1457-nji yylda Herat saherinde basylan altyn pul |
H. OWNUK: Türkmenleriň has syýasatçy
serkerdesi Uzyn Hasan, Eýrany-Turany hem Arap-Ajamy öz gol astyna geçirip
patyşalyk süren döwrinde, ösen ýurtlaryň döwrebap derejesindäki
ýöriteleşdirilen döwlet dolandyryş däp-endikleri berkleşdirilipdir.
Orta asyrda türkmenler uly döwlet hökmünde ýurt dolandyran wagty, malýe işleri boýunça
özboluşly ýöriteleşdirilen ýurt dolandyryş hökmet sistemasy bolupdyr. Pulyň uly
görnüşi “Tümen” döwriň ýörgünli pul serişdesi hasaplanypdyr. Elbetde onyň takyk
möçberini anyk aýtmak mümkin däl. Ýöne, 1575-nji ýylda “Dykat” möçberinde
çaklanylypdyr. (“Dykat” möçberiniň ölçegi hakynda Walter Hints, “Şa Ismaýil II” atly kitabynyň 56-njy sahypasynda, maglumat berýär!) Emma şol wagtdan ýüz ýyl öň tümeniň
bahasynyň möçberini gözöňüne getirmek üçin, bir uly başlyk ýa-sa, emirlik
emeldarlygy her bir ýylda 1000 tümen aýlyk harajatyny alypdyr.
Garagoýunly
hökümdarlary esasan hem sultan Jahanşanyň döwründe ýer-mülkden alynýan malýe
salgytlarynyň möçberiniň köplügi sebäpli Akgoýunly hökümdarlarynyň tarapyndan
beýle salgytlara ortaça seredipdirler. Olar bu dolanşykda “takdyl = تعدیل” ýagny
“adalat (deňlik)” döredipdirler. Şonuň üçin Uzynesen hut özi oturumlaşan ilata
algyt-salgyt şertleri kanunlaşdyrmagyň ugrunda ýörite “düzgünnama”
çykarylypdyr. Bu malýe düzgüni “Kanun-nameýe Hasan beýgi” diýilip, meşhur
bolupdyr. Bu “Düzgfünnama” şeýle ýiti hem paýhasly düzülendigi sebäpli onuň
hokum ýöreden ýurtlarynyň ählisinde XVI asyra çenli ( Sefewileriň döwrüne
çenli) rowaçlykda durup, öz güýjüni saklapdyr.
1478-nji ýyl soltan
Halyl tagta çykan wagty Eýranyň gurply welaýaty bolan Fars welaýatyndan
abadanlyk işleri üçin 5000 Töwrizi tümen talap edipdir. Emma dogany Ýakup
sultan onuň ornunda oturandan soň bu salgydy azaltmaga çalyşýar. Ol 1479-njy
ýylda Ysfihan merkezi bolan Irak-u-Ajam welaýatyndan ýer-mülk salgytlaryny
almany, olara bagyşlapdyr. Malýeçiler bu salgydyň möçberini takmynan ýetmiş müň
(70000) tümen – diýip ýatlapdyrlar!. 1487-nji ýyl soltan Ýakubyň tarapyndan
Gilan welaýatynyň salgydyny taýyn etmeli bolanda, ortaça deňligi saklap, bir
müň iki ýüz (1200) tümen salgyt salynypdyr.
Türkmenleriň
Akgoýunly döwletinde ýer-mülk salgydy ýagny “hyraç” salgydyndan başga-da,
tüdjärler we işöwürler üçin “tamuga (tagma)” diýlen, salgyt hem bolupdyr.
(“Tamug” aslynda araplaşan gadymy türki söz.) Ýagny oduň demir erediji
derejedäki közli alowy. Türkmenlerde mallaryna we beýleki eýeçiliklerine
“bellik” galdyrmak üçin belli bir alamatda galyplaşan demir abzaly şol köz
alowda gyzdyryp “tagma” basypdyrlar. Bu sözi Bartold “Tamuga - طاموغ” görnüşde
has dogurusy belläpdir.
Uzynesen we onuň
yzyny tutan ogullarynyň patyşalyk süren döwründe hem täjirlik we işöwürlik
malýe salgydy alynypdyr. Sebäbi sultan Ýakubyň Mekgä zyýarata baranda çykaran
permany bu salgyt hakda meseläni doly aýdyňlaşdyrýar. Patyşanyň köşk taryhçysy
Fazlullanyň öz eli bilen düzen “nyşan (yglan)” atly salgydy, Akgoýunlylaryň
hokum süren ýurdynyň üstünden öten kerwenlere aşakdaky karar boýunça
salynypdyr.
a). Söwda we işöwurlik salgydy (Tamuga),
b). Gümrükhana döwlet girdejisi (baç ýa paç),
c). Ýol-transport döwlet girdejisi (Duzbulak ýa-da, Toprak
basdyr, Rahdary).
Netijede bu hakda
diňe häkimlere, hökümdarlara, goşun serkerdeler, patyşanyň döwlet malýe
gözegçilerine däl-de, eýsem ýörite edaralaşan tagmahanalara, täjirlerden salgyt
alýan döwlet işgärlerine (tagmaçylara), hem-de, gümrükhana işgärlerine
(baçdarlar), ýol-transport döwlet girdejisi ýagny duzbulak girdejisini alýan
rahdarlara, galyberse-de, ýol hem galanyň karawullaryna çenli buýruk-permanlary
ýetirilip durupdyr.
X-XV asyrlardaky
türkmen patyşalyklarynyň pul dolanyşygyna degişli dürli maglumatlar bar.
