Türkmenistandaky başyçylyk diktatura, ýagny syýasy zorluk bilen durmuşy jenaýatlaryñ arasynda näme umumylyk bar? Türkmen jemgyýeti syýasy we durmuşy zorluga garşy durmaga ukyplymy?
---------------------
1. Düýeguşuñ gylygy
Üstüne howp abansa, düýeguş kellesini çägä sokup, gutuljak bolarmyş diýýärler. Kellesini bukanda, göwresiniñ añsat aw bolýandygyna guş janawar düşünmese nätsin? Guşdan paýhasa garaşmak hebes, emma howp abanada adamlar özlerini nähili alyp barýarlar? Ine, gep şunda!Türkmenistanda aýylganç diktatura döräp başlanda, onuñ garşysyna jemgyýetiñ örän az bölegi göreşe girişdi. Adamlaryñ birentegi öz darajyk şahsy bähbitlerine çapyp, geljekki diktator bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Köpçülik nätdi? Köpçülik kellesini ”çägede gizledi”. Dowamy - دووامي
Eger daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýasynyñ wekilleriniñ we dürli sebäplere görä ýurtdan çykyp, häzirki wagtda Europada ornaşan ildeşlerimiziñ ýiti meseleler ýüze çykanda özlerini alyp baryşlaryna syn etseñ, onda düýeguşuñ häsiýetiniñ belli bir derejede adamlara-da mahsusdygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu hakda adamzat taryhynda iñ agyr jenaýatkärleriñ biri hasap edilýän awstiýaly Josef Fritzliñ jenaýat işi bilen baglanyşykly gürrüñ etse bolar. Josef Fritzl edil gadymy dünýädäki Gerostrat kimin erbetligiñ, wyjdansyzlygyñ aýylganç simwoly hökmünde adamzat taryhynda galsa gerek.
ReplyDeleteEýse, onuñ jenaýaty nämeden ybarat? Josef Fritzl özünden önen gyzy 24 ýyllap ýerzeminde saklap, oña 24 ýyllap zyna sütemini edip gezipdir. Jenaýatyñ jikme-jikligini agzamanyñda-da, hut şol faktyñ özi-de eşiden kişiniñ inini tikenekletmän bilmez. Awstriýaly Josef Fritzle adam diýmäge-de diliñ baranok. Şwed gazetlerinde oña ”Mahluk” (Odjur”) diýip at berdiler. Çünki Josef Fritzliñ eden jenaýaty adam diýen düşünje bilen bir ýere sygyşanok.
2. Josef Fritzliñ jenaýaty näme sebäpden 24 ýyllap bilinmändir?
Josef Fritzliñ kimdigi belli, elbetde, ol tüýsi bozuk mahluk. Onda-da aýylganç mahluk. Ýöne mesele başga zatda… Nädip bu aýylganç jenaýat Europanyñ jümmüşindäki ösen ýurtda mümkin bolupdyr? Nädip töwerekdäki adamlar 24 ýyllap bu elhenç jenaýatdan habarsyz galypdyrlar? Hany Josef Fritzliñ maşgala agzalary? Goñşy-golam, dogan-garyndas? Hany şäher jemgyýetçiligi? Adamlaryñ ykbaly bilen gyzyklanmaly häkimiýet edaralary? Nädip vyjdansyz mahluk 24 ýyllap öz jenaýatyny gündelik ýaşyryp bilipdir?
Josef Fritzliñ maşgala agzalary, hamana, hiç zady añmanmyşlar. Goñşy-golam, garyndaşlar-da hiç zat bilmändirler. Şäherde ýaşap ýören ýetginjek gyz gümlam ýitende, bu waka ne ýakyn hossarlaryny, ne häkimiýet guramalaryny düýpli biynjalyk edipdir. Hamana bu bir adaty waka ýaly, tiz wagtdan Elisabeth Fritzl diýen ýetginjek gyzyñ bolanlygyny unudypdyrlar. Hamana, onuñ haýsydyr bir topara goşulyp, öýden çykyp gidenligi, indi hem tapylmaýanlygy hakdaky toslama hemmelere ynandyryjy bolup görnüpdir.
