Wednesday, January 02, 2008

TÜRKMEN DIL FUNDUNYŇ DÜZGÜNNAMASY

TÜRKMEN DIL FUNDUNYŇ
DÜZGÜNNAMASY
(TÄJIRÇILIK DÄL GURAMA)(TASLAMA)
****

Dil adamzadyn aragatnashygynyň we pikir alyşmagynyň esasy guralydyr, onuň bütewligi we dyngysyz ösmegi, hakykatdan hem her bir halkyň diri galyp, ösmeginiň iň bir möhüm şertidir. Hut şu hakykatlary göz öňünde tutmak bilen 1999-njy ýylda UNESCO-nyň Baş konfrensiýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji February „Halkara Ene Dili Güni“ diýlip yglan edildi.
Ene dilinde okamak we gürläp bilmek her ynsanyň tebigy hukugydyr şonuň üçin bu sene her ýyl bellenilip gelýär. Şeýlelikde, UNESCO her bir agyr şertlerde ýitip gitmek howpy bilen duş gelen dilleri goramagy öz borjy hasap edýänligini yglan etdi.

Şu hakykatlary göz öňünde tutmak bilen ata-babalarymyzyň tarapyndan miras hökmünde bize goýlan Milli Dilimizi goramak, ösdürmek, maksady bilen „Türkmen Dil Funduny“ döretmek kararyna geldik.
Ýokarda agzalan umumy maksatlary durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünda Funduň düzgünnamasyny şu aşakdaky tertipde teklip edýäris we umumy ýygnakda tassyklanandan soň, ol kanunda bellenen tertipde bellige alynmaga degişlidir.

1. UMUMY DÜZGÜNLER
2. DIL FUNDUNYŇ MAKSATLARY WE DURMUŞA GEÇIRJEK IŞLERI
Umumy ýygnaga gatnaşan
Dil Fundyny Döredijiler
2007 y.


2.1. Dil Fundunyň esasy maksady Türkmen dilini, EYJ-ýetinde we daşary ýurtlarda Türkmenlere öwretmekden, olaryň arasynda ornaşdyrmakdan, gorap saklamakdan we ösdürmekden ybarat bolup durýar.
2.2. Dil Fundunyň esasy geçirjek işleri aşakdakylardan ybaratdyr:
· EYJ-ýetinde we onuň çaginden daşarda ýaşaýan Türkmen alymlarynyň, ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we terjimeçileriniň Türkmen dilini goraýan we ýaýradýan, ösdürýan eserlerini Türkmen dilinde, başga dilden Türkmen diline we ýa Türkmençeden gaýry dillere terjime bolan eserleri çap bolmak üçin karzyna pul serişdesini şu düzgünnama esasynda bermek (karzyna pul bermäň, yzyna gaýdyp almaň, şertleri, we ş.m. her bir belli ýagdaýda Dil Fundy bilen olaryň arasynda baglaşylýan şertnamada kesgitlener);
· türkmen alymlarynyň, ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we terjimeçileriniň işläp düzen oý-pikirlerini şu düzgünnama esasynda durmuşa geçirmek üçin ýardam bermek;
· dürli ylmy, okuw, magaryf çäreleri gurnamak, we durmuşa geçirmek;
· türkmen dili hakda EYJ-ýetinda we daşary ýurtlarda doly we dogry maglumat bermek we öz dilimiz hakda oňat pikir döretmek;
· daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen resmi we resmi däl iki taraplaýyn, ylmy, bilermençilik (ekspert) aragatnaşyklaryny guramak, döretmek we ösdürmek;
· resmi we resmi däl halkara gatnaşyklaryny, Türkmenler bilen gurnamak, döretmek we ösdürmek;
· ylmy, bilermençilik we okuw çärelerini geçirmek;
· internet ulgamynyň üsti bilen Türkmen dilini öwretmek, dil hakda elektron ýazgylary döretmek, Türkmen site (saýtlarynda) Türkmen dilini öwretmek, we ýaýratmak ugrunda goldaw bermek we şonuň ýaly hem olary döretmek;
· dil öwretmek ugrunda ylmy, dynç alyş we medeni çäreleri geçirmek;
· türkmenler barada informasion merkezini döretmek;
· Dil Funduna meňzeş guramalar bilen tejribe alyş beriş işini amala aşyrmak;
· türkmen dili kurslaryny gurnamak;
· türkmen dilinde ylmy, taryhy, we edebi çykyşlary we şeýle hem goşgy okaýyş agşamlarny gurnamak;
· internet ulgamynda Dil Fundunyň site (saýtyny) döretmek;
· türkmen dili hakda televizion we radio gepleşikleri taýýarlamak, döretmek we ýaýratmak;
· türkmen edebi mirasyny (klassyk eserleri) dünýä dillerine terjime etmek we ýaýratmak;
· türkmen dilindäki kitaplaryň, kitaphanasyny gurnamak;
· dil hakda ylmy konfrensiýalara gatnaşmak, gurnamak.
2.3. Dil Fundy işiň aýry görnüşlerini, diňe degişli rugsat hatyny (license) alandan soň amala aşyryp biler.

