Monday, October 22, 2007

Edebiyat we Sungat - - - - - - ادبّیات و صـونـغـات - - - - - عبدالراحمن


Bir agaç kök urman boý aljak boldy.
Tokaý agajyna boýaljak boldy.
„Gurçuklar ýanynda, palçyga çümüp,
Beýle pes däl,“ – diýdi „gömülip ýatyp.“
Köküni sogurdy palçygyn kakyp.
Palçygyny ýuwdy bir ýagyş ýagyp.
Bäş ýapragy ýyldyrapjyk begendi,
Boýdan baş suw damjasyna bezeldi.
Arassa boýuna guwandy agaç.
Iki gün geçende ökündi agaç.
Bir gün arassalyk, tiz ösmek pikir,
Onuň ýerini edip goýdy çukur.
Abdyrahman, 2007.
*************************

"Gelin jan, gel!" - diýip güldiň mylaýym,
Ýassyga ýan berip gök çaý başynda.
Utançly sorady: "Gülýäňmi gaýyn?"
"Begenýärin." - diýdiň ol jaýlaşanda.
Göwresin synlansoň pikriňe saldyň
"Agtykly bolýaryn, saýlaýyn bir at ...
"Köçeden ses geldi penjirä bardyň
Geçip barýar uly bir tazahorat.
"Hak aý, hak aý" - diýip, eliň alnyňda
Gelniňi çagyryp hak aý etdirdiň.
"Bagtymyz bir bolsun!" - diýip aýdaňda
Göze ýaş tegeläp bir dem kütdirdiň.
Ýumrugyny düwüp elin, bulaýlap,
Oglun-da barýardy jem arasynda.
Oturýar sesleri kalbyňda oýnap,
Muny bilýäň diňe jana siňende. ....


Goşgynyn Dowamy ...

Wednesday, October 17, 2007

Eỳran Türkmenleriniñ Ruhy Medenỳeti

Türkmen Ruhany (Töre)
Dr. H. OWNUK - Toronto: 
I BÖLÜM : Türkmenleriñ medeniỳetinde “Yslam jemgyỳetynyñ ” tutỳan orny:
Her bir din babatdaky medeniỳeti öwreneniñde düỳpli pelsepelerden gözbaş alỳandygyny unutmaly däldir. Orta Aziỳada türkmenleriñ dini medeniỳeti asyrlaryñ jümmüşünden gözbaş alyp, kämilleşipdir. Muña Hezret Muhammet pigammeriñ döwründen bäri yslam dini ugrunda geçirilen wakalar şaỳatlyk edỳär. Eỳsem-de türkmenler birinji gezek Oguzhanyñ tarapyndan ỳeke tañra ỳagny bir hudaỳa uỳmaklyga sygynypdyrlar. VII asyrda türkmenleriñ ata-babalary yslam dinini meỳletin kabul etmekligi hem şeỳle bir ỳerlikden gelip çykỳar. Halkymyz hiç haçan dinsiz we hakydasyz ỳaşamandyrlar. Sebäbi “Din adamzadyñ şahsy haỳatyny öz hakyky watanyna ỳagny zannyña gowşurỳan ỳol aragatnaşykdyr. Içki isleglerini, talap edilen kämilliklerini, iç gysgynçlaryny, köşeşmelerini, nalaçlyklaryny ỳa-da ỳarawsyzlyklaryny we üstünliklerini ỳadyna getirỳän elementdir.[1]” ...