Sunday, September 14, 2008

AŞGABATDA ÝARAGLY GOZGALAÑ

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIÝASYNYÑ BEÝANATY
Düýnden bäri Aşgabatda ýaragly gozgalañyñ dowam edýändigi hakynda dürli çeşmelerden habarlar gelip gowuşýar. Şol habarlara görä, hökümet gozgalañçylaryñ garşysyna artilleriýany we tanklary ulanmaga mejbur bolupdyr. Gozgalaña 1995 ýylyñ 12-nji iýulyndaky ozalky gozgalañy taýýarlamaga gatnaşan Ajdaryñ ýolbaşçylyk edýänligi hakda-da maglumatlar bize gelip gowuşdy.

Rus habar beriş serişdeleriniñ birnäçesi ”Wremýa novosteý” hepdeliginiñ habarçysynyñ sözlerine salgylanyp, bu gozgalañ hakda nädogry maglumatlary ýaýratdylar. Olaryñ habaryna ynansañ, onda bu gozgalañy turzanlar, hamana, dindar wahhabyçylar bolmaly. Emma biziñ gürleşen aşagabtly çeşmelerimiz muny ýalana çykardylar.
Biziñ çeşmelerimiz gozgalañyñ syýasy, sosial we ykdysady sebäpleriniñ bardygyny öñe sürýärler. Türkmenistanda soñky döwürde sosial deñsizlik, parahorluk, eden-etdilik ozalkysyndanam beter ösýär. Täze Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowa bolan ynam, onuñ ýurtdaky agyr ýagdaýy düzedip biljekdigine bolan umyt gün-günden azalýar. Şeýle ýagdaýda häzirki gozgalañyñ möhüm wakalaryñ diñe başlangyjy bolup biljekdigine biziñ bilen gürleşen adamlar ikirjiñlenenoklar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow bu gozgalañyñ ululugyna ýa-da kiçiligine bakmazdan, onuñ özi üçin örän uly duýduryşdygyna düşünmeli we ýurtda demokratik reformalary tizleşdirmeli.
Biz Prezident G.Berdimuhammedowdan gozgalañçylaryñ garşysyna repressiw jeza beriş çärelerden saklanmagyny towakga edýäris. Eger-de Prezident özüne hem öz halkyna, ýurduñ geljegine jogapkärli garaýan bolsa, onda ol gozgalañçylary ýok etmäge däl-de, eýse olar bilen gepleşige girişip, olaryñ talaplaryny bilmäge synanyşmalydyr.
Türkmenleriñ boş wadalardan doýandygyna, olaryñ indi başlaryny egip uzak oturmajakdyklaryna G.Berdimuhammedow düşünmelidir.
Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiýasy Prezident Gurbanguly Berdimuhammeowdan gozgalañçylaryñ garşysyna güýç ulanmakdan saklanmagy hem olar bilen gepleşiklere girişmegi towakga edýär.
Häkimiýetiñ başynda otyrka güýç ulanmagy her kes başaryp biler, emma paýhasy ulanmagy diñe paýhasly hem öñdengörüji baştutan başarar. Biz häzirki ýagdaýda Prezident G.Berdimuhammedow gödek güýje däl-de, eýse paýhasa daýanar diýip, umyt edýäris.
TBDO-nyñ egindeş baştutanyG.AtaýewPariz, 2008-09-13

1 comment:

  1. yalta3:14 AM

    salam
    armang alla ghowat ..ing tasin we ghowi we yakhshi yazgholaring biridirginz sakhboling.

    kop mennet dar
    yalta

    ReplyDelete