3. DIL FUNDUNYŇ EMLÄGI

3.1. Dil Fundunyň balansynda durýan ýer mellegi, jaý, gurluşyk, başga gozgalýan we gozgalmaýan emläk, şol sanda zatlar, gymmat bahaly kagyzlar, pul serýşdesi, daşary ýurt puly (walýuta), emläk hukugy, başga maddy bahalyklar we maly baýlyklary Dil Fundunyň emlägini düzýärler.
3.2. Dil Fundunyň emlägini düzýän çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
· her aýda Dil Fundunyň agzalarynyň berýan agzalyk pullaryndan we maliýe kömeklerden;
· adamlaryň we hukuk taraplaryň tarapyndan gelýän kömeklerden;
· harýt, iş we hyzmatlary satmakdan gelip gowyşýan serişdelerden;
· kanun tarapyndan gadagan bolmadyk başga girdeýjilerden.
3.3. Dil Fundunyň gören peýdasy, paýlaşyga degişli däldir, eýsem olar şu Düzgünnamada bellenen maksatlara gönükdirilmelidir.
3.4. Kunun boýunça bellenen tertipde Dil Fundy maliýe işlerini (book-keeping, accountancy-hesabdari) we statistik hasabatyny ýerine ýetirýär we her 3 aýyda öz emläginden peýdalanşynyň hasabatyny Umumy ýygnaga berip durýar.
3.5. Maliýe ýyly January aýynyň 1-inden December aýynyň 31-ne çenlidir.
Indiki ýylyň March aýynyň 1-inden gijä galman Dil Fundunyň Dolandyryjy guramasy öz amala aşyran işleriniň ýyllyk hasabatyny taýýarlaýar we Umumy ýygnaga ony tassyklamak üçin hödürleýär.

