Tuesday, June 10, 2008

Öýlerde 7 ýyl soňra internet döwri başlady. اؤیلرده 7 یئل سونگرا اینترنت دؤوری باشلادی

Paýtagt Aşgabatda öýlere internet hyzmaty berilmäge başlady. Ýurdumyzyň ýeke-täk internet prowaýderi bolan Türkmentelekom hepdäniň başyndan başlap hojalyklara hem internet mümkinçiligi berlip başlanandygyny habar berdi.
Oguz aýynyň başynda internet babatda täze tilsimatlaryň gurulmagy bilen 2 müň abunalyk internet mümkinçiligi döredi. Hut şu hepdäniň özünde 20 öýe internet baglanandygyny habar beren Türkmentelekom ellerinde internete baglanmak üçin tabşyrlan 3 müň töweregi arzanyň bardygyny mälim etdi emma täze tilsimatlar arkaly diňe 2 müň abuna internetiň baglanyp biljekdigi habar berildi.
 Häzire çenli 2006-njy ýylda yazylan arzalaryň gözden geçirlip bolandygy we şu günlerde 2007-nji ýylyň Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda arzalaryň seljerilýändigi hem mälim edildi. 2001-nji ýyldan bäri diňe belli döwlet edaralaryna we ilçihanalara internet hyzmaty berilýändigi mälim edilip öýlere internet baglamak baradaky kakaryň mundan birnäçe ýyl öň alnandygy habar berildi.
Internet hyzmatyndan peýdalanmak üçin telefon belgisi adyna bolan raýatlaryn pasport kopiýalary bilen Türkmentelekoma yüz tutmagy talap edilýär.
Raýatlar häzirki günde internetiň minudyny 192 manatdan ýagny sagadyny 11 520 manatdan peýdalanýar. Şeýle hem aýlyk 115 müň manat abuna tölegi tölenýär. Internet kafelerde bolsa minudy 500 manatdan
Döwlet Baştutanlygy wezipesine başlandan gysga wagt soňra internet kafeleriň täzeden açylmagyny talap eden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen günlerde Aragatnaşyk Ministri Resulberdi Hojagurbanowa bu ulgamda işleri talaba laýyk ýerine ýetirmändigi öçin käýinç beripdi. Prezident Berdimuhamedow ýene-de internet sebäpli ministriň orunbasaryny işden boşadypdy.
Web Resource: Türkmenpress - ترکمن پرس