Monday, December 30, 2013

“Emiriň ilçisi”, Gylyç Kulyýew - امیرینگ ایلچیسی» قیلیچ قولیف»

Gylyç Kulyýew
قپلپچ قولیف
Yelharaz Edebi Portal: BIRINJI BÖLÜM - KABUL: HARASATLY BAHAR
1
Kabula bir müň dokuz ýüz on dokuzynjy ýylyň bahary gijigibräk geldi. Fewral aýaklap ýördi, emma howa henizem ýumşanokdy, alem-jahan birsyhly gamaşyp durdy. Birdenem şuwwuldap, aýazly ýel öwüsdi, gar ýagdy. Şäheri iki tarapdan gurşap duran Şirderweze hem Asmai daglarynyň gerişleri, tamdyr-haýatlaryň erňekleri buz lülejikleri bilen bezeldi. Dumly- -duşy mazasyz, aňzak howa dolap aldy.
Tebigatyň gazabyna tutmagy adam barynyň keýpini bozdy, howatyrly oýlanmalara, ynjalyksyz çaklamalara sebäp boldy. Kimse: «Eýgilik bolawersin» diýip, Allany çagyrsa, kimse:


«Merhum Şiraly hanyň[1] zamanynda, iňlisler Kabula dolanda-da şunuň ýaly harasat gopupdy» diýip, ýowuz taryhy ýatlaýardy. Hernä harasat uzaga çekmedi, birden gopuşy ýaly, birdenem ýatdy. Howa sanly günde ýumşady, uzak salym geçmänkä bolsa irginsiz gyş gülberini arkasyna daňdy. Ýaz çykdy.
Ýadaw ýürekler baharyň ilki günleriniň göwün göteriji howasy bilen dem aldy. Emma ynjalyk-rahatlyk uzaga çekmedi. Tebigatyň bulaşyklygyndan-da howsalaly wakalar bütin ýurdy heýjana saldy. ýigrim birinji fewralda, Jelalabadyň golaýynda aw awlap ýorkä, emir Habibulla han öldürildi. Ýigrimi ýyla golaý çöken hökmürowanlyk birden syndy. Merhumyn jynazasy okalyp-okalmanka bolsa, tagty-täç üstünde ganly söweşler başlandy. Jelalabatda emiriň dogany Nasrulla han özüni ýurduň ýalňyz häkimi diýip yglan etdi. Kabulda bolsa emiriň üçünji ogly Amanulla han atasynyň ornuny eýeledi. Ýurt ikä bölündi, iki häkimlik döredi. Häkimleriň hersiniň öz arkadaýanjy, bilbaglaýan güýji bardy.
Bir hepdä golaý çeken aldym-berdimli söweş kabullylaryň ýeňmegi bilen tamamlandy. Ýigrimi sekizinji fewralda Amanulla han patyşalyk täjini geýdi, el göterdip, emirlige ak pata aldy.
Ýaş emir häkimlik hasasyny nähili götärkä? Nähili gadam urar-ka? Ulyiliň gürrüňi şu baradady. Her kim özüçe çak urýardy, dürli-dürli myş-myşlar agyzdan-agza geçýärdi:
— Nasrulla han emirden günäsiniň ötülmegini sorapmyş…
— Kugistanyň iňlislere garşy göreşen serdarlary tussaglykdan boşadylypmyşyn…
— Emir kakasynyň nikasyz aýallaryny olaryň hossarlaryna gaýtarjakmyşyn…
Täze hökümdardan düýpgöter üýtgeşiklik tamasyny edýänlerem bardy, «Atasynyň basyp giden yzyna-da degmez» diýip, eýýämden ony saýgylaýanlaram kändi. Ulyil garaşýardy. Agyr-agyr dem alyp, sabyrsyz garaşýardy…
[1] Şiraly han – 1863-1879-njy ýyllarda Owganystanyň emiri.
Kitabyň dowamyny okamak üçin aşakdaky çelgiden indiriň: 
Kitaby elektron görnüşe geçiren: “Ýelharaz” döredijilik topary ....

No comments:

Post a Comment