Seljuklylaryň döwründe Togrulbege degişli kakylan zikgeler we monetalar,
Atabegler, Akgoýunlylar hem Garagoýunlylar serkerde patyşalarynyň hersiniň
tarapyndan özlerine maxsus bolan möhürleri boýunça altyn, kümüş we bürünç ýaly
materiallardan zikge-monetalar kakylypdyr. Bu monetalar häzirki Britan, Berlin
we Fransýadaky Luwr Pariž ýaly dünýäniň belli ylmy-taryhy döwlet muzeýlerinde
saklanylýar.
Timuryň ogly Şahruha
degişli monetany Akgoýunly türkmenleriniň patyşasy Uzynesen öz möhri boýunça,
özüne tabyn ýurtlarda ýörgünleşdirýär. Ol monetanyň ýüzüne kakylan bellikler
arap elipbiýinde:
a). Adyl (Şol ýerde “öz güýjündäki ýörgün” diýlen manyda).
b). Hasanbeýk - بیک حسن
c). Şiraz-شیراز
d). 720 - ٧٢٠
Ýaly sözler
görkezilýär. ...
Sultan Uzyneseniň
Şahruha degişli ikinji bir monetasynda beýleki bir möhür bilen tabyn ýurtlarda
öz pul güýjüni saklamak üçin ýüzüne kakylan nomer I we arap elipbiýinde:
“Orduw hem 706”
Sikgeler |
Görkezilýär.
(Elbetde alymlar onuň ýyl wagtyny möhürteraşlar tarapyndan ýalňyş kakypdyrlar!
–diýlen, çaklama bar.) Ýöne onda görkezilen “orduw” sözi bolsa, “Uzynesen
beýleki ýurtlara ýöriş eden wagtynda sikgeler kakylýan bir guraly özleri bilen
göterip gezipdirler”, -dilen netijä gelinýär.
Üçünji bir kümüş sikgeler
kakylanda Uzyn Hasanyiň ady hem kakylan ýeri we ýyly görkezilmändir. Onda arap
elipbiýinde:
Elsultan El-Agzam - الاعظم السُلطان
b). Hasan - حسن
c). Haladullah - خلدالله
d). Maleke - ملکه
Ýaly sözler
berilipdir.
Dördünji kümüş sikgeler
Sultan Ýakup tarapyndan möhürlenýär. Onda görkezilen alamatlar arap
elipbiýinde:
a). Adyl - عدل
b). Sultan 892 - 892 - سُلطان
c). Ýakup (Ýa’gub) - یعقوب
d). Ýzd (şäher ady) - یزد
Sikgeler |
Bäşinji kümüş sikgelerde
bolsa, arap elipbiýinde şeýle ýazgylar bar:
a). Elsultan El-Agzam - الاعظم السُلطان
b). Töwriz (Täbriz)- تبریز
c). Ýakup han (Ýäg’ubhan)- خان یعقوب
d). Haladullah - خلَدالله
e). Maleke - مَلِکَه
Altynjy kümüş sikgelerde
arap elipbiýinde şeýle görkezilen:
a). Aly - علی
b). Osman - عثمان
--------
a). Elsultan El-Agzam - الاعظم السُلطان
b). Töwriz(Tebriz) - تبریز
c). Ýakup, zarb - ضرب یعقوب
d). Bagdat - بغداد
Ol döwürde türkmen
patyşalary haýsydyr bir uly şäheri ýa-da, welaýaty öz golastyna geçirenlerinde
şol ýeriň adyndan zikge kakypdyrlar. Görkezilen zikgeler, group otursak, hersi
bir şäheriň adyndan kakylypdyr.
Ýedinji kümüş sikgeler sultan Ýakubyň ogly sultan Baýsyňara degişli bolup durýar. Ondaky bellikler arap elipbiýinde şeýle görkezilen:
a). Elsultan El-Adyl - العدل السُلطان
b). Baýsyňar (Baýsungar) - بایسنقر
c). Sultanhan - سُلطانخان
d). Haladullah - خَلِدالله
e). Maleke - مَلِکَه
f). Sene - سنه
Sekizinji kümüş sikgeler
sultan Uzyn Hasanyiň agtygy sultan Rüsteme degişli bolup durýar. Ondaky
bellikler arap elipbiýinde şeýle görkezilipdir:
a). Elsultan El-Adyl العدل السُلطان
b). Rüstemhan خان رستم
c). Haladulla Maleke - مَلِکَه خَلَدالله
Sikgeler |
Nedir şanyň döwrüne degişli sikgelerlar şu gorkezilen
suratlarda anyk manysyna eýe bolýar. Olarda .....
Sikgeler |
Şeýlelik bilen, bu
fakturalara ser edenimizde, orta asyrlarda biziň ata-babalarymyzyň yurt dolandyryş
däp-düzgünleri, malýe serişdeleriniň näderejede kanunlaşdyrylandygy öz döwründe
we soňky nesillere yz galdyryjy tasirini ýetirip bilendigini bilip galýarsyň. Şonyň
üçin taryhymyzyň bu çetlerini-de, çuňňur öwrenilmegini talap etýär.
-------------------
1. Ownuk Hangeldi, Magazine “Standard” (hil we howpsuzlyk
journal), “Taryh we Standart”, Aşgabat – 1999 ý., sah. 34-36 ss.
2. علي اکبر سرافراز، فريدون آور زماني، سکه هاي ايران از آغاز تا دوران زنديه، تهران، سمت ١۳۸۰، ص ٢۳۷ - ٢۳۸ – ٢۳٩
No comments:
Post a Comment