Belki, siz muña bolup bilmejek zat diýersiñiz? Ýöne belli bir netijä gelmäge gyssanmañ. Men öz jurnalistik hem ýazyjylyk tejribämde şeýle jenaýatyñ käwagt mümkin bolýandygyny gördüm. Köpçüligiñ perwaýsyzlygy, aýry-aýry wezipeli adamlaryñ öz şahsy bähbidine çapyp, güman edilýän erbetlige añsatlyk bilen göz ýummagy şeýle jenaýatlary döredýän we jenaýaty uzak wagtlap il gözünden gizlemäge mümkinçilik berýän esasy sebäplerdir.
Edil Josef Fritzl ýaly 24 ýyl ýerzeminde saklamasa-da, Türkmenistanyñ başistik Ýokary sowetiniñ deputatlarynyñ biriniñ özünden önen gyzyny 12 ýaşyndan beýläk zorlap gelendigi hakdaky elhenç habar birnäçe ýyl öñ daşary ýurt türkmenleriniñ arasynda ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Habaryñ ýaýramagyna sebäp bolan zat – 2001-nji ýylda Şwesiýanyñ demirgazyk şäherinde ýaşaýan iki sany türkmen gyzynyñ şwed polisine ýüz tutmagy boldy. Gyzlaryñ arzasynda ”kakalarynyñ” özlerini uzak wagtlap zorlap gelendigi aýdylypdyr.
Bu ýagdaý bilen baglanyşykly gyzlaryñ kiçisi öz ene-atasynyñ elinden alnyp, sosial häkimiýetleriñ üsti bilen şwed maşgalasyna tabşyrylýar. Zorluga sezewar bolan ”E” atly gyzjagaz keselhananyñ psihiatrisk bölümine düşýär we bejergi alýar. Üstüne paş edilmek howpy abanan atasumak kiçi gyzyna höre-köşe edip, arzasyny yzyna aldyrmagyñ ugruna çykýar. Bu meselede oña, hamana, ”maşgalanyñ abraýyny saklamak” bahanasy bilen käbir beýleki maşgala agzalary kömege ýetişýärler. Netijede ýaş gyza arzasyny yzyna aldyrýarlar.
Emma zorluga uçran gyzlaryñ ulusy arzasyny yzyna almakdan kes-kelläm boýun gaçyrýar. Gyzyñ sözlerine görä, onuñ garşysyna zyna zorlugy 1989-njy ýylda, entek maşgala Türkmenistanda ýaşaýarka başlanypdyr. Soñra maşgala Russiýa göçýär we gyzyñ garşysyna zorluk ol ýerde-de dowam edýär. Biraz wagtdan bu maşgala Europa göçýär we täze ýurtda-da ”S” diýen gyzyñ garşysyna zyna zorlugy dowam edýär. Bu elhençlik, gyzyñ öz tassyklamagyna görä, tä 2001-nji ýyla çenli dowam edýär.
Gyz atasumagyñ diýenini etmedik halatynda ol ony ”gap-gaçlary erbet ýuwupsyñ”, ”içerini erbet süpüripsiñ” diýen ýaly bahanalar bilen erbet urýan eken. Çagalykdan urlup gözüniñ ody alnan, şahsyýeti depgilenen gyz örän uzak wagtlap maşgalasyndaky bu elhenç syry açmaga gorkupdyr. Gyzyñ ýatlamalarynda şeýle sözler bar: ”12 ýaşymdadym… Bir gezek papam ”eşikleri ýuwmadyñ” diýip, meni urdy: bir urdy… Ol uranda, it ýaly urýa! Urdy welin, burnum çişdi, ertesi gün gözlemmi açyp bilmedim göm-gök boldy gözlerim… Soñ çykdy gitdi urandan soñ: ”Kim soraşsa-da, ”ýykyldym” diýip aýt. Hiç yere çykma, hiç kimi öýe goýberme” diýdi.”
