Wednesday, June 16, 2010

Türkmenistanyn Ylymlar Akademiýasy sizi ترکمنستانئنگ علملار آکادمیاسی سیزی

Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy
Daşoguz şäherinde geçiriljek halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Hormatly kärdeşler!
Sizi 2010-njy ýylyň 1-3-nji dekabrynda Daşoguz şäherinde geçiriljek «Köneürgenç Türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýarys.
Maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 6-njy noýabryndaky № 10691 Karary esasynda geçirilýär. Maslahatyň guramaçysy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Taryh instituty.
Maslahatda şu aşakdaky bölümçelerde işlemeklik göz öňünde tutulýar: »»
• Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamynda Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda halkara hyzmatdaşlyk.
• Köneürgenç Türkmen döwletiniň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy.
• Köneürgenç Türkmen döwleti Merkezi Aziýa döwletleriniň ulgamynda.
• Köneürgenç türkmenleriniň etniki taryhy we etnografiýasy.
• Köneürgenç Türkmen döwletinde ylmyň we medeniýetiň ösüşi.
Maslahatyň maksady — dünýäniň taryh ylmynyň öňdebaryjy ýörelgelerini nazara almak; Köneürgenç Türkmen döwletiniň we Merkezi Aziýanyň XIII asyryň birinji ýarymyndaky taryhyny öwrenmekde daşary ýurt tejribesini umumylaşdyrmak hem-de täze çeşmeleri aýan etmek; arheologik ýadygärlikleri öwrenmek, rejelemek we gorap saklamak, şeýle hem Türkmenistanyň, türkmen halkynyň gadymy, orta asyr, täze we häzirki zaman taryhyny, medeniýetini we halk döredijiligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglaryň täze taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we hyzmatdaşlary çekmek.
Maslahata gatnaşmak üçin haýyşnamalar 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli history@online.tm; nurgozel-b2006@yandex.ru salgysy boýunça kabul edilýär.
Maslahata gatnaşmagyň şertleri baradaky maglumaty Siz şu ýerden, şeýle hem telefonlar boýunça alyp bilersiňiz:
iňlis dilinde: (+993—12) 35-30-88 (Nazarow Azat Akmämmedowiç);
rus dilinde: (+993—12) 39-16-20 (Baýlyýew Atageldi Täçmyradowiç).

Guramaçylyk topary.