Friday, December 14, 2007

TARYH (تاریخ) - Mähnedäki Abu-Seýidiň aramgähi

Mane Baba - Abu el-Sayid Abu el hayyr
Mähnedäki Abu-Seýidiň aramgähi.
Musulman takwasy Abu-Seýit (968-1049 ý.ý.) häzirki Mäne obasynyň golaýyndaky Mähne diýen ýerde doglup, ömrüniň köp bölegini şol ýerde ýaşapdyr. Ol XI asyrda Demirgazyk Horasanda baş sopy bolupdyr we Seljuk soltanlary Çagry begiň (Horasanyň üstünden) we Togrul begiň (Yragyň üstünden) “häkimiýetine pata beripdir.” Meşhur döwlet işgärleri Nyzam al-Mülk we XII asyrda soltan Sanjar, Köneürgençşa aramgähiniň bina edilen wagtyny 1049-njy ýyla degişli edýärler.
Aramgäh köp gyraňly diýen ýaly görnüşli bolup, aşagy az-kem giňelip gidýär we eginli gümmeze gutarýar. Onuň esasy öň tarapy günorta-günbatara bakdyrylan we portallydyr.

Abu Seýit Mähnede özüni “ýalňyzlygyň agyr synaglaryndan” geçiripdir we az wagt Nişapurda ýaşapdyr. Şol döwürde Horasanyň uly şäherleriniň biri bolan Mähnä gaýdyp gelip, ol köne rabatyň meýdanyny satyn alypdyr we uly jaý gurdurypdyr. Onda sopular ýygnanypdyr. Bu ýeri “maşat” (mukaddes ýer) diýlip atlandyryp başlapdyrlar. Muhammet ibn al-Münewwer şyhyň Mähnedäki öz jaýynyň uly otagynda (sumaa) aradan çykandygyny we şol ýerde jaýlamaklaryny isländigini ýazýar. Abu Seýidiň işini A.A.Semenow onuň köp sanly ýaşaýyş keliýalary-hüjreleri bilen gurşalan, tagat (doga okamak) çekmek üçin uly zaly bolan giň derwüş mesgenidigini – hanakadygyny ýazýar. Şunuň üçinem şyh Abu Seýit Horasanda ilkinji hanakany – derwüş jaýyny dörediji hökmünde meşhurdyr.
Kaka etrabynyň Mäne obasynda ýerleşen Abu-Seýit-Meýheneýiniň mawzoleýi özüniň taryhy-arhitektura ähmiýeti boýunça möhüm orun tutýandyr. Abu-Seýit mawzoleýi Orta asyr Mäne şäherinde XI asyrda kuwwatly Seljuk döwletiniň emele gelýän we berkeýän döwründe, Horosanyň gülläp ösýän döwründe gurlupdyr. Mawzoleý taryhy şahs hökmünde meşhur bolan Şeýh Abu-Seýit-ibn Abul Haýranyň (968-1049-njy ýyllar) guburynyň üstüne bina edilipdir.
Ýaşlyk ýyllarynda oňat bilim alyp Abu-Seýit öz ömrüni dini taglymaty öwrenmäge bagyşlapdyr we musulmançylygyň dini akymlarynyň biri bolupdyr.
Abu-Seýidiň öz döwründe Horosanyň syýasy durmuşynda uly orun tutanlygyna seljuk serdarlary Çagry we Togrul begiň uly hormat goýmaklary hem şaýatlyk edýändir.
Abu-Seýidiň uly şahsyýet bolandygyna şaýatlyk edýän zatlaryň ýene-de biri haçan-da Abu-Seýit wepat bolansoň, onuň guburyny ruhanylar keramatly ýer diýip hasaplapdyrlar.
Abu-Seýidiň gubury öz döwründe köpüň ünsüni özüne çeken arhitektura binasydyr. Has takygy XII asyrda Seljuk soltany Soltan Sanjary we Horezm şasy Il Arslanyň ünsüni çekipdir. Abu-Seýidiň mawzoleýinde esasy diwardan gümmeze geçilende uly bolmadyk çaklaňrak sekiz gyranly arkajyklar arkaly geçipdir, wagtyň geçmegi bilen gurulýan binalarda mawzoleýleriň köpüsinde diwardan gümmeze geçiş 16 soň 24 sany gyranly arkajyklar bolupdyr. Günorta Türkmenistanyň yerinde ilkinji gezek XI asyryň I ýarymynda arhitektura ymaratlarynyň gurluşynda täzelikler bolup geçdi. Mysal üçin, iki gat gümmezler peýda bolýar. XI asyryň 20-nji ýyllarynda bina edilen Saragt Baba mawzoleýinde iki gat gümmez ilkinji gezek bina edilendir.
Abu Seýidiň aramgähiniň binagärçiligi, onuň içiniň köp reňkli nagyşly görnüşi bütin Orta Gündogarda ýeke-täk meşhur binagärçilik nagyş nusgasynyň hataryna degişlidir.
Web Resurce: GYBAT

No comments:

Post a Comment