II BAP. EÝRAN TÜRKMENLERINIÑ II-NJI JAHAN URŞUNDAN SOÑKY EDEBIÝATY
I. Eýran türkmenleriniň syýasy ýagdaýy.
I. Eýran türkmenleriniň syýasy ýagdaýy.
Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, Eýran türkmenleriniň taryhynda iki sany esasy syýasy waka bolup geçipdir. Ol wakalar öz täsirini halk arasyndaky ruhy medeniýetine-de, ýetirip durupdyr. Bu hadysalar halkyň häzirki edebiýatynda uly rol oýnaýar.
Ol wakalaryň birinjisi 1924-nji ýylyň 20-nji maýynda ähli türkmen taýpa-tireleriniň ýygnanyşyp geçiren Omçaly gurultaýyndan soň başlanan wakalardyr.
Taryh ylymlarynyň doktory, professor Hummat Ataýew “Eýran türkmenleriniň azat edijilik hereketi” atly ylmy işinde bu barada hakyky faktlary ulanyp, takyk barlag geçiripdir. Türkmenleriň bu azat edijilik hereketiniň halkyň real azat edijilik jümmüşi we hakyky hereketidigini işde doly subut edilýär.
O.S. Malikow bu gozgalaňyň käbir real taraplaryny ündäpdir. Ol Eýranyň 20-nji ýyllaryndaky gozgalaňyny beýan edip Eýranyň demirgazyk-gündogar gozgalaňlary barada şeýle ýazýar:
“1924-nji ýylyň ýaz aýynyň başlarynda hereket başlanyp, onuň yzysüre türkmenler bilen kürtleriň gozgalaňy örboýuna galdy. Türkmenler özlerini Respublika yglan etdiler, (Oňa ýolbaşçylyk eden türkmenleriň wekili Osman ahundy). Eýranyň hökümeti köp azap çekip, bu gozgalaňy 1925-nji ýylda basyp ýatyrdy”.
Emma edebiýatçy alym A. Oraztaganow 1916-njy, 1924-nji ýyllardaky Gürgen türkmenleriniň erkinlik hukugyny almak ugrunda Eýran patyşalygyna garşy alyp baran hereketlerini “Reaksiýon hereket” diýip ýatlaýar. Ol şeýle ýazýar:
“1916-njy ýylda Gürgende türkmenler öz tire-taýpa serdarlarynyň reaksoýon syýasatyna ynanyp, ýokarda bolan çaknyşyk sebäpli, patyşa hökümetiniň harby otrýady tarapyndan heläkçilige sezewar edilipdir.”
Şeýle ýalňyşlyklar 20-nji ýyllardaky Sowet Soýuzynyň( Birleşen Şurevi Jemhurylary) taryhçylarynyň, şeýle hem käwagt häzirki zaman Gündogarşynaslaryň işlerinde hem görünýär. Mysal üçin, I.A.Ýusupowyň işinde, “Eýran türkmenleriniň 1924-1925-nji ýyllardaky gozgalaňy prawokasiýon” diýlip atlandyrylýar.
Eger-de bu halk azat edijilik hereketi şeýle reaksiýon mazmunly bolan bolsa, onda näme üçin ol Gaýgysyz Atabaýew tarapyndan goldanylypdyr?. Emma J. Staliniň ters syýasaty Atabaýew dagylara bu hereketi goldamaga rugsat etmändir. Bu hakda taryhçy J. Annaorazow “Gaýgysyz Atabaýew: Türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatynyň pidasy bolmaly däldir” atly makalasynda şeýle nygtap geçýär:
“…Oňuşyksyzlyk döreden dördünji mesele ýomutlaryň Gürgendäki gozgalaňy döwründe ýüze çykdy. Atabaýew olara, türkmenleriň ýaragly goly bilen kömek bermegiň zerurlygy we olary özümüze birikdirmek barada mesele goýdy.” Biz MK-da “Bu baryp ýatan milletçilikli çemeleşme, meseläniň şeýle goýulmagyny buržuaz intillegensiýa Öwezbaýewler, Bekkiberdiýewler talap edýärler.” “Atabaýew! Sen olaryň ideologiýasyny goldaýarsyň.
Beýle etmek bolmaz, bu biziň partiýamyzyň prinsiplerine ters. Bu proletariýat diktaturasynyň bähbitlerine garşy gidýär” diýdik. Emma ýoldaş Atabaýew bolsa, “Ol nähili mähriban doganlarymyzy goramaga aýaga galmaly däl, biz hökmän kömek beräýmeli, türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatynyň pidasy bolmaly däldir” diýýär.
… Atabaýewiň partiýa garşy teklibini diňe onuň bilen Nedirbaý Aýtakow ikisi goldaýar… Gürgen gozgalaňynyň başynda ýoldaş Atabaýew köne ofiser Öwezbaýewi Daşkende çagyrdy we olary türkmenlere ýolbaşçylyk etmek üçin Gürgene ibermäge synanyşdy.
