Friday, August 07, 2009

Nurmuhammet Asyrpur Meredow baky dünýä gowuşdy! - نور محمّد آشئرپور مرداف باقی دنیأ قووشدی



Üstümizdäki August aýynyň 1-ne Hormatly agamyz Nurmuhammet Aşyrpur Meredow Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 86 (2009-1923) ýaşynda aradan çykdy.
Merhum Aşyrpur Meredow 1923-nji ýylada Türkmensähranyň Kümüşdepe okrugynda dünýä geldi we şol ýerde-de başlangyç bilimini döwlet guramaçylygyndaky ýola goýulan ilkinji kümüşdepe mekdebinde tamamlady.
Ol mekdebi tamamlandan soň Bendertürkmen şäheriniň ( öňki Benderşhah) Nemsleriň ( Alma – Germaniýa) tarapyndan gurulan Demirýol tehnikasyny öwrediji Tehnikom ( Honarestan-e Fanni) Merkezinde okuwa ýerleşýär. Reza şanyň pars ilatyndan başga etniki halklarayň garşysyna alyp barýan syýasatynyň esasynda şol döwürde Bu senagat okuw merkezini Bendertürkmen şäherinden göçürýär. Ol merkezde okaýan okuwçylary bolsa, Asterabat (häzirki Gürgen) şäheriniň Daneşsäraýe Mogaddematy ( Ped. Uçylyşa “ Mugallym taýýarlaýyjy merkez”) okuw merkezine geçirýär. Ol bu ýerde okuwuny tamamlap mugallym bolýar.
… Merhum Aşyrpur Meredow öz döwrüniň türkmen öňdebaryjysy hökmünde sütemkär dörän rejimiň garşysyna beýleki egindeşleri bilen bir hatarda goşuluşýar we göreşýär. Sütemkär rejim güýç alandan soň ähli Eýran boýunça boluşy ýaly Türkmensährada-da öz garşydaşlaryny yzarlap başlaýar. Döwüriň prograssiw partiýa-guramalaryň agza-howandarlary gizenýarler we soňga baka 1947-nji ýylda Türkmenistan S. Şurasyna gaçybatmaga mejibur bolýarlar. Merhum üçin bir uzak bosgunlyk döwüri başlanýar. Ol Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki Universitesiniň Türkmen Dil we Edebiýat fakultesine okuwa ýerleşýär. Ol okuwuny tamamlandan soň, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Dil we Edebiýat Inistitutyna işe ýerleşip, beýleki ylmy merkezler bilen hem işleşip gaýtýar. Şol sanda soň Magtynguly adyna öwrülen Maksim Gorki adyndaky Türkmen Döwlet Universitesi hem häzirki Golýazmalar Inistituty we… işleşip gaýtýar.
1979-njy ýyl Eýrandaky gopgunly wakalar esaseynda, Eýranyň Pählewi patyşalygy synyp, Eýranyñ ähli halk rewolýusiýasy amala aşyryldy. Bu eýýämde daşary ýurtlara giden Eýranly inteligent öňdebaryjylary bilen bir hatarda, Nurmuhammet Aşyrpur Meredow we onuň pikirdeş ýoldaşy Sapar Ensary (Ahally) 2-nji bir çet ýurduň üsti bilen öz watanyna dolanyp gelýrler. …
1979-njy (1357 ş.) ýyldan 1981-nji (1360 ş.) ýyla çenli Eýranda syýasy durum üýtgäp başlaýar. Syýasy wakalara laýyk berilen merhum 1981-nji ýylda Yslam rejiminiň tarapyndan Tähranda tutulyp 4 ýyllap Eýranyň howuply türmesi Zendan-e Evin-de oturýar. Ol türmeden boşan soň, ýene-de, Türkmenistana dolanyp gelýärler.
Merhum Nurmuhammet Aşyrpur Meredow Türkmenistanda öňki işi bilen meşgul bolýar. Ol öz iş döwründe esli ylmy işleri alyp bardylar. Bu hakda ýörite maglumat çykararys. …
Hormatly professor derejesine laýyk bolan Dr. Nurmuhammet Aşyrpur Meredogly 2009-njy ýylyň August aýynyň birisi güni pany dünýäden bakyga gowuşdy.
Merhumyň Ýatan ýeri ýagty bolsyn! Galanlaryna abyraý bersin!
===========

No comments:

Post a Comment