Monday, April 27, 2009

“Eýran-Türkmensähra edebiýaty” - ايران- تركمنصحرا ادبيّاتي

Ankarada “Eýran-Türkmensähra edebiýaty” mowzukly konferensiýa geçirildi
Ýewroaziýa Ýazyjylar Bileleşigi tarapyndan Ankarada “Eýran-Türkmensähra edebiýaty” mowzukly konferensiýa geçirildi.
Ýewroaziýa Ýazyjylar Bileleşigi bilen Milli kytaphana tarapyndan Ýewroaziýa Eedebiýat günleriniń çäginde geçirlen “Eýran-Türkmensähra edebiýaty” mowzukly konferensiýada, Türkmensähra sebitiniń edebiýaty barada pikir alyşyldy.
Konferensiýa, Dos. Berdi Sariýew bilen Türkmensähra gazetinden Abdyrahman Deweji hem gatnaşdy.
Konferensiýany gönükdiren Türk Dil guramasynyń başlygy Prof. Haluk Akalyn, Türkmensährada ulanylaýn atalar sözünden mysallar berdi.
Akalyn çykyşynda, şol sebitde düşürlen foto suratlardan hem peýdalandy.

Friday, April 17, 2009

ZORLUK WE SYÝASAT - زورلئق و سياست

Ak Welisapar - آق. ولي صاپار
Türkmenistandaky başyçylyk diktatura, ýagny syýasy zorluk bilen durmuşy jenaýatlaryñ arasynda näme umumylyk bar? Türkmen jemgyýeti syýasy we durmuşy zorluga garşy durmaga ukyplymy?
---------------------
1. Düýeguşuñ gylygy

Üstüne howp abansa, düýeguş kellesini çägä sokup, gutuljak bolarmyş diýýärler. Kellesini bukanda, göwresiniñ añsat aw bolýandygyna guş janawar düşünmese nätsin? Guşdan paýhasa garaşmak hebes, emma howp abanada adamlar özlerini nähili alyp barýarlar? Ine, gep şunda!

Türkmenistanda aýylganç diktatura döräp başlanda, onuñ garşysyna jemgyýetiñ örän az bölegi göreşe girişdi. Adamlaryñ birentegi öz darajyk şahsy bähbitlerine çapyp, geljekki diktator bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Köpçülik nätdi? Köpçülik kellesini ”çägede gizledi”. Dowamy - دووامي

Monday, April 06, 2009

Türkmen ýaýlasy festiwaly - توركمن يايلاسي فستيوالي

Dünýäniń çar tarapynda ýaşaýan türkmenleriń wekilleri duşuşdy
Türkmenistan, dünýäniń çar tarapynda ýaşaýan türkmenleriń wekillerini duşuşdyrdy.
Türkmen maşgalalarynyń gatnaşmagynda türkmen ýaýlasy atly festiwal, düýn paýtagt Aşgabadyń golaýynda başlady.
Festiwalda, Türkmenistanyń Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyń gutlag ýüzlenmesi okaldy.
Şol bir wagtda, Dünýä Türkmenleriniń Gumanitar Birleşiginiń başlygy bolan Berdimuhamedow, 5 müń ýyllyk geçmişi bolan türkmen medeniýetiniń we taryhynyń, dünýä tanadylmagyny maksat edinýändiklerini nygtady.