1924-nji ýylyň 15-nji Maýynda Eýrandaky ildeşlerimiziň öz respublikalaryny döredendiklerini, Osman ahunyň oňa Prezidenti bolandygyny köpler bilýän däl bolsa gerek.
Emma Eýran hökümeti olaryň üstüne köp mukdarda jezalandyryjy goşun iberýär. Ildeşlerimiz tä 1927-nji ýyla çenli gazaply garşylyk urşy ýyllarynda Buhara emiriniň goşunlaryna tälim beren birnäçe türk ofiserleri we Han Ýomutskiniň ogly Läle Han olar üçin harby mekdep açyp, söweş endiklerini öwredýär.
1924-1927-nji ýyllar, Türkmenler söweş endiklerini öwrenýärler |
Şol söweşlerde jan teni bilen göreşenlerden Allaýar han, Nepes serdar, Annageldi Aç, Atahany, Läle han, Manjy Kör, Annamyrat han we beýleki serkerdeleri ýatlamak bolar.
XX asyryň birinji ýarymynda Eýran türkmenleriniň arasynda ine, şeýle wakalaryň ýüze çykmagy jemgyýetçilik aňynyň ösmeginiň fundamentini gurup başlaýar.
Eýran türkmenleriniň soňky syýasy taryhyndaky esasy ikinji waka 1979-njy ýyldaky ähli türkkmenleriň agzybir bolup döreden we bir ýyla çenli dowam eden “Eýran Türkmenleriniň Sowet Awtonomiýasy” bilen baglanşyklydyr. Bu waka türkmen intelligensiýasyny ähli Eýran halklarynyň arasynda ygtybarly derejä göterdi. Şeýle hem bu waka türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýete eýe bolmagyna ýol arçady.
Ýatlanylyp geçilen bu iki wakanyň hersi dünýädäki jemgyýetçilik özgerişleriniň täsiri astynda bolup geçip, täze aýaga galyp barýan buržuaz şertleriniň içinde öz täsirini belli bir derejede halka ýetirmegi başardy.
1913-nji ýylda başlanyp, 1945-nji ýyla çenli dowam eden Orta Aziýanyň umumy özgerişleri boýunça, türkmen halka (Intelligensiýasy) häzirki döwrüň täze başlanan kapitalistik ewolýusiýasynyň täsiri bilen buržuazlyk basgançaklaryna aýak basýarlar. Mysal üçin, şol döwürde Türkiýede çykýan “Mawera-il-Hazar” (“Kaspi deňziniň gündogar halky”) neşiri türkmenler üçin ýörite “Ýaş Türkistan” ady bilen Çokaý ogly Mustafanyň ýolbaşçylygynda gazýet çykaryp ýaýratýar.
Onuň täsiri öňde baryjy türkmenleri tolkundyrýar. Şol etraplarda halk azat edijilik hereketiniň öňdebaryjylaryndan: ikinji jahan urşundan öň – Osman Ahun (birinji ýolbaşçy) Allaýar han, Hajy Mämmet Paň, Musa han, Göki sopy, Gysyr Emen, Gylyç işan, Rejep Ahun, Arazgurban han, Imanguly Çükgän, Hojaniýaz han, Eziz Hoja, Esen han Kelte, Nepes Serdar, Annageldi Aç, Manjy Kör, Läle han,[ A. Ahundow-Gürgenli, … ikinji jahan urşundan soň – Sapar Hatyby, Abdurahym Muderresi, Doktor Farzana, Baýmämmet, Seýwary, Täçberdi Gökleňi, Molla Huseýn şahyr, Kerim Muzaffary we ondan soňky etapda – Sapar Ahally (Ensary), N. Aşyrpur Meredow, G. Bähälkä, A. Abaýy, M. A.Yslami, S. Gökleňi (Durdyýew), B. Mudarrasy, Nury Magtym, Welijan Ahun, Rahmany Rejep, … ýaly onlarça intelligensiýa wekilleriniň adyny agzasa bolar.
Rza hanyň hökümetiniň soňlarynda Türkmensähranyň şäherlerinde käýarym ýapyk syýasy hereketler göze ilýärdi. Wagt-wagt olaryň agzalary Rza hanyň syýasy polisiýalary tarapyndan tutulyp basylýardylar. Şolaryň arasynda Kümüşdepeli Babayý atly türkmenleriň syýasy intelligenti D. Tagy Arany 53 sany agzalary bilen tutulyp, Rza han tagtyndan ýykylynça, Tähranyň “Zendan-e-gäsr” atly köşk türmesinde oturypdyr. Aýdyşlaryna görä, D. Tagy Arany hökümetiň garşysyna aragatnaşykly göreş mümkinçiliklerini döretmek üçin näçe sapar Kümüşdepe şäherine gelip gidipdir.
Türkmensähranyň demokratik hereketiniň ösmegi reaksiany uly howsala salýar. Şonuň üçin-de Türkmensähra we türkmenler barada her hili ýalan töhmetleriň, hilegärçilikli hereketleriniň, prowokasiýon çykyşlaryň günsaýyn artjakdygy şübhesizdir.