3. Üç ýurtda dowam eden zorluk!
Gepiñ keltesi, ejir çeken gyzyñ öz tassyklamagyna görä, bu zorluk üç ýurtda dowam edipdir. Emma gyzyñ ýakyn töweregindäkiler, edil Awstriýadaky ýaly, bu elhençlikden hamana ”habarsyz” galypdyrlar. Çagalykdan gorky astynda ýaşan ýetim gyzyñ özi bolsa, bu zorluk hakda wagtynda dil ýaryp bilmändir. Ol diñe durmuşa çykyp, ýanýoldaşyndan arka tapynansoñ, atasumagynyñ uzak wagtlap eden zyna zorlugy hakda 2001-nji ýylda (gyz şonda 24 ýaşynda eken) degişli edaralara ýüz tutýar.
Näletkerde atasumak şwed hukuk goraýjy edaralarynda birnäçe gezek sorag edilýär, emma, elbetde, ol gyzynyñ bildiren aýyplamasyny boýun almaýar. Boýun alaýanda-da, güman edilýän jenaýat tehniki taýdan ygtybarly subut edilmese, şwed kanunlaryna görä, güman edilýäni türmä basyp bolmaýar. Onuñ üçin anyk tehniki deliller gerek. Soñky zorluk aktyndan uzak wagt geçenligi, gyzyñ durmuşa çykyp, maşgala durmuşynda ýaşap ýörenligi sebäpli güman edilýän jenaýaty tehniki taýdan subut etmek asla mümkin bolmaýar. Netijede şwed prokuraturasy tehniki taýdan subut etmesi çetin bolan bu işi suda geçirmekden saklanýarlar.
Elbetde, eger gyz atasumagyny öz hasabyna suda berse, bu iş gaýtadan derñeljek eken. Emma ejir çekeniñ muña maliýe taýdan gurby ýetmändir. Bu meselede şwed hukuk goraýjy guramalarynyñ ejir çeken türkmen gyzynyñ agyr ykbalyna sowuk-sala garamagy örän geñ. Ýöne has uly günä türkmen jemgyýetçiliginiñ öz boýnuna düşýär. Öweý enäniñ hem tüýsi bozuk zalym atanyñ eline galan ejiz gyzyñ ykbaly Türkmenistanda-da, Orsýetde-de, Şwesiýada-da hiç kesi gyzyklandyrmandyr. Gyz ahyrsoñy ýüregini bire baglap, başyndan geçen elhençligi 2001-nji ýylda türkmenleriñ käbirine gürrüñ berende-de, oña hiç kes kömek bermändir. Gaýta bu gürrüñi eşiden türkmenler ýerli-ýerden ”kellelerini çägä sokupdyrlar”. Daşary ýurt türkmen diasporasynyñ köpçüligi ”hapaçylykdan daşda durmak” bahanasy bilen bu meselede, dymyp, ejir çekene kömek bermekden boýun gaçyrýar.
Netijede gyz zalym atanyñ hem öweý enäniñ garşysynda ýeke galýar. Ýöne beterinden beteri bar diýleni: güman edilýän jenaýat hakda eşiden adamlaryñ arasynda gyza goldaw bermekden geçen, gaýta zorlanan gyzyñ atasynyñ tarapyny tutanlar-da tapylýar. Paş edilmek howpy üstüne abanan ”däde” bolsa: ”Meniñ gyzym akylyndan azaşan. Ol erbet gezýär” diýip, gyzy hakda daşary ýurt türkmenleriniñ arasynda töhmet ýaýradýar. Bu meselede oña diñe bir ýönekeý adamlar däl-de, eýse hatda daşary ýurt radiosynda işleýän käbir çemeçil türkmen jurnalistleri-de kömek edýärler. Iñ bärkisi iki jurnalistiñ bu iş bilen meşgullanandygy belli.
