Wednesday, November 07, 2012

Göktürk emeli hemrasynyň kosmosa uçurylmagy üçin sanlyja gün galdy-گؤک تورک عملی همراسئنئنگ کوسموسا اوچئرئلماغی اوچین سانلئجا گون غالدی

Göktürkin emeli hemrasy uçuşa taýyarlanyar
TRT - Türkiýäniň milli mümkinçilikleri bilen öndürlen 2-nji emeli hemrasy bolan “Göktürk 2” dekabr aýynda Hytaýdan kosmosa uçurlar 
Göktürk emeli hemrasynyň kosmosa uçurylmagy üçin sanlyja gün galdy. RASAT-dan soň Türkiýäniň milli mümkinçilikleri bilen öndürlen 2-nji emeli hemrasy bolan “Göktürk 2” dekabr aýynda Hytaýdan kosmosa uçurlar.
Göktürk 2 hemrasy bilen diňe Türkiýeden däl, dünýäniň çar tarapyndan maglumat almak mümkin. Göktürk 2 hemrasy kosmosa uçurulmazdan ozal TAİ-niň Ankaranyň Kazan etrabyndaky desgalarynda dabara guraldy.

Dabara Bilim, senagat we tehnalogiýa ministri Nihat Ergün bilen Milli goranmak ministri İsmet Ýylmaz hem gatnaşdy.
Göktürk 2 hemrasynyň öndüriliş etaby sinewizýon arkaly görkezildi.
Soň bolsa emeli hemra soňky gezek gözden geçirildi.
Göktürk 2 hemrasynyň programmasy kompýuter ulgamy türk hünärmenleri tarapyndan taýarlandy.
450 kilogram agyrlygyndaky emeli hemra ýerden 700 kilometr belentlikde güneş bilen şol bir orbitada ýer alar.
Göktürk 2 hemrasy bilen diňe Türkiýeden däl, dünýäniň çar tarapyndan maglumat almak mümkin.
Emeli hemra harby we jemgyýetçilik maksatly işlere uly goşant goşar.