Hana arz edipdir.Jüneýit Han :-Näme üçin öñräk gelmediñ?—diýipdir.Ol :hudaýlygym sözlesem,şol baý siziñ bilen gatnaşykly bolansoñ çekindim—diýip jogap berýär.Onda Jüneýit Han :--Özünden ejizi ynjydýan bolsa,iki gözümiñ birem bolsa,menden şoña eglişik bolmaz. Onda şeýdýäs,alty ýyllyk hakyñ üçin baý gyzyny seniñ ogluña berer.Häzir men seniñ üçin birküç adamy sawçylyga iberjek.Aýalyñ hyzmatynam öýüñe ýetip-ýetmänkäñ üzleşer ýaly ederin.Bu gürrüñe agzy uçuklan pukara zordan gürrüñini düşündiripdir.Ýöne Han gürrüñi çagalamandyr: Bar-da toý gamyñ bilen bolubyr,saña,täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga mylt etse, men şol baýa ärmämmet diýerin—diýipdir.1912-13nji ýyllarda Hiwa Hany patyşah hökümetiniñ kömek bermegi netijesinde Türkmen obalaryndaky gozgalañy basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş geçirýär.Jüneýit Han bolsa Türkmenleri töweregine jemläp,olara garşylyk görkezýär.Indi Jüneýit Hany diñe Türkmenler däl,eýsem,Hiwa hökümetiniñ alyp barýan syýasatyndan nägile bolan Özbekler, garagalpaklar,gazaklar hem aktiw goldadylar.
Ol halkyñ bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr.
1913nji ýylda Türkmenleriñ ýaraglanan topary 15 müñe ýetipdir.Türküstandan patyşah russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit Hanyñ uly daýanç boljakdygyna käbir daşar ýürt hökümetleri hem oñat düşünipdirler. Dowamy - دوامی
ReplyDeleteŞoña görä-de 1914nji ýyldan başlap Jüneýit Hanyñ ähli alyp baran işlerine ilki Germen-Türk,soñra bolsa Ingilis-Türk razwedkasy goldaw berýär.
1916nji ýylda Hiwa Hanynyñ eden-etdiligi,patyşah russiýasynyñ koloniýal sütemi diñe bir Türkmenleri däl, eýs- em Özbekleri,Garagalpaklaryñ we beýleki halklaryñ hem halys degnasyna degýär.
Hiwa hany ýerli halkyñ namysyna degip,hatda ýetişen gyzlary zorluk bilen alyp,öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär.
Şonuñ üçin Jüneýit Han Türkmeniñ Ar-Namysy üçin ykjam aýaga galýar.ony goldaýan toparlar has köpelýär Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr.
Jüneýit Han gerek ýerinde näçe gazaply bolanda-da bolsa, yslam dininiñ we şerigatyñ düzgünini dogry hem berk ýöridipdir.
Bu meselede ol Han Işan bilen bilelikde hereket edip,Hiwa hanlygyny,başarsa,bütün Türküstany Rus basabalyjalaryndan azat etmäge synanyşýar.Ýöne bu meselede Hiwa hany Isfendýar belli derejede päsgel berýärdi.
Onuñ etmişleri zerarly,Özbekler,Garagalpaklar häli-şindi Jüneýit Handan kömek sorap,arz edip gelýär eken.
1916nji ýylyñ ýanwarynda Hojailikdäki özbekler özlerniñ nägileliklerini aýtmaga Hiwa gelende,Isfendýar han olary tossag edýär.
Hojailiniñ ýaşululary kömek sorap, Jüneýit Hana ýüz tutýar.
Ol hem 3 müñ atly nöker bilen Hiwa galasynyñ sebitine gelip, tussagedenler bir gije-gündiziñ dowamynda boşadylmasa, paýtagta girip,ählisini derbi-dagyn etjekdigini Isfendýar hana düýdüryar.
Gepleşik netije bermänsoñ, Jüneýit Han diýenini hem edýär.
Isfendýar hany bolsa tagtdan düşürýär.
Emma patyşah döwletiniñ bu işe goşulmagy bilen ol ýene-de öz tagtyna geçirilýär.
Jüneýit Han bolsa ondan 60 müñ manat hun baha alyp,ýene-de izyna dolanýar.Ýöne ýürtda halk gozgalañy barha möwüç alýar. gozgalañy basyp ýatyrmak üçin genral Galkiniñ ýolbaşçylygynda jeza beriji oterýad Türkmen obalarynyñ içinden ot we gylyç bilen geçýär.
Bu gyrgynçalyk ilat arasynda häli-şindilerem „ Galkin ýyly „ diýip ýigrenç bilen ýatlanylýar.
1916nji ýylyñ gozgalañy basylyp ýatyrlandan soñ, Jüneýit Han owganistana gidýär.
1917nji ýylyñ Sentiýabrynda ol Owganistandan izyna dolanyp gelende , ýürtda ýagdaý düýpgöter ütgäpdi.
Hiwada wagtlaýyn hökümet Isfendýar han bilen beýleki halkyñ rewolitsiýon hereketine garşy aýgytly göreş alyp barýardy.
Jüneýit Hanyñ ozalky alyp baran ähli göreşi Russ kolonizatorlaryna we Isfendýar hanyñ eden-etdiligine garşy gönükdirlen bolsa,indi wagtlaýynça olar bilen umumy ylalyşyga gelip,Sowet hökümetine garşy göreşmeli bolýar.
Bu ýagdaýda Isfendýar han hem Jüneýit Hanyñ güjüne daýanmasa, ýürdy özbaşdak dolandyryp biljek däldi.
