Monday, March 26, 2012

Amerikan esgeri tarapyndan öldürlen her bir owgan üçin ABŞ 50 müñ dollar berdi

Hüjümde ýaralananlar
TRT Türkmen habarlar gullygy teleýaýlymynyñ saýt sahypasynyñ habar bermegine görä;
Hüjümde ýaralanan her bir adama hem 11 müñ dollar berildi
Owganystanyñ Kandahar welaýatynda amerikan esgeri tarapyndan öldürlen her bir owgan üçin ABŞ-nyñ 50 müñ dollar töländigi nygtaldy.
Kandanaryñ welaýat häkimliginiñ agzasy Aga Lalai, ýogalan maşgalaryñ pullaryny şu gün welaýat häkimliginden alandyklaryny aýan etdi....
Hüjümde ýaralanan her bir adama hem 11 müñ dollaryñ berlendigini aýdan Lalai şol puly ABŞ-nyñ Prezidenti Barak Obamanyñ ugradandygyny ýatlatdy.
Owganystanyñ Kandahar welaýatynda 11-nji martda bolan wakada amerikan esgeri Robert Bales harby bazanyñ golaýyndaky obada ertiriñ irki sagatlarynda asuda ilaty garşy hüjüm edipdi. Hüjümde 9-y çaga, 3-i zenan jemi 17 adam ýogalypdy, 6 adam hem ýaralanypdy. Amerikan esgeriniñ hüjümden soñ käbir jesetleri ýakmaga çalşandygy nygtalypdy.

No comments:

Post a Comment