4. DIL FUNDUNYŇ ÝOKARY GURAMASY

4.1. Dil Fundunyň ýokary guramasy agzalaryň Umumy ýygnagydyr.
4.2. Umumy ýygnak öz oturşyklarynyň arasynda işleri alyp barmak üçin Umumy ýygnagyň agzasyndan 5 sany adamy _1_ (bir) ýyl möhlet bilen Dolandyryjy gurama hökmünde saýlýar.
4.3. Umumy ýygnagyň ygtyýarlarlyklary aşakdakylardan ybaratdyr:
4.3.1. Dil Fundunyň alyp barýan işine we hereket edýän kanunçylygy berjaý edişine gözegçiligi ýerine ýetirýär;
4.3.2. üýtgetmeleri we goşmaçalary Düzgünnama girizýär, olar diňe döwlet tarapyndan bellige alnandan soň güýje girýär;
4.3.3. Dil Fundunyň işiniň ähmiýetli ugurlaryny, olaryň emele gelşini, peýdalanyş usullarny (prinsiplerini) kesgitleýär;
4.3.4. Dil Fundunyň ýyllyk hasabatyny şol sanda hasap balansyny seredip, tassyklaýar;
4.3.5. Dolandyrjy guramanyň we onuň başlygynyň kabul eden çözgütlerine, şeýle hem, Gözegçilik toparyň çykarýan netijelerine we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär we tassyklaýar;
4.3.6. Dil Funduny ýatyrmak hakda karar kabul edýär;
4.3.7. Dil Fundunyň auditor barlagyny gurnaýar we onuň hakynyň möçberini kesgitleýär;
4.3.8. Dil Fundunyň maliýe planyny, oňa girizilýän goşmaçalary tassyklaýar;
4.3.9. şahamçalary we wekilçilikleri döretmek barada çözgüt kabul edýär we olaryň Düzgünnamalaryny tassyklaýar;
4.3.10. başga hukuk taraplary döretmek we olary dolandyrmak, şeýle hem Dolandyrjy guramanyň agzalarynyň birine, ýokarda agzalan hukuk taraplaryň dolandyryjy guramasynyň işine gatnaşmaga ygtyýar berilmegi hakda çözgüt kabul edýär;
4.3.11. şu Düzgünnamada göz öňüne tutulan başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
4.4. Dil Fundunyň hataryndan çykmak isleýän, onuň şahsy arzasy bilen mümkin bolar.
4.5. Umumy ýygnagyň ýylda 2 gezekden az bolmadyk otyrşygy bolar.
Umumy ýygnagyň we Dolandyryjy guramanyň 3-den bir böleginiň islegi bilen adatdan daşary Umumy ýygnagy çagyryp bolar.
Umumy ýygnagyň haçan we sagat näçede boljagyny, şeýle hem onuň gün tertibini Dolandyryjy gurama we ýa-da onuň ygtyýar beren adamsy, hökmany suratda umumy ýygnagyň hemme agzalaryna 15 gün öňünden habar etmelidir.
4.6. Umumy ýygnakda, oňa gatnaşyjylaryň sada köp ses beren çözgütleri kabul edilýändir.
5. DIL FUNDUNYŇ DOLADYRYŞ GURAMASY
5.1. Dolandyryjy guramasy, Dil Fundunyň toparlaýyn ýerine ýetirji guramasy bolup, Düzgünnama esasynda Umumy ýygnagyň we ýerine ýetirji başlygyň ygtyýarlygyna degişli meselelerden başga, ol Dil Fundunyň gündeki işini ýerine ýetirýär.

