Sunday, July 01, 2012

zenanlaryń hak-hukuklary meselesinde, haýsydyr bir ugurda öńbaşçylyk eden türk zenanlarynyń bir bölegi hakynda gürrüń bermäge çalyşdyk

Öńbaşçy Zenanlar 13

TRT Turkmence:
Öńbaşçy Zenanlar 13 - Jemgiýetleriń ýeten sepgidini ölçemek üçin ulanylan esasy gurallardan biri we belkide iń ähmiýetlisi jemgiýetde zenanyń ýeridir. Günbatar jemgiýetlerinde bolşy ýaly, Türk jemgiýetinde hem zenanyń rolyny ösdürmek göreşi 19-njy asyrda, ýagny Osmanly döwründe başlady. Öńbaşçy zenanlar atly bu gepleşigimizde Türkiýede, öz ugurlarynda ilkinji işleri durmuşa geçiren öńbaşçy zenanlary hakında maglumat berdik.
Zenanlar üçin ilkinji resmi bilim, ýene-de zenalar üçin zerur bolan hyzmat ugrunda berildi. 1846-njy ýylda Medisinada başlan göbek enelik biliminden söz edýäris....
  Gyz we erkek çagalaryń deń derejeli miras hukugyna eýe bolmagy, Türkiýede zenan erkek hukuklary meselesinde ýetilen ilkinji ähmiýetli etapdyr. Osmanly topraklaryndaky zenanlar bu etaba 1843-nji ýylda partyşanyń islegi bilen ýetýär.
1856-njy ýylda Osmanly topraklarynda gullaryń we gyrnaklaryń satylmagy gadagan edilýär.
1858-nji ýylda Mellek kanunyna girizilen üýtgetme bilen, Osmanly ülkesinde, miras ýoly bilen mellek edinmekde, gyz we erkek perzentler deń derejeli hukuga eýe bolýar. Şeýlelikde, zenanlar ilkinji gezek miras ýoly bilen emläk edinmek hukugyna eýe bolýar.
1858-nji ýyl, bilim ugrunda hem ähmiýetli sene bolýar. Başlangyç klasdan sońra bilim almaga dowam etmek isleýän gyz çagalary üçin şol ýyla çenli mekdep ýokdy. Mümkinçiligi bolan maşgalalar, gyzlaryny ýörite mugallymlar bilen öýlerinde okadýardy. 1858-nji ýylda gyzlar üçin ilkinji orta bilim berýän mekdep açyldy.
Zenanlar üçin ilkinji hepdelik žurnal 19-njy asyryń ortalarynda çap edildi. 1869-njy ýylda neşir edilmäge başlan Zenalaryń ösüşi atly žurnal, Osmanly zenanlary üçin ilkinji yzygiderli neşirdi.
Şol ýyl zenanlaryń bilim almagy bilen baglanşykly ilkinji we ähmiýetli karar kabul edildi. 1869-njy ýylda kabul edilen Umumy bilim dolanşygy kanuny bilen gyzlaryń bilim almagy mejbury ýagdaýa getirildi.
İlkinji gezek 1870-nji ýylda zenan mugallymlary ýetişdirmek üçin mekdep açyldy.
1871-nji ýylda Osmanly Maşgala kodeksiniń güýje girmegi üçin çykarlan Maşgala hukugy kararnamasy bilen nikalaşmak, durmuş gurmak meselesinde hem uly üýtgetmeler girizildi. Bu kararnama görä, nikanyń döwlet gullykçysynyń öńünde gyýylmagy ýagny nika şertnamasyna gol çekişilmegi mejbury ýagdaýa getirildi. Durmuş gurmagyń ýaşy erkeklerde 18, zenanlarda hem 17 hökmünde kesgitlendi.
İlkinji kanstitutsiýa 1876-njy ýylda kabul edildi. Bu kanstitutsiýada, başlangyç bilimiń gyzlar we oglanlar üçin mejbury bolandygy nygtaldy.
Ýokardaky kanuny üýtgetmeleriń ählisi 19-njy asyrda girizildi. 20-njy asyr bolsa Türkiýede zenan hukuklary taýdan uly öńegidişlige sahna boldy.
1876-njy ýylda gyzlar üçin bilimiń mejbury ýagdaýa getirlendigini belläp geçipdik we 30 ýyl sońra hem 1913-nji ýylda ilkinji gezek zenanlar döwlet gullykçysy boldy. Bir ýyl sońra bolsa zenanlar söwda başlady.
1914-nji ýylda bolsa Stambulda zenanlar üçin ilkinji ýokary okuw jaýy açyldy.