Hywa tagtynda başga bir Han otursa-da, hakykatdan 1918-20 nji ýyllarda bütün Hiwa hanlygyny Jüneýit Hanyñ özi dolandyrýar.
Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar.Ol berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara düzümli darapdyr.
Hut şonuñ üçin Jüneýit Hanyñ ýürdi dolandyran döwründe ogurlik ,talañçylyk,günäsyz adamy öldürmek,esassyz nika bozmak ýaly Türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr.
Şol döwri gören ýaşulularyñ aýtmagyna görä,hemme zat ýatan-ýatan ýerinde , hiç kim kişiniñ zadyna birugsat el degirmändir.
1918nji ýyliñ baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrosatantsiýa gurluşugy soñy bilen hanyñ raýatyndakylary yşyk bilen üpjün etmeli eken.Ol özüniñ manatlyk teññe puluny çykardýar we salgyt systemasy- ny girizýär.
Bu ,elbetde, özbaşdak Türkmen döwletini döretmäge bolan synanşygynyñ alamatydyr.
Hiwa hany Isfendýar eden-etdilige ýüz urup,halkyñ nägeleligini gazanýar we Jüneýit Hanyñ geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanyşýar.Şonuñ üçin 1918nji ýylyñ 30nji oktiýabrynda ol Jüneýit Hanyñ görkezmesi boýunça özüniñ „ Nurallabaý „ köşgünde öldürilýär. Onuñ ýerine Isfendýaryñ kiçi dogany Seýit abdylla töräni tagta çykarýar.Ol Angiliýa,Türkiýe, Owganistan,Eýran, Buhara we Türküstanyñ ähli künjükleri bilen aragatnaşyk saklaýar.
1918nji ýylyñ 25nji noýabrynda Jüneýit Hanyñ Dörtgülde sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden hüjümi şowsyz gutarýar.Ol1919nji ýylyñ 9nji aprelindaTagta etrapynda sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmak barada-ky ylalyşyga gol çekýär.
Gol çekişligiñ iz ýany amatly pursatdan peýdalanyp,Zakaspy frontynyñ ştaby front üçin700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär.Emma Jüneýit han bu haýysy kanagatlandyrmak islemändir.Eger kömege iberäýen-dede , köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir.
Üstesine-de kömege iberjek atlylary Musulmanlaryñ ,aýratynam Oraz serdaryñ we Eziz Hanyñ garşysyna ulanmaly däldigini düýdurýar.(Ol Eziz han bilen ýakyn aragatnaşykda eken).
Sowet häkimiýetiniñ wekilleri bu teklibi kabul etmeýär.
1920nji ýylyñ 22-23nji ýylyñ ýanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzyl goşun bilen bolan aýgytly söweşden soñ , Jüneýeit hanyñ atlylary öz maşgalalary bilen Guma – Akja guýy diýen ýere çekilýär.
1921nji ýylyñ aprelinde Han Işanyñ ýolbaşçylygynda Owganistandan,Şyhym sülgüniñ ýolbaşçylygynda bolsa
Eýrandan 3muñ tüpeñ,54 muñ ok,bir näçe pulomýot we başga-da dürli harytlar ýüklenen kerwen gelýär.
1924nji ýylda Garagumda Palçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýit hana,ýene-de 270 düýe ok-däri,ýarag we başga harytlar gelýär.Şol ýylyñ ýanwarynda ol Daşhowuz,Maññyt,Şabat,Gazawat,Hañka ýaly etraplary eýeleýär we Hiwa howp salýar.
Emma Gyzyl goşunyñ jemlenen uly oterýady Jüneýit hanyñ toparyna güýçli zarba uran soñ,ol ýene-de Guma çekilmäge mejbur bolýar.
Sowet häkimiýetiniñ wekilleri Garagumda ornaşan Jüneýit han bilen özara ylalyşyga gelmek üçin gepleşikler Geçirýär.Oña G,Atabaýef,H,Aýtakow dagy hem uly sarpa goýupdyrlar.Halk komisarlar soweti1925nji ýylyñ 4nji aprelindäki karary bilen onuñ emläginiñ we watançylyk hukukynyñ eldegirmesyzdigini ykrar edýär.
Jüneýit hanyñ garamagyndaky adamlar üçin 5muñ hektar ýer bölüp berip,olary 3ýyllap sargytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öñünde tutulýar.Emma Jüneýit han ylalaşyga girmändir.Ylalaşyga girmän akylly iş edipdir,Jüneýit hanyñ mamladygyny soñky wakalar görkezdi.Sebäbi Gaýgysyz Atabaýewiñ özi hem totalitar düzgüniñ pidasy boldy.
1927nji ýylda Jüneýit hanyñ Sowet häkimiýetine garşy Ýylanlynyñ töwereklerinde alyp baran bir näçe söweş hereketleri şowsyz gutarýar.Şondan soñ 1928nji ýylyñ iýun aýynyñ aýagynda az sanly nökerleri bilen Eýrana geçýär.Soñra 1929nji ýylda Owganistana göçüp,Hyrat welaýatynyñ obalarynda Türkmenleriñ arasynda mekan tutýar we1938nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.Eşşiniñ 2 ogly Älem serdar bilen söýer Hyrat şährinde ýaşaýar.
Eşşiniñ uly ogly Taýça soñ Eýrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdir.Taýçynyñ 4 ogly häzir Eýranda ýaşaýar.
Jüneýit han kä bir ýagdaýlarda kem-käs öte geçen-de bolsa,umuman oñat alyp baran işleri adalatly we külli Türtkmeni birikdirip,bitewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanşyk bolupdyr.Ol daşary ýürtlerde bolanda-da Öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir,Türkmen adyny belent tutupdyr.
Web Resource: Gözyetim Sayty