6. DIL FUNDUNYŇ DOLANDYRYJY GURAMASYNYŇ BAŞLYGY

6.1, Dil Fundunyň gündeki işlerini yzygiderli alyp barmak üçin Dolandyryjy guramanyň başlygy mydam hereket edýän ýeke täk adam bolup, ýolbaşçylyk edýär.
6.2. Gündelik ýolbaşçylyk we Dil Fundunyň esasy iş ugurlaryny durmuşa geçirmek, we onuň çözgütlerini ýerine ýetirmegi gurnamak we üpjün etmek Dolandyryjy guramanyň başlygynyň ygtyýarlyklaryndandyr.
6.3. Dolandyryjy guramanyň başlygy Dolandyryjy gurama tarapyndan saýlanýar we işden boşadylýar.
6.4. Dolandyryjy guramanyň başlygy:
· Dil Fundunyň gündelik işini guraýar we kontrol edýär, Umumy ýygnagyň kararlaryny durmuşa geçirmesini gurnaýar we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
· ynanç haty almazdan, ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda Dil Fundunyň adyndan çykyş edýär we fiziki we hukuk taraplar, döwlet guramalar, ýerli häkimiýet bilen gatnaşyklarda Dil Fundunyň bähbitlerini arap, oňa wekilçilik edýär;
· döwlet häkemiýetiniň, ýerli öz özüni Dolandyryjy we daşary ýurt, halkara guramalar bien ylalaşyp hereket etmek hakda, we ony amala aşyrmak üçin degişli çözgütleri kabul edýär;
· Dil Fundunyň hasabatyny we hasabat bermesini gurnaýar;
· öz ygtyýarlary esasynda Dil Fundunyň emlägini dolandyrýar, karz pul berýan (kredit) guramalarda hasaplaşyk we başga hasaplary açýar we ýapýar;
· şu Düzgünnamada bellenen maksatlara laýyklykda Dil Fundunyň emlägini peýdalanşyna jogapkärçilik çekýär;
· Dil Fundunyň şahamçalarnyň we wekilçilikleriniň işine gözegçilik edýär;
· Dil Fundunyň wezipeli adamlaryny, şol sanda öz ornbasaryny, baş hasapçyny şeýle hem, başga aýry aýry wezipeli adamlary işe alyp, işden boşadýar we olaryň işde ýerine ýetirmeli wezipelerini tassyklaýar;
· Şertnamalary, şol sanda zähmet şertnamalaryny baglaşýar, buýruklary çykarýar, başga içeki işleri düzgünleşdirýän resminamalary tassyklaýar, başga geleşikleri baglaşýar;
· Dolandyryş guramanyň oturşyklaryny taýýarlamaga we geçirmäge jogap berýär we onuň agzalaryna 7 gün öňünden Dolandyryjy guramanyň ýygnagy geçiriljegi hakda habar berýär;
· Umumy ýygnakda, Dolandyryjy guramada ara alnyp maslahat ediljek meseleleri taýýarlaýar;
· Dolandyryjy guramanyň çözgüdi esasynda ylmy, bilermençilik we başga toparlaryň işiniň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
· Dil Fundunyň işi bilen baglanyşyklylykda başga meselelerini çözýär.
6.5. Dolandyryjy guramanyň başlygy, Dolandyryjy guramanyň agzalarynyň razyçylygy bilen wagtlaýynça öz käbir ygtyýarlyklaryny orunbasaryna tabşyryp biler.
6.6. Dolandyryjy guramanyň başlygy her 3 aýdan Dolandyryjy gurama we Umumy ýygnaga işiň netijeleri barada öz hasabatyny berip durýar.
6.7. Maliýe we pul hakda resminamalar 2 (iki) gol bilen ýagny Dolandyryjy guramanyň başlygy we hasapçysynyň gollary bilen amala aşýar.

7. DIL FUNDUNYŇ IŞINE GÖZEGÇILIK

7.1. Dil Fundunyň işine, onuň guramalarynyň kabul eden kararlaryna we olaryň ýerine ýetirilişine, maliýe serişdelerinden peýdalanyşyna gözegçiligi amala aşyrmak üçin Dil Fundunyň agzalarnyň arasyndan bir ýyllyk möhlet bilen 7 adamdan düzülýan Gözegçilik topary Umumy ýygnakda saýlanýar we olar gözegçilik işini ýerine ýetirýärler.
7.2. Dil Fundunyň içerki maliýe işine gözegçiligi, Gözegçilik topary ýerine ýetirýär. Gözegçilik topary Dil Fundunyň maliýe-hojalyk işlerine her 6 aýda bir gezek gözegçilik geçirýär we olar öz barlagynyň netijesini Umumy ýygnaga hödürleýär.
7.3. Gözegçilik topary, Dolandyryjy guramanyň başlygyndan hemme gerek bolan hasaphanaň, maliýe we başga resminamalary şeýle hem olar barada düşündirişleri talap edip, alyp bilerler.
7.4. Gözegçilik topary barlag işiň netijelerini Umumy ýygnaga hödürleýär.
7.5. Gözegçilik toparyň agzasy oňa mälim bolan habarlary, resminamalary paş etmäge haky ýokdur.
7.6. Gözegçilik topary öz işini 10 günden uzaga çekdirmän tamamlamalydyr. Aýratyn şertlerde Umumy ýygnagyň karary esasynda, ol möhlet üýtgedilip bilner.

