Friday, July 10, 2009

Eýrandaky režimiň bikanun goragçylary kim?

09.07.2009
Mazýar Mokti, Çarles Reknagel
10 ýyl mundan ozal 1999-njy ýylda reforma tarapdary studentleriň protestleri, Tähranda, Yspyhanda we Töwrizde möwç aldy. Olaryň hereketini basyp ýatyrmak üçin howpsuzlyk güýçleriniň umumy ýaşaýyş jaýlara hüjümlerinde azyndan bir student ölüp, Ezzit Ibrahymnejad polisiýanyň dürresinden ölümiň bärsinden gaýtdy.

Studentleriň hereketini goldap, şäherlerde uly möçberde protest demonstrasiýalar derhal möwç aldy. Şonda protestçiler polisiýa resmileriniň wezipelerinden boşadylmagyny, reformalaryň, şol sanda kanunçylygyň ýaýbaňlanmagyny talap etdiler. Ýöne studentleriň protesti edil geçen aýdaky ýaly aşa köp howpsuzlyk güýçleriniň basyşy netijesinde basylyp ýatyryldy. Dowamy - دووامی

WEb Resource: Azatlyk Radio

No comments:

Post a Comment