Kyýat han |
"Kyýat han" hakynda "Wikipediýa hem beýleki erkin Ensiklopediýa" çeşmelerinde:
Kümüşdepede ýa-da Esengulyda,takmynan,1754-nji ýylda eneden dogulýar. Kaspi deňziniň kenarýakasyndaky türkmenleriñ hany, oña Kyýat han Kyýat beg, Gyýat beg, Kyýas beg, قیات خان hem diýilýär.
Kyýat hanyñ ömrüniň irki döwri barada maglumatlar mälim däl. Ol
garamaýak halkdan saýlanyp çykan demirçi ussanyň ogly. Özi hem ussaçylyk
bilen meşgullanypdyr. Ýaşap geçen ýerleri Kümüşdepe, Esenguly, Çeleken etraplarydyr. Kyýat hanyñ Ýagşymämmet(Ýagşymuhammet), Kadyrmämmet atly ogullary bolupdyr. Onuň ady ilkinji gezek 1813-nji ýylda peýda bolýar.Etrek Gürgen Türkmenleri şol ýyl Fatali şanyň garşysyna uly gozgalaň turuzýarlar we Patyşa Russiýasynyň Russiýa-Eýran urşuna gatnaşýan kafkazdaky goşunlary bilen gatnaşyk açýarlar.
Russiýa-Eýran uruşy gutaryp, Gülüstan şertnamasyna gol çekilende,
Kyýat han öz egindeşleri bilen şol ýerdedi. Kyýat han özüniň ýakyn
adamlary bilen wekil hökmünde gepleşik geçirmek üçin Kafkaza
iberilýär. Şondan soñra onuň ady taryhy meşhurlyk gazanýar. Ol
Türkmenleriň Russiýa raýatlygyna geçmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Astrahan, Baku we Eýran bilen söwdany ýaýbaňlandyryp, uly baýlyk gazanyp, kenarýaka Türkmenlerniň hanyna öwürilýär.
Kyýat han 1819-1921-nji ýyllarda M.I.Ponomarýowyň we N.N.Marawýowyñ,
1836njy ýyllarda G.S.Karaliniň ekspediýalaryna köp ýardam berendigi,
Teblisdäki Kafkaz dikmeleriň ýanyna ençeme gezek baryp, Russiýanyň
raýatlygyna geçmek barada tagalla edendigi, Patyşa Russiýasynyñ öňünde
beýleki bitiren hyzmatlary üçin Medal, gymmat bahaly sowgatlar bilen
sylaglanýar.
XIX asryñ 20-30-njy ýyllarynda Kyýat han we onuň ogullary Astrabat,
Mazandyran, Gilan bilen Bakunyñ, Astrahan arasynda deňiz ýollary arkaly
bolup geçýän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriň birine öwrülip,
barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşýar. Şol söwda bäsdeşligi ýaramaz
netijeler getirýär. Kyýat hanyñ söwdasy bolaşýar. Deñizde we kenarda
alamançylyk, Talaňçylyk güýçlenýär, täjirler öldürilýär. Şeýlelik bilen,
Russiýa-Eýran gatnaşyklary
ýitileşýär. Bu gapma-garşylyklaryñ ýitileşmeginiň esasy sebäbi şol
döwürde, el degirilmedik baýlyklaryň ummasyz zapaslarynyñ barlygydyr.
Bu baýlyklara eýe bolmak üçin bir tarapdan Russiýa, beýleki tarapdan
Eýran bilen Kyýat hanyñ arasynda barlyşyksyz göreş başlanýar. Bu göreşde
kyýat hanyñ garşysyna has duşmançylykly hereketi asly Eýranly, ýöne
söwda bähbitleri üçin Rus raýatyna geçip, Masihi dini kabul eden Mir Bagyrof amala aşyrýardy. Onuñ maksady şu söwda ýolundan Kyýat hany aýyrmakdy, ony ýok etmekdi.
Wagtyñ geçmegi bilen Kyýat han we onuñ ogullary hakykatdanam hem
söwda meýdanyndaky bäsdeşligiñ pidasi bolýar. Şowsyzlyklara
garamazdan,Kyýat han kenar ýakasynda ýaşaýan Türkmenlerniñ Eýran
şalarynyñ zülüminden azat bolmagy üçin Russiýa raýtlygynyñ geçmek
ugrunda göreşýär. Muña uzak wagtlap baştutanlyk edýär. Bu hereket
Russiýa-Eýran uruşy tamamlanandan soň has hem giň gerim alýar. Patyşa
hökümeti Kyýat hanyñ haýyşy boýunça kenarýaka Türkmenlere azar
bermezligi telim gezek Eýran hökümetine duýdurýar.
