Sunday, March 18, 2012

Teýmur: ‘Saz maňa dirilik berýär’ - ساز مانگا دیریلیک بریأر

Xalypa T. Kor-استاد تیمور کُر
Azatlyk Radio: Asly Eýrandan bolan Teýmur Kor Germaniýada ýaşaýar. Ol 1965-nji ýylyň sentýabrynda Türkmensährada ýerleşen Kümmet Kowus şäherinde dünýä inipdi. Soňra bilim almak üçin Türkmenistana geldi hem 1986-njy ýylda Aşgabadyň Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk uçilişesine okuwa girdi. Ol halk saz gurallary bölüminde dutar boýunça ýörite sapak aldy. Ol şondan bäri öz durmuşyny hem ömrüni milli sungatdan aýry göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýar. Ol dürli kärde işlese-de, nirede ýaşasa-da, dutary mydama ýanynda.
"Gökdepe mukamy"
"Öltürer"
Şonuň bilen birlikde ol “turkmenkultur” ady bilen elektron sahypasyny-da ýöredýär. Ol daşary ýurtda türkmen dilinde döredilen ilkinji uly saýtlaryň biri bolup, türkmen medeniýetini köpçülige ýaýýar. ...

  “Turkmenkultur” elektron saýtynyň iň görnükli ornunda halk aýdym-sazlary hem çeper edebiýatdan bölekler ýerleşdirlipdir. Ýazyjy Hudaýberdi Hally Teýmurdan bu işlere nähili baş goşandygy barada sorady.
Teýmur: Elektron sahypany ýola salanymda onuň ilkinji ady “Edebiýat we sungatdy”. Okyjylar “ady uzak bolýar, ýazmasy kyn” diýip duransoňlar, ony “turkmenkultur” diýip goýdum. Döräli bäri bu sahypa kän adam girýär. Türkmenler barada bir zat aýtjaklara, bilim aljaklara gollanma bolýar. Bu ýerde edebiýat hem sungat ugrundan birtopar kitap bar. Bu başgalar üçin kitaphana bolup hyzmat edýär. Adamlar ondan peýdalanýarlar. Muňa men begenýän. Soňky iki aýyň içinde 30100-30200 adam girip çykdy. Şol meni diýseň begendirýär.

H. Hally: Bu iş seniň wagtyňa ýa hojalyk harajadyňa täsir edýärmi?

Teýmur: Elbetde, bu meniň wagtymy gaty köp alýar. Muňa ýerleşdirmeli zatlar ummasyz, asyl onuň yzy ýok. Nähilem bolsa men maşgalamy eklemeli, işlemeli. Men ýük maşynyny süremsoň, hepdeläp-hepdeläp ýolda bolýan. Men noutbuky öz ýanym bilen äkidýän, dynç wagtlary oturyp işleýän. Bu meniň durmuşyma päsgel berenok. Öz iliňe hyzmat etmegiň özi ullakan bagt. Maňa şondan beter bagtly zat ýok.

H. Hally: “Ädikçiniň ädigi bitmez” diýlişi ýaly, sen bu elektron sahypaňda, öz çalan sazlaryňdan goýmansyň. Näme üçin beýle?

Teýmur: Durmuş, gün-güzeran aladalary bilen men soňky wagtlar dutar çalyp bilmedim. Dutary mydama çalmasaň, barmaklaryň kütelýar. Alla halasa geljekde goýaryn.
Web Resource: Azatlyk Radio

No comments:

Post a Comment