Öńbaşçy Zenanlar 13
|
TRT Turkmence:
Öńbaşçy Zenanlar 13 - Jemgiýetleriń ýeten sepgidini ölçemek üçin ulanylan esasy gurallardan
biri we belkide iń ähmiýetlisi jemgiýetde zenanyń ýeridir. Günbatar
jemgiýetlerinde bolşy ýaly, Türk jemgiýetinde hem zenanyń rolyny
ösdürmek göreşi 19-njy asyrda, ýagny Osmanly döwründe başlady. Öńbaşçy
zenanlar atly bu gepleşigimizde Türkiýede, öz ugurlarynda ilkinji işleri
durmuşa geçiren öńbaşçy zenanlary hakında maglumat berdik.
Zenanlar üçin ilkinji resmi bilim, ýene-de zenalar üçin zerur
bolan hyzmat ugrunda berildi. 1846-njy ýylda Medisinada başlan göbek
enelik biliminden söz edýäris....
Gyz we erkek çagalaryń deń derejeli miras hukugyna eýe bolmagy,
Türkiýede zenan erkek hukuklary meselesinde ýetilen ilkinji ähmiýetli
etapdyr. Osmanly topraklaryndaky zenanlar bu etaba 1843-nji ýylda
partyşanyń islegi bilen ýetýär.
1856-njy ýylda Osmanly topraklarynda gullaryń we gyrnaklaryń satylmagy gadagan edilýär.
1858-nji ýylda Mellek kanunyna girizilen üýtgetme bilen, Osmanly
ülkesinde, miras ýoly bilen mellek edinmekde, gyz we erkek perzentler
deń derejeli hukuga eýe bolýar. Şeýlelikde, zenanlar ilkinji gezek miras
ýoly bilen emläk edinmek hukugyna eýe bolýar.
1858-nji ýyl, bilim ugrunda hem ähmiýetli sene bolýar. Başlangyç
klasdan sońra bilim almaga dowam etmek isleýän gyz çagalary üçin şol
ýyla çenli mekdep ýokdy. Mümkinçiligi bolan maşgalalar, gyzlaryny ýörite
mugallymlar bilen öýlerinde okadýardy. 1858-nji ýylda gyzlar üçin
ilkinji orta bilim berýän mekdep açyldy.
Zenanlar üçin ilkinji hepdelik žurnal 19-njy asyryń ortalarynda
çap edildi. 1869-njy ýylda neşir edilmäge başlan Zenalaryń ösüşi atly
žurnal, Osmanly zenanlary üçin ilkinji yzygiderli neşirdi.
Şol ýyl zenanlaryń bilim almagy bilen baglanşykly ilkinji we
ähmiýetli karar kabul edildi. 1869-njy ýylda kabul edilen Umumy bilim
dolanşygy kanuny bilen gyzlaryń bilim almagy mejbury ýagdaýa getirildi.
İlkinji gezek 1870-nji ýylda zenan mugallymlary ýetişdirmek üçin mekdep açyldy.
1871-nji ýylda Osmanly Maşgala kodeksiniń güýje girmegi üçin
çykarlan Maşgala hukugy kararnamasy bilen nikalaşmak, durmuş gurmak
meselesinde hem uly üýtgetmeler girizildi. Bu kararnama görä, nikanyń
döwlet gullykçysynyń öńünde gyýylmagy ýagny nika şertnamasyna gol
çekişilmegi mejbury ýagdaýa getirildi. Durmuş gurmagyń ýaşy erkeklerde
18, zenanlarda hem 17 hökmünde kesgitlendi.
İlkinji kanstitutsiýa 1876-njy ýylda kabul edildi. Bu
kanstitutsiýada, başlangyç bilimiń gyzlar we oglanlar üçin mejbury
bolandygy nygtaldy.
Ýokardaky kanuny üýtgetmeleriń ählisi 19-njy asyrda girizildi.
20-njy asyr bolsa Türkiýede zenan hukuklary taýdan uly öńegidişlige
sahna boldy.
1876-njy ýylda gyzlar üçin bilimiń mejbury ýagdaýa getirlendigini
belläp geçipdik we 30 ýyl sońra hem 1913-nji ýylda ilkinji gezek
zenanlar döwlet gullykçysy boldy. Bir ýyl sońra bolsa zenanlar söwda
başlady.
1914-nji ýylda bolsa Stambulda zenanlar üçin ilkinji ýokary okuw jaýy açyldy.