1836-njy ýylda günbatar Türkmenistany
öwrenmek bahanasy bilen,G.S.Kareliniñ ýolbaşçylygynda ýörite Rus
ekspediýasy gelýär.Kyýat han we kenar ýakasyndaky Türkmenler
ekspedisiýany gowy garşylap;oña kömek edýärler.Şol ýylyñ iýulynda
Esengulyda bütün Etrk-gürgen ýomutlarynyñ
uly geñeşi bolup geçýär.Bu geñeşiñ guramaçysy Kyýat handy. Geñeşe
gatnaşan kazylar,Han-Begler Russiýa hökümetiniñ adyna ýüzlenme kabul
edip,ony G.S.Kareline gowşurýarlar.20777 sany maşgala özleriniñ
Russiýanyñ raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edýär. 1821nji ýylda Kyýat
han bir ogluny Teblisdäki aziýalylar üçin açylan gimnaziýa okuwa iberýär.Beýleki ogly Kadyrmämedi we agtyklaryny Tiblisiniň,Sankt-Peterburgyň
okuw jaýlarynda okadýar,Terbiýeletýär. Kyýat hanyñ özüniñ ýörite öz
adyna ýüzüne atyn suraty çekilen möhri bolupdyr. 1842nji ýylyñ tomsunda
Kyýat hanyñ we onuñ ogullarynyñ täleýin ters gelýär.Kenar ýakasyndaky
Türkmenleriñ Russiýa bilen ysnaşyp,söwda gatnaşyklaryny
ösdürmeklerini,Russiýanyñ raýatyna geçmek hereketine Kyýat hanyñ we
ogullarynyñ ýolbaşçylyk etmegi,Eýrany,hususan-da Muhammed şany
ynjalyksyzlandyrýar. Eýran şu tritoriýany hut öz ýerleri hasap
edipdir.Şonuñ üçin hem Şah häkimleriher edip-hesip edip,Kyýat hany we
onuñ ogullaryny ýok etmegiñ ýollaryny agtarýarlar. Gülüstan we
Türkmençaý şertnamalary boýunça Eýranyñ Kaspi deñizinde harby flot
saklamaga haky ýokdy. Duz,balyk,nebit satmakda Kyýat hana bäsdeşlik
edýän Eýranly söwdägärleriniñ kömegi bilen dildüwşük gurulýar.Russ
komandiri E.W.Putýatin 1842nji ýylyñ iýulynda ýagşymämedi (ýagşymuammedy
)tussag edýär. Ýaşynyñ soñunda oglunýñ tussag edilmegi Kyýat hana gaty
agyr degýär.Ol 80 ýaşyndan geçen garrylygynyñ göz öñünde
tutulmagyny,özüniñ we oglunýn watanyna göýberilmegini haýyş edip,Patyşah
hökümetiniñ kafkazdaky häkimi genral P.Golowine arz ýazýar. Oglunyñ
tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip,ol Bakuwa
gaýtýar.Alty aýlap Bakuwda garantinede bolýar.Onuñ arza üstüne
arzalaryna,haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar.Kyýat hanyñ30 ýylyñ
dowamynda Russ-Türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmatlary
hasapa alynmaýar.Oña kömek edäýjek köne tanyşlary genral A.P.Ýermolof we
N.N.Murawýof dekabristlar bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý
1 gazabyna duçar bolupdyr. Kyýat han1842nji ýylyñ 12nji dekabrynda
Bakuwdan Teblise getirilýär.Kafkaz häkimleriI.Paskowiç,G.W.Pozen Ýaly
genrallar ozallar Kyýat hany dabarly garşylap,oña hezzet-hormat edip
ýören adamlardy.Ýöne welin bu gezek olar ony zyndana taşlatýarlar. Kyýat
han Teblisde 1843nji ýylyñ mart aýynyñ ortalarynda ejizläp,iki gözi
gapylyp,89 ýaşynyñ içinde zyndanda aradan çykýar.
No comments:
Post a Comment