Ikinji jahan urşy döwründe Sowet goşuny Eýrana girip, zyndandaky ähli intelligentleriň boşadylmagyna ýardam edýär.
Ikinji jahan urşy başlanyp, Rza han tagtyndan ýykylandan soň SSSR-iň goşunlarynyň otrýadlary Eýranyň demirgazyk böleginde ýerleşip, Türkmensährada syýasy hereketler ýaýbaňlanýar. Bu etap 1940-1945-nji uruş ýyllaryndan soň başlanyp, milli buržuaz güýçleriň guramaçylykly ösüp, parlamente eýe bolmagyna sebäp bolýar. 1953-nji ýylda Eýran patyşalygy güýçden düşürilip, Eýrandan daşary ýurtlara gaçyrylýar.
Gylyç Kulyýewiň “Köpetdagyň aňyrsynda” atly romanynda Eýran türkmenleriniň käbir syýasy ýagdaýlary hakyky suratda beýan edilmäge synanyşylypdyr. Romanyň bir ýerinde şol döwürdäki gazýetleriň türkmensähra hakda berýän habarlaryna üns çekilýär:
“… -- Biz henize çenli mitingi geçiremizok. Emma reaksiýon gazýetler gör, näme ýazýarlar: “Türkmensähra bolşewizmiň öýjügi!” Ýa-da seret muňa: “Türkmenler Kümmet-Kowusda we Kümüşdepede jandarmlary hem polisiýa güýçlerini ýaragsyzlandyrypdyrlar”.
1944-nji ýylyň tomusynyň soňlarynda Kümmet Kowus şäheriniň harby merkezini azat etmek üçin, polkownik Särhäng Nowaýy we podpolkownik Särgord Eskändani dagylaryň komandirligi astyndaky hüjüme goşulan ofiserler Sowet Soýuza gaçyp, soň Tabrize dolanyp geldiler. 12 Ofiseriň we onuň gol astyndaky agzalaryň bu hüjümi Sowet Soýuzy bilen Tude partiýasyndan maslahatsyz amala aşyrylan bolup çykypdyr!!!
Şondan soň milli buržuaz guramanyň wekili baş wezir (Ministr) doktor Muhammet Musaddek bir günlük hökümet başyna geçýär. Emma bu täze milli häkimiýet polkownik Zahidiniň Amerikadan harby güýç kömegini almagy bilen ýatyrylýar. Ondan soňky tapgyr “Engelabe sefid” (انقلاب سفید) ýagny “Ak rewolýusiýa” adyndaky syýasy we jemgyýetçilik özgerişlerdir. Ol Amerikanyň syýasy professiýonal başlyklarynyň tarapyndan reformirlenip, ýörite “reforma” hökmünde Muhammet Rza Pähläwä öwredilýär. Şeýlelikde, Eýran patyşalygy Orta Aziýada Amerikanyň “jandarmy” roluny doly ýerine ýetirýär.
Bu syýasy rol 1979-njy ýyla çenli sowetizm-sosiýalizm we kommunizmiň garşysyna uly göreş alyp barýar. Şol döwürde bu hökümetiň patyşasy halk tarapyndan “Amerikanyň zynjyrly iti” diýlen ada eýe bolýar.
1979-njy ýylyň fewral aýynda ähli halk demokratik hereketiniň tolkuny Muhammet Rza Pählewiniň zulum köşgüni dargatmak bilen utgaşýar. Bu döwür öz häsiýeti boýunça, medeni, syýasy we ruhy taýdan tapawutlandyrylýar. Ondan soňky tapgyr häzirki zamana çenli bolan döwüri öz içine alyp, umuman, iki etaba bölünýär.
Birinji etap 1979-njy ýyldan başlanyp, 1983-1984-nji ýyllara çenli bolan wakalary öz içine alýar. Bu döwürdäki 1979-njy ýyldan 1980-nji ýyla çenli bolan aralyk “Eýran Türkmenistanynyň Sowet Awtonomiýasy” diýilip atlandyrylýar.
1979-njy ýylyň iýul aýynda ilkinji gezek milli-demokratik frontuň(جبهه دموکراتيک ملّی) inistiatiwasy boýunça Eýrandaky dürli halklaryň wekillerini “Eýran halklarynyň raýdaşlyk konferensiýasy” ýygnagyna çagyrylyp, oňa, kürtler, azerbaýjanlar, türkmenler we arap halklary gatnaşýarlar. Bu konferensiýada Eýran halklarynyň awtonomiýasynyň prinsipleri kabul edildy.1980-nji ýylda Kümmet-Kowus şäherindäki türkmenler bilen hökümetiň arasyndaky geçen çaknyşykdan soň, 1983-nji ýylda ähli syýasy oppozisiýon partiýa guramalarynyň agzalary bir uçdan tutulyp-atylyp, gaçha-gaçlyk başlanýar. …
Ikinji tapgyr şondan soňky döwri (1984-nji ýyldan häzirki günlere çenli) öz içine alýar.
No comments:
Post a Comment