8. DIL FUNDYNY ÜÝTGETMEK WE ÝATYRMAK

8.1. Dil Fundy başga gurama bilen birleşmek, goşulmak, bölünmek bilen täzeden gurulýar.
8.2. Kanunçylykda göz öňüne tutulan halatlarda Dil Fundy diňe kazyýetiň hökümi bilen ýatyrlyp bilner.
8.3. Dil Fundunyň ýatyrylmagy barada çözgüt kanunçylykda göz öňüne tutulan esaslarda amala aşyrylýar.
8.4. Dil Fundunyň emlägini satmakdan hasyl bolan pul serişdesi, hemme bergiler berlenden soň, Dil Fundunyň Umumy ýygnagynda, galany hakda karar kabul ediler.

Dolandyryjy gurama, ýerine ýetirji başlyk, ýolbaşçylyk edýär.
5.2. Dolandyryjy guramanyň ygtýarlyklary aşakda agzaljak meselelerden ybaratdyr:
1) Umumy ýygnagyň bellän ugyrlaryny amala aşyrmak üçin planlary işläp düzmek;
2) Dil Fundunyň Düzgünnamasynda bellenen maksatlary planlaşdyryp, olaryň durmuşa geçirmek tertibini we goýberiljek maliýe serişdeleriniň möçberini kesgitlemek;
3) şu Düzgünnamanyň maksatlaryna laýyklykda, bahasy balansyň 25% -den köp bolmadyk emlägi satyn almak, satmak barada şertnama baglaşmak üçin çözgüt kabul etmek;
4) Umumy ýygnaklary gurnamak;
5) Umumy ýygnagyň we Dolandyryjy guramanyň ýerine ýetiriji başlygynyň ygtyýarlygyndaky resminamalardan başga içerki resminamalary tassyklamak;
6) Umumy ýygnakda ara alnyp maslahatlaşmak üçin Dil Fundunyň şahamçalaryny we wekilçiliklerini döretmek hakda tekliplerini we olaryň Düzgünnamalarynyň taslamasyny hödürlemek;
7) Umumy ýygnakda ara alnyp maslahatlaşmak üçin ýyllyk ýerine ýetiren işleri barada we şeýle hem ýyllyk hasabaty taýýarlap bermek;
8) Umumy ýygnakda ara alnyp maslahatlaşmak üçin maliýe planlaryny taýýarlamak, şeýle hem bar bolan maliýe planlaryna üýtgetme girizmek üçin tekilplerini taýýarlap bermek;
9) Umumy ýygnakda ara alnyp maslahatlaşmak üçin, başga hukuk taraplaryny döretmek, Dolandyryşyna gatnaşmak, şeýle hem olara gatnaşyjynyň ygtyýarlyklaryny bermek;
10) Dil Foudunyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasynyň çäginde durmuşa geçiriljek taslamalar hakda ylmy, bilermençilik we başga toparlary gurnamak;
11) şu Düzgünnama boýunça göz öňüne tutulan başga meseleler.
12) öz agzalarynyň arasyndan gizlin ses bilen Dolandyryjy guramanyň başlygyny saýlamak.
5.3. Dolandyrjy guramanyň ygtýarlygyndaky duran meseleler, başga bir guramanyň seretmegine berlip bilinmez.
5.4. Dolandyrjy guramanyň oturşyklarynyň kworumy (ýygnaga zerur gatnaşyjylaryň sany) 5o%+1-dir.
5.5. Dolandyrjy guramada çözgütler, onuň gatnaşýan agzalarynyň köplük sesi bilen kabul ediler.
Şu Düzgünnamanyň 5-nji maddasynyň, 5.2.-nji bendiniň 1, 3, 8 bölekleri hakda çözgütler sese goýlanda, olary kabul etmek üçin gatnaşýan agzalarynyň 3/2 ses bermegi gerekdir.
