Monday, March 05, 2012

Jüne‎‎ýt han Hakynda gysgaça maglumat!-جنید خان حقئندا غئسغاچا ماغلومات

Jüneýt han XIX-XX
Dr. H. Ownuk: Jüneýt han XIX-XX - asryň içinde ýaşap geçen, rus basybalyjylarynyn garşysyna gaýdusyz göreşen türkmen hanlarynyň biridir. Ol 1862-nji ýylda Türkmenistan okrugynyň  Tagta etrabynyň Bedirkant obasynda dünýä iinýär. Jüneýt han adyna eýe bolan Gurbanmammet Hojabaý ogly Ýomut taýpasynyň Orsykçy şahamynyň "Jüneýt" tiresinden bolupdyr. Ol Horezm ülkelerindäki okuw we bilim merkezlerinden ýokary bilim alan we öz döwründe kazyýetçilik hem miraplyk bilen meşgullanypdyr. ... Dowamyny oka »»

****

جنید خان 19-20-نجی عصرئنگ ایچینده یاشاپ گچن، روس باسئب آلئجئلارئنئنگ غارشئسئنا غایدوسئز گؤرشن تورکمن خانلارئنئنگ بیری دیر. اول 1862-نجی یئلدا ترکمنستان اوقروغئنئنگ تاغتا اطرابئنئنگ "بدیرکند" اوباسئندا دونیأ ایینیأر. جنید خان آدئنا ایه بولان قوربان مخمّد خوجه بای اوغلی یموت طایپاسئنئنگ اورسئقچی شاخامئنئنگ "جنید" تیره سیندن بولوپدئر. اول خوارزم اولکه لریندأکی اوقو و بیلیم مرکزلریندن یوقاری بیلیم آلان و اؤز دؤورینده قاضیّت و میراپلئق کأرلری بیلن مشغوللانئپدئر. ...ه
Jüneýt hani 1914-nji ýylda, türkmen ulymalarynyň tarapyndan saýlanylmagy bilen, oňa rus we Hywa hanynyň garşydaşlarynyň baştutanlygy wezipesini gowşurulýar.
Gurbanmammediň ýolbaşçylygyndaky türkmen we özbek goşunlarynyň, 1-nji Jahan uruşy ýyllaryndaky rus we Hywa hanynyň garşysyna eden aýgytly göreşleri üçin oňa “ Han Jüneýt (Jüneýt han)” lakamyny berilýär. Jüneýt han öz eden söweşlerinde adalatlylygy hem berjaý edipdir. Ol 1915-nji Maý aýyndaky başlanan söweşde rus goşunlary hem Hywa hany Isfendiar hana hem üstün çykyp Hywany eýeleýär.
Ol wakada rus wekilini öldürselerde, Hywa hany bolan Isfendiar hany bagyşlaýar.

Jüneýt han rus basybalyjylaryň garşysyna ençeme aýgytly göreşleri alyp barsa-da, Oktýabr özgerilişiklerden soň bolşwizimiň güýjiniň artmagy bilen 1926-nji ýylda ençeme san goşuny bilen Rza hanyň basyp alan türkmen yklym Türkmensära (Etrek-Gürgen) türkmenleriniň arasyna bosgunýar. Rza han oňa ol ýerde mesken tutmaga rugsat etmese-de, goşunynyň käbir bölekleri Hojanepes şäheriniň “Gyrymsa” obasynda mekan tutup gal‎ýärlar. Jüneýt han ýene-de, Owganystana tarap hereket etýär. Ol Hirat şäherine baranda Owganystan tarapyndan Kabul edilip şol ülkelerde mesgen tutup galýar. Görkezilen art portrait, bu türkmen şahsyýetinden galan ýeke-täk surety ölçeginde ýagly reňkde işlenildi.

Dr. Hangeldi Ownuk Toronto - 2012-nji ‎‎ýyl March
*******

... جنید خانی 1914-نجی یئلدا، ترکمن علئمالارئنئنگ طرافئندان سایلانئلماغی بیلن، اونگا روس و خیوه خانئنئنگ غارشئداشلارئنئنگ باش توتانلئغی وظیپه سینی قووشئرئلیار.
قوربان مخمّدینگ یولباشچئلئغئنداقی تورکمن و اؤزبک قوشونلارئنئنگ ا-نجی جهان اوروشی یئللارئنداقی روس و خیوه خانئنئنگ غارشئسئنا ادن آیغئتلی گؤرشلری اوچین اونگا "خان جنید (جنید خان)" لاقامئنی بریلیأر.
جنید خان اؤز ادن سؤوشلرینده عادالاتلئلئغی هم برجای ادیپدیر. اول 1915-نجی یئل مای آیئنداقی باشلانان سؤوشلرده روس قوشونلاری و خیوه خانی اسفندیار خانا هم اوستین چئقئپ خیوانی ایه له یأر. شول واقادا روس وکیلینی اؤلدیرسه لر-ده، خیوه خانی بولان اسفندیار خانی باغئشلایار. ...
جنیدخان روس باسئب آلئجئلارئنئنگ غارشئسئنا انچمه آیغئتلی گؤرشلری آلئپ بارسا-دا، اوکتیابر اؤزگرییشلیکلردن سونگ بلشویزمینگ گؤیچ آلماغی بیلن، 1926-نجی یئلدا انچمه سان قوشونی بیلن رضا خانئنگ باسئپ آلان تورکمن اقلیمی تورکمنصحرا (اترک-گرگان) تورکمنلرینینگ آراسئنا بوسغونیار. رضاخان اونگا اول یرده مکان توتماغا روخصت اتمه سه -ده، قوشونئنئنگ کأبیر بؤلکلری خوجه نفس شهرینینگ «قئرئمسا» آتلی اوباسندا مکان توتوپ غالیارلار. جنیدخان ینه -ده، اوغانیستانا طاراپ حرکت اتیأر. اول هرات شهرینه باراندا، اوغانیستان طاراپندان قابول ادیلیپ، شول اولکه لرده مکان توتوپ غالیار. گؤرکزیلن آرت پرتره بو تورکمن شخصیّتیندن غالان یکه-تأک صوراتی اؤلچگینده، یاغلی رنگک بیلن، 2012-نجی یئلئنگ یانوار-فورال آیلارئندا ایشلنیلدی.

خانگلدی اونق - تورنتو - مارچ- 2012-نجی/م. یئل