Wednesday, August 06, 2008

Günüň wakalary : Medeniýet we sungat işgärleriniň güni

Iýul aýynyň 21-ine Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen hökümet maslahatynda, medeniýet we sungat işgärleriň gününi ýene-de bir täze milli baýramçylygy bellemek barasynda kabul edilen perman esasynda şu gün ýurdumyzda ilkinji gezek "Medeniýet we sungat işgärleriniň güni" bellenip geçilýär. Bu milli baýramçylyk halkymyzyň ýaşaýjylarynyň has hem medeniýet hem-de sungat işgärleriniň başlaryny göge ýetirdi. Soňky döwürlerde medeniýetde we sungatda birnäçe üstünlikler gazandyk. Türkmen suratkeşleriniň, režisýorlaryň döreden eserleriniň arasynda halkara baýraklara mynasyp bolanlary hem bardyr.
Mysal hökmünde režisýor Durdygylyç Nyýazowyň "Perzent parzy" atly filmi Maý aýynyň 12-18-i aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen halkara kinofestiwalyna gatnaşyp baş baýraga eýe boldy. Mundan başgada Durdygylyç Nyýazowyň režisýorlyk eden birnäçe ululy-kiçili filmleri bar. «Darkaş», «Ahmyr» atly çeper filmleri, «Türkmenbaşynyň ruhy metjidi» atly dokumental filmi, «Ýumajyk» atly kinožurnaly, «Bezzat Bezirgen» atly filmleri bar. Durdygylyç Nyýazowyň «Zaman Türkmenistan» gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşliginde geljekki meýilnamalary barasynda şeýle gürrüň berýär: «Häzirki wagtda men «Laçyn» atly çeper filmi surata düşürip ýörün. Bu filmiň edebi esasyny ýazanymda, men adamlaryň haýwanlara bolan gatnaşygyny, milli däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçip, ýitip gitmezligini, elguş saklamaklygyň, oglanlaryň tebigata we haýwanlara höwesini artdyrmagyň täsirini görkezjek boldum.»
Şeýle hem soňky wagtlarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde suratkeşleriň, zergärleriň işleri sergilerde görkezilýär. Şeýle sergileriň biri hem maý aýynyň 16-18-i aralygynda geçirilen "Suratkeşleriň, zergärleriň işleriniň "Türkmenistan we dünýä sungatynyň nusgalyk eserleri"" atly halkara sergisidir. Bu sergide Kistowiç ("Babikow hakynda ýatlama"), Seýitmuhammet K ("Garaşsyzlyk toýy"), Gurbangeldiýew K ("Şadyýan oýunlar"), Adamowa Ý ("Delagatlar"), Kiçigulyýew A("Ýusup") we Nurmyradow K ("Ertir toý") ýaly ussat suratkeşleriň bütin dünýäde tanalýan we halkara baýraklara eýe bolan eserleri görkezilipdi.
Sungatymyzda ýene-de bir täze özgerişikleriň biri hem bolsa şu ýylyň 27-nji iýulynda türkmen opera sungatynyň gaýdyp gelmegidir. Şol gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ilkinji gezek tomaşaçylara "Şasenem-Garyp" operasy sowgat edilipdi. "Şasenem-Garyp" operasyny dikeltmäge ussat halypalar bilen bir hatarda ýaşlaryňam uly topary işjeň gatnaşdylar. Operada Şasenemiň keşbini janlandyran Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti Bibi Amanowa hem-de Garybyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýewdir. Opera halkyň söýgüsini gazanyp, ussat halypalaryň hem-de ýaş artislaryň agzybirlikde bitiren işleriniň ýerine düşendigini aýdyň görkezdi.
Baýramçylyk mynasybetli Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sungat ussatlary özleriniň täze hem-de ruhybelent çykyşlaryny adamlara sowgat etdiler.
Web Resource: TURKMENPRESS