1.1. Türkmen Dil Fundy (tekstde mundan beýläk Dil Fundy) Iran Yslam Jemhuriýetiniň (tekstde mundan beýläk EYJ) çäginde we onuň çäginden daşarda ýaşaýan Türkmen alymlarynyň, ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, we terjimeçileriniň eserlerini çap edip çykarmakdan we şeýle hem Türkmen dilini öwretmek, ösdürmek, we şol ugurda başga çäreleri amala aşyrmak üçin goldaw we ýardam bermek maksady bilen döredilýär.
1.2. Türkmen Dil Fundunyň, Türkmen dilinde doly day: “Türkmen dil Fundy”.
Türkmen dilinde gysgaldylan ady: “TDF”.
Fundyň iňlis dilinde doly ady: “ Türkmen Language Fund”.
iňlis dilinde gysgaça ady: “TLF”.
1.3. Dil Fundy bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan, hukuk tarapy hökmünde döredilen diýlip hasaplanýar we öz eýeçiliginde hususy emläge eýe bolup, öz emlägi bilen hemme öz borçlaryna jogapkär bolup, öz adyna emlakleýin we emläkleýin däl hukugy gazanyp we durmuşa geçirmage hakly bolup, borçlary boýun almaga we kazyýetde hak isleýji we jogapkär bolup çykyş edip biler.
1.4. Dil Fundy özbaşdak balansa eýedir.
Türkmen Dil Fundy, _________ çäginde we daşary ýurtlarda bellenen tertipde banklarda öz hasaplaryny açmaga, kanun boýunça gadagan edilmedik, şertnamalary baglaşmaga haklydyr.
Dil Fundunyň Türkmen dilinde öz ady bilen, möhüri, blankalary, şeýle hem bellenen tertipde bellige alynan emblemasy bolmaga hukugy bardyr.
1.5. Dil Fundyny döredijiler, onuň maksatlaryny ykrar edip, oňa aýda agzalyk hakyny töleýanlerden ybarat bolup durýandyr.
Her bir Türkmen ýekebaralaýyn ýa toparlaýyn bolup Dil Fundunyň agzalygyna geçip biler.
1.6. Dil Fundy öz agzalarynyň borçlaryna jogapkärçilik çekýän däldir, agzalar hem Dil Fundunyň borçlaryna jogapkärçilik çekmeýärler.
1.7. Dil Funduna, agzalarynyň we başga adamlaryň we guramalaryň tarapyndan berlen emläk onuň eýeçiligi hasaplanýandyr.
Dil Fundy, agzalarynyň, gaýry adamlaryň we guramalaryň tarapyndan berlen emläkden şu düzgünnamada bellenen tertipde we maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda peýdalanyp biler.
1.8. Dil Fundunyň öz maksatlaryny, we wezipelerini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan telekeçilik işlerini amala aşyrmaga hukugy bardyr.
1.9. Dil Fundy öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin şereket döretmäge ýa bar bolan şereketlere goşulmaga haky bardyr.
1.10. Dil Fundy kanunçylykda bellenen tertipde öz şahamçalaryny we wekilçiliklerini döredip biler.
Şahamçalar we wekilçilikler hukuk taraplary hasaplanýan däldirler we olar Dil Fundunyň tarapyndan tassyklanan düzgünnama esasynda hereket edýändirler.
1.11. Dil Fundunyň şahamçalarynyň we wekilçilikleriniň ýolbaşçylary Dil Fundunyň tarapyndan bellenip, olar berlen ynanç hat esasynda işleýärler.
1.12. Dil Fundunyň salgysy:
_________________________________

No comments:

Post a Comment