Sunday, January 13, 2013

Ýazyjy, taryhçy we syýasatçy G.Kulyýewi ýatlap - یازیجی تاریخچی و سیاساتچی قیلیچ قولیفی یاتلاپ

Gylyç Kulyýew
Azatlyk Radio Site:
Belli türkmen ýazyjysy hem görnükli jemgyýetçilik işgäri, tanymal alym Gylyç Kulyýewiň dünýä inenine 100 ýyl boldy. Ol Türkmenistan Sowet Respublikasynda ilkinji türkmen ilçilerinden biridir.
Gylyç Kulyýew syýasatda milli meseläniň orny barada düýpli ylmy barlaglary alyp baran alym hem taryhçy, şeýle-de daşary ýurt temasyndan uly göwrümli romanlar döreden belli prozaçydyr.
Şeýlelikde, 20-nji asyr türkmen medeniýetinde hem jemgyýetçilik ylmynda Gylyç Kulyýewiň aýratyn orny bar. ...
Halk köpçüligi ony belli ýazyjy hökmünde tanaýar.

Gylyç Kulyýew soňky ýyllarda Magtymguly meselesi bilen aýratyn gyzyklanyp, “Ýowuz günler” hem “Magtymguly” romanlaryny döretdi. 
Oňa ilkinji abraý getiren eseri “Köpetdagyň aňrysynda” powesti bolupdy. Eýranyň demirgazygynda ýaşaýan türkmenleriň, Magtymguly Pyragynyň obadaşlarynyň – ildeşleriniň durmuşyndan gürrüň berýän bu eser türkmen edebiýatynda uly täzelik bolupdy.
Gylyç Kulyýew soňky ýyllarda şol tema, aýratyn-da Magtymguly meselesi bilen aýratyn gyzyklanyp, “Ýowuz günler” hem “Magtymguly” romanlaryny döretdi. Türkmenistandaky graždanlyk urşy ýyllaryna bagyşlan “Gara kerwen” romany onuň has şowly çykan eserleriniň biridir. ...