”Agzybirlik” Internet saýty ejir çeken gyzyñ ”Açyk hatyny”, onuñ bilen gürleşen we arzy-halyny diñlän we ýazyp alan ildeşimiz Sähralynyñ çykyşyny, beýleki käbir ildeşlerimiziñ, şol sanda ozal Türkmenistanda ejir çeken gyzyñ maşgalasy bilen goñşulykda ýaşan gyzyñ ”S”-iñ ”kakasynyñ” ahlak keşbi, G-t şäherindäki biabraýçylygy hakda ünsi çekiji çykyşyny çap etdi.
Sudda gutarnykly subut bomasa-da, ejir çeken gyzyñ ýürek sarsdyryjy gürrüñine, onuñ nalasyna ynamsyzlyk etmäge hiç hili esas ýokdy. Güman edilen jenaýata ýüz uran atasumak sud jezasyny çekmese-de, göräýmäge, jemgyýetçiligiñ ahlak jezasyndan gutulmaly däldi. Emma hut şu ýerde-de oña ozal Türkmenbaşynyñ deputaty bolup işlände toplan tejribesi we öwrenen mekirligi kömege ýetişdi. Ol bu töhmete, hamana, gyzyny öz syýasy garşydaşlary itekleýär diýen toslamany öñe sürdi. Käbir çemeçil adamlar bolsa, muña ynan kişi boldular. Olaryñ käbiri (ol adamlaryñ atlary köpçülige belli) güman edilýän sütemkäre bu toslamany ýaýratmaga we şol toslamanyñ arkasynda bukulmaga işeññir kömek etdiler.
Metbugat edarasynda işleýän käbir jurnalist ildeşlerimiz sütem gören gyzyñ ahy-nalasyna göz ýumup, onuñ zalym ”dädesiniñ” tarapyny tutmagy özlerine mynasyp gördüler. Ýeri, muña näme diýjek? Bu jurnalistler, gyzyñ sözlerine görä, oña ýyllar boýy zyna sütemini eden ”syýasatçyny” türkmen halkynyñ halasgäri hökmünde metbugatda yzygiderli wagyz edýärler. Adamzada mahsus ahlak borçlar, belki, ol jurnalistlere degişli däldir? Öz şahsy bähbitleri olar üçin ejiz naçaryñ hasratly gözýaşlaryndan ileridir? Belki, olar özleriniñ agy – gara, garany-da ak edip görkezmäge ökdediklerini subut etjek bolýandyrlar? Eger şeýle bolsa, onda häzirlikçe bu olara başardýar. Olaryñ käbiri muny ozal Türkmenbaşynyñ Metbugat gullugynda işlän wagty-da subut edipdiler. Onsoñ olaryñ häzirki bolşuna nädip geñ galjak? Ýöne hakykat ýerde ýatýan däldir. Ol iru-giç doly açylar. Şonda jurnalistika tötänden düşen ol peýdakeşleriñ ýüzleriniñ perdesiniñ syryljaklygyna şübhelenmese bolar.
4. Zorluk we syýasat
Güman edilýän jenaýatkärleriñ ýakyn töwereginiñ dymmagy, möhüm wezipeleri eýeleýänleriñ bolsa öz şahsy bähbitlerinden ugur alyp, ejir çekeniñ däl, eýse güman edilýän sütemkäriñ tarapyna geçmegi, üstesine-de köpçüligiñ ýöwsel biperwaýlygy jemgyýetiñ, halkyñ geljegi üçin örän howplydyr. Bu geljekdäki aýylganç jenaýatlara giñ ýol açýar.
Josef Fritzliñkä meñzeş jenaýatyñ üsti häzir Italiýada-da açyldy. Ol ýurtda Mishel Mongelli diýen biri öz maýyp gyzyna 25 ýyllap zyna sütemini edip gezipdir. Diýmek, beýle jenaýatlaryñ uzak wagtlap açylman galmagy onçakly seýrek hadysa däl. Josef Fritzliñ we Mishel Mongelliniñ jenaýatlarynyñ 24-25 ýyllap bilinmän galmagy, şeýle-de Türkmenistanyñ başyçylyk Ýokary sowetiniñ ozalky deputatynyñ özüne bildirilen aýyplamadan añsat sypyp bilmegi – aýylganç hakykat. Elbetde, Awstriýada-da, Italiýada-da, Türkmenistanda-da, Russiýada-da, Şwesiýada-da bu tetelli jenaýatlary döredýän hem gizlin saklamaga ýol berýän esasy şert – jemgyýetiñ, töwerekdäki adamlaryñ harlanan, horlanan gyzlaryñ ykbalyna añrybaş biperwaý garamagy.
