Thursday, July 30, 2009

”AGZYBIRLIGIÑ” BAÝRY AGZALARYNYÑ BIRI, LUKMAN ZENAN AÝGÜL TÄJIÝEWA ARADAN ÇYKDY-آغزیبیرلیگینگ بایری آغضالارئنئنگ بیری آرادان چئقدی


Aýgül Täjiýewa
1944-08-27—2009-07-22
---------------------------------
Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümi ”Agzybirligiñ” agzasy Aýgül Täjiýewanyñ 2009 ýylyñ 22-nji iýulynda uzaga çekmedik agyr keselden soñ aradan çykandygyny çuññur gynanç bilen habar berýär.
Aýgül Täjiýewa 1944 ýylyñ 27-nji awgustynda Mary şäherinde dogulýar, orta mekdebi şol ýerde tamamlap, 1962-nji ýylda Aşgabadyñ Medisina institutyna okuwa girýär we ony 1969-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şondan soñ dürli wezipelerde işlän lukman zenan 1978-nji ýyldan tä 1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý jemgyýetine baştutanlyk edýär. ... Dowamy - دووامی

Saturday, July 18, 2009

Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda,


Döwlet maksatnamasynyň ylmy-amaly maslahat boldy!
Saglygy goraýyş ylmy forumyň üns merkezindeTürkmen döwlet lukmançylyk institutynyň mejlisler zalynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 14 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat boldy. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi gurady. Dabaraly foruma ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ylmy-kliniki merkezleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. ...Dowamy - دووامی

Thursday, July 16, 2009

Kanada DIM-niň delegasiýasy Aşgabatda - کانادا د.آی.ام - نینگ وکیللری عشق آباد دا

Global Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (GHM) Baş direktory Troý Lulaşnigiň baştutanlygynda Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy Türkmenistanda saparda bolýar.
Bu maksatnama halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, Kananaskis şäherinde «Sekizleriň toparynyň» sammitinde 2002-nji ýylda herekete girizildi. Kanada GHM-nyň esasy işläp taýýarlaýjy we hemaýatçy ýurdudyr. Myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-de kabul edildi. Mundan başga hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk boldy, şol duşuşygyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanadanyň delegasiýasy Aşgabadyň we Marynyň birnäçe lukmançylyk edaralaryna hem baryp gördüler.
Web Resource: TURKMEN PRESS

Monday, July 13, 2009

Turkmenistan plans gas pipeline to supply Iran from field previously reserved for Russia

ALEXANDER VERSHININ,
Associated Press Writer 11:06 AM
PDT, July 12, 2009
ASHGABAT, Turkmenistan (AP) — Turkmenistan has agreed to build a new pipeline to supply natural gas to Iran from a field previously reserved for deliveries to Russia, the Turkmen Foreign Ministry said in a statement Sunday.The deal appears to be part of an effort by the energy-rich Central Asian nation to reduce its dependence on Russia, the main market for its gas exports.
Under the deal, Turkmenistan will increase its gas deliveries to Iran to 14 billion cubic meters a year, the ministry said. Iran currently buys up to 8 billion cubic meters annually from Turkmenistan under a 25-year contract dating back to 1997, when the 125-mile (200-kilometer) Korpeje-Kurt Kui gas pipeline began operating.Six billion cubic meters will be sourced from the Dauletabad field in southeastern Turkmenistan, which is currently earmarked for deliveries to Russia, the Foreign Ministry statement said. Turkmen authorities have said the new pipeline to Iran will be operational by the end of the year. ... Dowamy - دووامی

Friday, July 10, 2009

Eýrandaky režimiň bikanun goragçylary kim?

09.07.2009
Mazýar Mokti, Çarles Reknagel
10 ýyl mundan ozal 1999-njy ýylda reforma tarapdary studentleriň protestleri, Tähranda, Yspyhanda we Töwrizde möwç aldy. Olaryň hereketini basyp ýatyrmak üçin howpsuzlyk güýçleriniň umumy ýaşaýyş jaýlara hüjümlerinde azyndan bir student ölüp, Ezzit Ibrahymnejad polisiýanyň dürresinden ölümiň bärsinden gaýtdy.

Studentleriň hereketini goldap, şäherlerde uly möçberde protest demonstrasiýalar derhal möwç aldy. Şonda protestçiler polisiýa resmileriniň wezipelerinden boşadylmagyny, reformalaryň, şol sanda kanunçylygyň ýaýbaňlanmagyny talap etdiler. Ýöne studentleriň protesti edil geçen aýdaky ýaly aşa köp howpsuzlyk güýçleriniň basyşy netijesinde basylyp ýatyryldy. Dowamy - دووامی

WEb Resource: Azatlyk Radio

Tuesday, July 07, 2009

Eýranly oppozisiýa: Tussag edilenler goýberilsin

Azatlyk Radio:  Eýranly oppozisiýa liderleri prezidentlige geçirlen saýlawlardan soň dörän ýagdaýda tussag edilenleriň erkinlige goýberilmegine häkimiýetleri çagyrýar. Bu barada reformaçy kandidatlar Musawi bilen Karrubi hem-de ozalky prezident Hatemi çagyryş etdiler.12-nji iýundan soň häkimiýetler 100-lerçe protestçileri, syýasy aktiwistleri, reformaçylary hem-de žurnalistleri tussag etdiler.