Zenanlar üçin ilkinji uniwersitediń açylmagyndan 7 ýyl sońra,
1921-nji ýylda Stambul uniwersitedinde ilkinji gezek gyzlar bilen
oglanlar birlikde okamaga başlady.
1922-nji ýylda bolsa Stambul uniwersitediniń Medisina fakultedine ilkinji gezek zenanlar okuwa alynýar.
Beýleki tarapdan Osmanly döwleti dargaýar. Milli göreş ýeńiş
bilen tamamlanýar. 1923-nji ýylda Türkiýe jemhuriýedi yglan edilýär.
Zenanyń jemgiýetde deń derejeli şahs hökmünde ýer almagy üçin tagalla
edýän zenanlaryń, Türkiýe jemhuriýedinde bu tagallalaryny dowam
etdirmekleri üçin mümkinçilik döreýär.
Jemhuriýediń yglan edilmegi bilen birlikde zenanlaryń
jemgiýetçilik işlerine goşulmagyny ýola goýýan kanunlaryń we önümçilik
reformalarynyń depgini güýçlenýär. Jemhuriýediń yglan edilmeginden 3 ýyl
sońra, 1926-njy ýylyń fewral aýynyń 17-de Türk maşgala kodeksi kabul
edilýär. Bu kanun bilen köp aýallylyk ýatyrylýar.
1930-njy ýylda kabul edilen şäher häkimlikleri kanuny bilen
Türkiýede zenanlar ilkinji gezek saýlamak we saýlanmak hukugyna eýe
bolýar. Bu kanun bilen, zenanlara şäher häkimlikleri saýlawlarynda
saýlamak we saýlanmak hukugy berilýär.
1930-njy ýylda zenanlaryń we çagalaryń goralmagy bilen baglanşykly ilkinji Umumu Halk saglygy kanuny kabul edildi.
Ülkede 1930-njy ýylda kabul edilen kanun bilen ilkinji gezek işleýän zenanlara göwrelilik rugsady berilýär.
1933-1934-nji ýyllarda zenanlaryń saýlamak we saýlanmak hukugynyń
çägi gińeldilýär. 1933-nji ýylyń oktýabr aýynda kabul edilen Oba kanuna
girizilen üýtgetme bilen zenanlara obalarda arçyn bolmak we ýaşulylaryń
mejlisinde saýlanmak hukugy berilýär. 1934-nji ýylyń fewral aýynda
kanstitutsiýa girizilen üýtgetme bilen zenanlara halk wekillerini
saýlamak we halk wekilligine saýlanmak hukugy berilýär. 1935-nji ýylyń
fewral aýynyń 8-de geçirlen saýlawlaryń netijesinde 17 zenan TBMM-de
halk wekillige saýlanýar.
Öńbaşçy zenanlar atly gepleşigimizde, zenanlaryń hak-hukuklary
meselesinde, şeýle hem haýsydyr bir ugurda öńbaşçylyk eden Türk
zenanlarynyń bir bölegi hakynda gürrüń bermäge çalyşdyk. 13
gepleşigimizde, ähli taraplaýyn göreşen zenanlaryń ählisini gürrüń
bermegimiz elbetde mümkin bolmady. Biz dińe käbir mysallar berdik. Bu
jemgiýetde 19-njy asyryń ikinji ýarymyndan başlap erkekler bilen deń
derejeli hukuklara eýe bolan şahslar bolmak üçin göreşen zenanlar boldy.
Jemgiýet bilen göreşlerine esasan hem maşgalalary bilen göreşden başlan
zenanlaryń ulanan göreş metodlary olaryń eýe bolan sosial şertini
kesgitleýärdi. Jemhuriýediń öńisyrasynda öńbaşçy zenanlar uly
kynçylyklary başdan geçirdi, emma özlerinden sońkylar üçin zenan
pikirini olar döretdi. Halk köpçülgini zenan hak-hukugy bilen olar
tanyşdyrdy. Gyzlaryń uniwersitetlerde ýokary bilim almagyny, zenanlaryń
döwlet edaralarynda işlemegini olar ýola goýdy. Türkiýe Jemhuriýedini
esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk, “Mejlisde zenanlaryń saýlanmak we
saýlamak hukugy bilen baglanşykly çykyş edýärkä şeýle diýýärdi:
“Jemgiýet, bedene meńzeýär, ýarysy şikesli bolan beden nähili bolsa,
zenalaryń çetleşdirilen jemgiýeti hem edil şonuń ýalydyr”.
Aýry bölümleri:
No comments:
Post a Comment