Eýse Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyñ aýylganç diktaturasynyñ, ýagny başizmiñ döremegine getiren zat köpçüligiñ şol näletsiñmiş ”düýeguş häsiýeti” dälmidi nä?
Türkmenistan 1990 ýylyñ 22-nji awgustynda öz döwlet özbaşdaklygyny yglan etdi. Ondan birnäçe aý öñ, has takygy 1990 ýylyñ 7-nji ýanwarynda Saparmyrat Nyýazowyñ berk gözegçiligi astynda geçirilen ”saýlawlarda” deputat bellenilen adamlar ýurduñ iñ soñky kommunistik Ýokary sowetinde işe başladylar. Hut şol ikiýüzli deputatlara daýanyp, Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanda aýylganç diktaturany berkarar etdi. Şoñra-da, şol ikiýüzli deputatlara, çemeçil, satlyk jurnalistlere, ýazyjylara, alymlara we beýleki intelligensiýa wekillerine daýanyp, ýurdy 16 ýyllap zorluk bilen dolandyrdy.
Indi ol jurnalistleriñ, ozalky wezipedarlaryñ, deputatalryñ, ministrleriñ we orunbasar ministrleriñ, şeýle-de Türkmenistanda başistik rejimi gurmaga işeññir kömek eden adamlaryñ ençemesi häzir Europada we Amerikada ornaşdylar. Olar halky, topragy tozduryp, aýak astyna salyp, özleri gowy durmuş agtaryp, daşary ýurtlara gaçyp gelýärler! Hut şol ikiýüzli, kümsük adamlar indi daşary ýurtlarda-da öz çüýrük ahlaklaryny ornaşdyrmaga synanyşýarlar. Munuñ iñ aýdyñ mysalyny biz ozalky başistik parlamentiñ deputatynyñ öz gyzyna eden sütemi hakdaky habar ýaýranda gördük. ”Öwrenilen gylyk – örkleseñem durmaz” diýlişi ýaly, olar daşary ýurtlarda-da derrew zorlugyñ tarapyna geçdiler, aç-açan ýa-da gizlinlikde sütemkäri goldadylar. Nämemiş, ejir çekeniñ atasumagy syýasatçymyş! Eger beýik rus klassygy F.Dostoýevskiniñ sözi bilen aýtsañ, eýse, ähli syýasaty lükgeligine alanyñda, ol bir bügünä gyzyñ bir damja hasratly gözýaşyna degjekmi?!
Meniñ pikirimçe, totalitar-awtoritar dolandyryşly ýurtlarda adaty jenaýat bilen syýasy zorluk köplenç özara dil tapýarlar, olar aç-açan ýa-da ýaşyryn hyzmatdaşlykda bolýarlar. S.Nyýazowyñ döwründe başistik syýasat jenaýatçylyk bilen birleşdi. Ýurtda her ýylda iki gezek adaty jenaýatkärler üçin günägeçişlik yglan edilip, şunça ýylyñ dowamynda bir gezek hem syýasy günägeçişligiñ yglan edilmezligi munuñ aýdyñ mysaly dälmidir?
Köpçüligiñ ýöwsel biperwaýlygy, jurnalistleriñ, ýazyjylaryñ, alymlaryñ köpüsiniñ öz şahsy bähbitleri üçin başizmi goldamagy syýasy we şol sanda durmuşy jenaýat zorlugyny döredýän we uzak wagtlap ony il gözünden gizläp saklamaga şert döredýän esasy sebäpler dälmidir?
A.Welsapar, ýazyjy