Zenanlar üçin ilkinji uniwersitediń açylmagyndan 7 ýyl sońra, 1921-nji ýylda Stambul uniwersitedinde ilkinji gezek gyzlar bilen oglanlar birlikde okamaga başlady.
1922-nji ýylda bolsa Stambul uniwersitediniń Medisina fakultedine ilkinji gezek zenanlar okuwa alynýar.
Beýleki tarapdan Osmanly döwleti dargaýar. Milli göreş ýeńiş bilen tamamlanýar. 1923-nji ýylda Türkiýe jemhuriýedi yglan edilýär. Zenanyń jemgiýetde deń derejeli şahs hökmünde ýer almagy üçin tagalla edýän zenanlaryń, Türkiýe jemhuriýedinde bu tagallalaryny dowam etdirmekleri üçin mümkinçilik döreýär.
Jemhuriýediń yglan edilmegi bilen birlikde zenanlaryń jemgiýetçilik işlerine goşulmagyny ýola goýýan kanunlaryń we önümçilik reformalarynyń depgini güýçlenýär. Jemhuriýediń yglan edilmeginden 3 ýyl sońra, 1926-njy ýylyń fewral aýynyń 17-de Türk maşgala kodeksi kabul edilýär. Bu kanun bilen köp aýallylyk ýatyrylýar.
1930-njy ýylda kabul edilen şäher häkimlikleri kanuny bilen Türkiýede zenanlar ilkinji gezek saýlamak we saýlanmak hukugyna eýe bolýar. Bu kanun bilen, zenanlara şäher häkimlikleri saýlawlarynda saýlamak we saýlanmak hukugy berilýär.
1930-njy ýylda zenanlaryń we çagalaryń goralmagy bilen baglanşykly ilkinji Umumu Halk saglygy kanuny kabul edildi.
Ülkede 1930-njy ýylda kabul edilen kanun bilen ilkinji gezek işleýän zenanlara göwrelilik rugsady berilýär.
1933-1934-nji ýyllarda zenanlaryń saýlamak we saýlanmak hukugynyń çägi gińeldilýär. 1933-nji ýylyń oktýabr aýynda kabul edilen Oba kanuna girizilen üýtgetme bilen zenanlara obalarda arçyn bolmak we ýaşulylaryń mejlisinde saýlanmak hukugy berilýär. 1934-nji ýylyń fewral aýynda kanstitutsiýa girizilen üýtgetme bilen zenanlara halk wekillerini saýlamak we halk wekilligine saýlanmak hukugy berilýär. 1935-nji ýylyń fewral aýynyń 8-de geçirlen saýlawlaryń netijesinde 17 zenan TBMM-de halk wekillige saýlanýar.
Öńbaşçy zenanlar atly gepleşigimizde, zenanlaryń hak-hukuklary meselesinde, şeýle hem haýsydyr bir ugurda öńbaşçylyk eden Türk zenanlarynyń bir bölegi hakynda gürrüń bermäge çalyşdyk. 13 gepleşigimizde, ähli taraplaýyn göreşen zenanlaryń ählisini gürrüń bermegimiz elbetde mümkin bolmady. Biz dińe käbir mysallar berdik. Bu jemgiýetde 19-njy asyryń ikinji ýarymyndan başlap erkekler bilen deń derejeli hukuklara eýe bolan şahslar bolmak üçin göreşen zenanlar boldy. Jemgiýet bilen göreşlerine esasan hem maşgalalary bilen göreşden başlan zenanlaryń ulanan göreş metodlary olaryń eýe bolan sosial şertini kesgitleýärdi. Jemhuriýediń öńisyrasynda öńbaşçy zenanlar uly kynçylyklary başdan geçirdi, emma özlerinden sońkylar üçin zenan pikirini olar döretdi. Halk köpçülgini zenan hak-hukugy bilen olar tanyşdyrdy. Gyzlaryń uniwersitetlerde ýokary bilim almagyny, zenanlaryń döwlet edaralarynda işlemegini olar ýola goýdy. Türkiýe Jemhuriýedini esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk, “Mejlisde zenanlaryń saýlanmak we saýlamak hukugy bilen baglanşykly çykyş edýärkä şeýle diýýärdi: “Jemgiýet, bedene meńzeýär, ýarysy şikesli bolan beden nähili bolsa, zenalaryń çetleşdirilen jemgiýeti hem edil şonuń ýalydyr”. 
Aýry bölümleri: