Meşhur sazanda-deprekçi Rişad Şafi şu gün iň soňky ýoluna ugradyldy.
4-njy noýabrda 57 ýaşynda aradan çykan Rişad Şafi bilen hoşlaşmak üçin Moskwanyň 57-nji keselhanasynyň sid-med ekspertiza morgyna onuň garyndaşlary we dostlary, tanyşlary, käbir Orsýet sazandalary, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň wekilleri we birnäçe zurnalistler gatnaşdylar.Rişat Şafi Moskwanyň etegindäki Bogorodskoýe gonamçylygynda jaýlandy. “Men ony beýik diýen söz bilen häsiýetlendirmekden çekinmeýärin”, diýip Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan orsýetli kompozitor we saksofonist Wladimir Presnýakow şeýle diýdi: “Ol dünýä derejesindäki beýik sazanda, kompozitor, deprekçi we guramaçydy. Ol şeýle bir aktiwdi we janlydy, şonuň üçin män häzirki ýagdaýa hiç akyl ýetirip bilemok”. Kop ýyllap Orsyýetde ýaşansoň şu ýyl Rişad Şafi Türkmenistana sapar edipdi. “Rişat Şafiniň bu sapary Türkmenistanyň prezidentiniň şahsy çakylygy boýunça amala aşyryldy”, diýip “Watan” atly rus-türkmen dostlugy jemgyýetiniň ýolbaşçysy Maksat Saparmuradow aýtdy.

Web Resource: Azat Habar
No comments:
Post a Comment