Monday, June 29, 2009

Eýran Türkmenleriniň Appozisýasynyň Bileleşik sargydy – ایران ترکمنلرینینگ آپازیسیاسئنئنگ بیله لشیگ سارغئدی

Zorlamagy, sansury we ganunsyz tutmagy bes ediň


Hökümet žurnallary gadagan edip, žurnalistlary, syýasy we medeni çalyşganlary tutmak bilen, Internet sahypalary süzmek bilen we ganly-gazaply basgylary bilen halkyň ýüregine gorky sala bilmedi-de, eýsem onuň jemgyýetçilik aňyny, duýgusyny we ruhuny ýaralady.

Wednesday, June 24, 2009

ЕЖЕДНЕВНАЯ ДЕЛОВАЯ ГАЗЕТА


Главная :: В фокусе
Аятоллы побегут из Ирана
Вслед за своими деньгами
Крупные иранские банки начали активно выводить деньги из страны. Деньги уходят из банков как подконтрольных исламскому руководству Ирана, так и из тех, что связаны с кланом Рафсанджани, стоящим за оппозиционным кандидатом в президенты Мир-Хосейном Мусави, до сих пор отказывающимся признать свое поражение на выборах. Примирение между сторонниками и противниками Махмуда Ахмадинежада уже невозможно. Обе стороны готовятся к решительной схватке, по результатам которой кому-то из них придется бежать из Ирана. Read More

Saturday, June 20, 2009

ÝAT ILDE ŞAHYR ÖLDI…- یاد ایلده شاعیر اؤلدی

Ajy habar

Gitdi…
Atabaýew gurup gitdi,
Şaja Batyr görüp gitdi,
Suwhan Baba dörüp gitdi,
J.Garaýew durup gitdi,
Balyş Öwez sürüp gitdi,
Em.Gapurow "ak altyny",
Nebit-gazy berip gitdi,
Es. Nyýazow gyryp gitdi,
Milliard-milliard urup gitdi…
Saparmyrat Öwezberdi

Görnükli türkmen şahyry Saparmyrat Öwezberdi uzaga çeken agyr keselden soñ 2009 ýylyñ 19-njy iýunynda Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ paýtagty Waşingtonda 71 ýaşynyñ içinde aradan çykdy.

Wednesday, June 17, 2009

Medeni we syysy Ojak - مدنی و سیاسی اوجاق

12-ji khordad (12-nji jun) güni geçirilen Prezident saylawunyñ jar edilen netijesini kabul etmeýäris.

Halkara Guramalarynyň garamagy esasynda prezident saýlawunyň gaýtalanmagyny talap edýäris!Türkmen Halkynyyñ Medeni we Syýasy
Ojagynyñ sazlaşyk (kordinasion) şurasi
2009-06-15 / 25-3-1388

Tuesday, June 02, 2009

Magtymguly Pyragynyn Hormat Gijesi!

Beýik Türkmen Milli Şahyry we Filosofy, şol hatarda bütin dünýä Türk milletleriniň görnükli şahsiýeti we akyldary "Magtymguly Pyragynyň" 276 -njy doglan güni ýyl dönümi baýramy Toronto şäherinde, Şenbe güni, Maý 30, 2009, 29 St. Dennis Drive ( Library) köçesiniň, Kitaphanasynda Türk Milletleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen uly dabarada, Türk birligi gijesi derejesinde geçirildi.

DILDEN – DILLERE!


2009 ýylyñ 23-nji maýynda Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi.

Jeýhun bile bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniñ;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniñ.
***
Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde 23-nji maýda beýik Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi. Bu abraýly konferensi Göteborg Türkmen kultur ojagy taýynlady. Bu konferensi geçirmek boýunça ilkibaşda ýörite guramaçylyk komiteti döredildi we ol komitet birnäçe aýyñ dowamynda ähli zerur guramaçylyk işlerini alyp bardy. Bu döwürde Magtymguly Pyragynyñ ömri we döredijiligi barada dört dilde, ýagny türkmen, iñlis, şwed we pars dillerinde ýörite çykyşlar taýynlanyldy.