Monday, June 29, 2009

Eýran Türkmenleriniň Appozisýasynyň Bileleşik sargydy – ایران ترکمنلرینینگ آپازیسیاسئنئنگ بیله لشیگ سارغئدی

Zorlamagy, sansury we ganunsyz tutmagy bes ediň


Hökümet žurnallary gadagan edip, žurnalistlary, syýasy we medeni çalyşganlary tutmak bilen, Internet sahypalary süzmek bilen we ganly-gazaply basgylary bilen halkyň ýüregine gorky sala bilmedi-de, eýsem onuň jemgyýetçilik aňyny, duýgusyny we ruhuny ýaralady.
Syýasy dymyklyk we sansur Türkmensahraň hem habar serişdeleriniň Iranda geçip duran wakalardan habar ýaýmagynyň öňüne geçip dur. Biz şeýle bir şertlerde halkyň görkezýän gaýtawulundan aktiwrak habar ýetirmegi özümize borç bilýäris.
Aýny halda Iran döwletiniň onlarça ynsanyň ölmegine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan jenaýatlaryny ýazgarýarys.
Indi bütin adamzadyň gözi mejazy dünýäde ýurdumyzyň hakyky durmuşyna açylyp, ýaşlaryň, (şol sanda „Neda“nyň) öldürilýändigini gördüler. Bu gün dünýä Iran häkimleriniň ynsana laýyk bolmadyk amallaryna seredip dur.
Sansur, habar galplygy, öldürmeler we ganly basyşlar hiç bir çykalgaň ýoluny açmasa gerek. Sagdyn akyl we ynsany wyždan bu gün zorlamagy, sansury we ganunsyz tutmaklary soňlap, halkyň isleglerine degerli bir jogap berilmegini talap edýär.

Il-gün saýty
Türkmen ilim saýty
Türkmensahra habar we medeni saýty
Türkmensahra media saýty
Eýran Turkmenleriniň Medeni we Syýasy Ojagynyň elektronik neşriýesi – Alman
Eýran Türkmenleriniň Medeni we Syýasy Ojagynyň Kordinasion şurasynyn neşriýesi
Sişenbe, 2-nji. Tir. 1388

Saýt ýa-da weblog adyňyzy goşmak üçin ýokardaky saýtlaryň biri bilen habarlaşyň.
Web çeşmesi: Türkmensähra Mediýa
Iranda halkyň hakyny sorap, Tehran we başga şäherlerde köçelere akan joşgunly syly, režimiň howpsyzlyk güýçleri we „şahsy lybasly“- lary bilen garşylaşdy.